Habarlar
3-nji iýunda Bütindünýä welosiped gününiň dabaralandyrylýan gününde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.
Bu gezekki welosipedli ýöriş Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy.
Ir bilen bu ýere ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi, talyplar, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem boldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Watanymyzyň gülläp ösüşini, türkmen sportuny wasp eden joşgunly aýdym-sazly çykyşlary özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, ajaýyp çärä gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça agzybirlikde herekete başladylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligini sagdyn ýaşaýşa çagyrmakdaky, döwletleriň arasynda ekologik abadançylygy wagyz etmekdäki möhüm ädimleri boldy.
Säher bilen tomus paslynyň ýakymly howasynyň, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşiniň köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylarda buýsanç duýgusyny döredendigini bellemek gerek. Çünki döwlet Baştutanymyzyň başyny çeken welosipedli ýörişine gatnaşyjylaryň hatarlary paýtagtymyzyň ýollary boýunça hereketini dowam etdirdiler. Şeýlelikde, bu baýramçylyk welosipedli ýörişi biziň jemgyýetimiziň jebisliginiň, türkmenistanlylaryň belent ynsanperwer gymmatlyklara üýtgewsiz ygrarlylygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň dostlukly halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Italiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Türkiýäniň Antalýa şherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 1-nji iýunda Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. TFF-niň berýän habaryna görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Ýygyndy topara ýeňiş getiren toplary Elman Tagaýew (2), Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow hem-de Alibek Abdyrahmanow öz atlaryna ýazdyrdylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maýdan 4-nji iýuna çenli aralykda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 6-njy iýunda Özbegistanyň (Daşkent şäheri), 11-nji iýunda bolsa Gonkongyň (Aşgabat şäheri) ýygyndylary bilen geçiriljek duşuşyklara taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüler.
Türkmenistanyň milli toparynyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň «Aşgabat» stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Tbilisi-Mtsheta-Tbilisi” ugry boýunça welosipedli ýörişini geçirdi. Bu ýöriş Tbilisiniň, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty bolan Mtsheta şäheriniň merkezi köçelerini öz içine aldy.
Welosipedli ýöriş başlamazdan öň Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedow şu ýyl döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýändigini aýtdy. 2024-nji ýylda Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary hut onuň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm sene bilen baglylykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda köp sanly çäreler geçirilýär. Ilçi, şu gün Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilýän çäre, bu ýubileý bilen hem baglanyşyklydygyny belläp geçdi.
Ilçi, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde döredilendigini, bu bolsa bedenterbiýe, sagaldyş we sport hereketini bu ugurdaky döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, jemgyýetde ekologiki medeniýetini kämilleşdirmekde dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär diýip aýratyn belledi.
Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly ählumumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, sporty parahatçylygyň wekili hökmünde tanatmak, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Çäräniň ahyrynda, Ilçihananyň adyndan welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýagygärlik sowgatlary gowşuryldy.
1-nji iýunda bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de ähli halkyna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.
«Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
«Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!
Hormatly watandaşlar!
Sizi dostlugyň we parahatçylygyň özboluşly baýramyna öwrülen Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Diýarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan dabaralaryň durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan eziz çagalarymyzyň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Her güni şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde eziz Watanymyza bolan beýik söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan köpöwüşginli, baý many-mazmunly baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjeklerine öwrülen Gökderede, at-owazasy dünýä ýaň salýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarymyzdaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine dabaraly badalga berilýär. Berkarar Watanymyzy, beýik döwrümizi, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly, şowhunly baýramçylyk çäreleri, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri, sergilerdir maslahatlar ildeşlerimiziň, şol sanda şadyýan çagalarymyzyň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem-de ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ugrunda alnyp barylýan işler jemgyýetimiziň binýadyny emele getirýän ynsanperwer kadalarymyzyň giňden dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. Gaznanyň ýardam bermeginde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçirilýän çagalaryň tennis festiwalynyň ýurdumyzda çagalar sportuny ösdürmekde möhüm waka boljakdygy hem örän guwandyryjydyr. Bu çäreleriň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Çagalary goramagyň halkara gününiň jemgyýetçilik durmuşymyzdaky ähmiýetiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Eziz watandaşlar!
Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Şonuň üçin-de täze taryhy döwürde merdana halkymyzyň berk hem-de kämil maşgala gatnaşyklary baradaky, Watanymyzy, il-günümizi ýüregi bilen söýýän nesilleri terbiýelemekdäki milli däplerini mynasyp dowam etdirip, halkara kadalara esaslanýan, durmuşa gönükdirilen syýasatymyzy üstünlikli amala aşyrýarys. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglaryny, mekdepleri, bedenterbiýe-sagaldyş, dynç alyş toplumlaryny gurup, bagtyýar çagalarymyzyň düýpli bilim almagy, dünýägaraýşyny giňeltmegi, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň kemala getirilmegi üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berýäris.
Hormatly adamlar!
Garaşsyz Türkmenistan häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny yzygiderli we üstünlikli amala aşyrýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim hem-de terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerinidir hukuklaryny goramak ýaly örän möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar. Ýurdumyzyň halkara resminamalaryň tutuş toplumyna goşulmagy bagtyýar nesiller üçin ýokary hilli ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändigimizi görkezýär. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygymyzy aýdyň tassyklaýar. 2024 — 2026-njy ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzda häzirki döwürde ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, bilimi, saglygy goraýşy kämilleşdirmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. Bu işler Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryna ýetmäge, ählumumy abadançylygyň gazanylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!
Eziz watandaşlar!
Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlanyp dursun!».
Türkmenistanly tennisçi Ilima Guseýnowa «Asian 14&U Grade A» halkara ýaryşynda altyn hem-de bürünç medallara eýe boldy.
Ýaryş 25-nji maý — 1-nji iýun aralygynda Hindistanyň Haýdarabat şäherinde geçdi.
Ýaryşa Ilima Guseýnowa bilen birlikde, ABŞ-dan, Singapurdan, Tailanddan, Hytaý Taýpeýinden hem-de ýer eýeleri bolan Hindistandan bolan tennisçi gyzlar gatnaşdylar.
Miraly Gasanowyň şägirdi üçünji orun ugrundaky duşuşykda hindi tennisçisi Karthika Harşa Orugantini 6:2, 6:2 hasabynda ahmyrda goýup, ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy.
Guseýnowanyň has gowy netijesi onuň hindi tennisçisi Karthiko Padmakumar bilen bilelikde çykyş eden jübütleýin bäsleşiginde bellige alyndy. Final duşuşykda Guseýnowa/Padmakumar jübüdi hindi duetini — Kiran/Bakajini 6:3, 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we altyn medala eýe çykdy.
Haýdarabatdaky gündizki duşuşyklar +40 gradusa golaý howa şertlerinde geçdi. Muňa garamazdan, ildeşimiz diýseň kämil fiziki taýýarlygyny hem ussatlygyny görkezmegi başardy.
Bu ýeňişler türkmen türgeniniň ýokary taýýarlygyny hem-de halkar arenasyndaky geljegini görkezýär.
Iýun аýynyň 01-ne däbe görä Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýa tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça sebit merkezi” diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.
Dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek maksady bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň düzümine girýän Tennis toplumynda geçirildi. Indi Merkezi Aziýa sebitindäki bu iň iri sport desgasy giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmäge, şeýle hem türgenleri taýýarlamaga we saglygyny berkitmek isleýänleriň ählisine hyzmat edýär.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly ýaş türgenler we çagalar gatnaşdylar.
Türkmenistanda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek üçin giň gerimli çäreleriň guralmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, oba hojalyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak we Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garadylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Diplomatlar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruwyň paýtagtyň Lima şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyny 7 medal bilen tamamladylar. Olaryň 3-si altyn, ýene şonçasy bürünç, biri bolsa kümüş medaldyr.
50 döwletden 280 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen dünýä çempionatynda türkmen ýygyndysynyň ýyldyzy, ozal hem habar berşimiz ýaly, lebaply türgen Süleýman Japarow boldy. Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň türgeni 102 kilograma çenli agram derejisinde ýaryşyp, ajaýyp netijeleri görkezdi. Ştangany silterläp galdyrmakda iň ýakyn bäsdeşinden hem iki kilogram öňe saýlanan Süleýman 143 kilogram agyrlygy eýgerip, altyn medala mynasyp bolsa, agyrlygy itekläp galdyrmakda görkezen 170 kilogramlyk netijesi bilen bürünç medal eýeledi. Şeýlelikde, iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogramlyk netijäni görkezen Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň okuwçysy ýene bir altyn medal gazandy.
Dünýä çempionatynda 16 ýaşly agyr atletikaçy Ogulşat Amanowanyň gazanan netijeleri hem kiçi-girim däl. 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edne paýtagtly gyz öz agram derejesinde ştangany silterläp götermek boýunça iň ýokary netijäni gazanyp, 77 kilogramlyk agyrlyk bilen kiçi altyn medalyň eýesi boldy. Itekläp götermekde bolsa 91 kilogram agyrlygy eýgerip bilen Ogulşat bu gezek altyn medalyň eýesinden ― ispaniýaly türgen Lusiýa Gonzales Borregodan iki kilogram yza galdy. Muňa garamazdan, Ogulşadyň umumy netijesi (168 kilogram) dünýä çempionatynyň bürünç medaly üçin ýeterlik boldy.
Dünýä çempionatynda ýetginjekler ýygyndymyzyň ikinji bürünç medalyny Didarbek Jumabaýew gazandy. Ol bu üstünligi ştangany itekläp galdyrmak görnüşi boýunça ýeten 155 kilogramlyk derejesi bilen gazandy. Eger ol üçünji synanyşygynda buýran 157 kilogramlyk agyrlygyny hem eýgeren bolsa, onda kümüş medalyň hem eýesi bolup bilerdi. Muňa garamazdan, ildeşimiz 67 kilograma çenli agram derejesinde iň güýçli agyr atletikaçylaryň dörtlügine girmegi başardy.
Dünýä çempionatynda gazanylan bu medallar ýurdumyzda agyr atletikany ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň öz oňyn miwesini berýändigini görkezýär. Kemala gelýän agyr atlwetikaçylaryň ezber we zehinli nesli ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň geljeginiň has parlak boljakdygyny buşlaýar.
Russiýa Federasiýasynyň Burýatiýa Respublikasynyň Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda Gran-pri ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşda türkmenistanly türgen Suwhan Öwejeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, finalda russiýaly Iwan Inýuhowy ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy.
Söweş sambosynyň ligasy sportuň bu görnüşiniň meşhurlygyny artdyrmak we türgenleri goldamak maksady bilen 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Ulan-Udedäki Gran-pri ýaryşynyň aýratynlygy türgenleriň deslapky duşuşyklary geçirmän, öz agram derejesinde göni finala çykyp bilmekligidir.
Halkara ýaryşa biziň ildeşlerimizden başga-da, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýaryşyň ýeňijileri 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragyna we çempionlyk kemerine mynasyp boldular.
Üstümizdäki ýylda sportuň beýleki görnüşleriniň wekilleri bilen bilelikde türkmen samboçýylarynyň hem üstünlikli çykyş edýändigini bellemek gerek. Ýyla Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen girişen samboçylarymyz fewral aýynda dostlukly döwletiň Prezidentiniň kubogy ugrunda geçirilen ýaryşda ýedi medal gazanmagy başardylar. Şolaryň ikisi altyn, ýene ikisi kümüş, galan üçüsi bolsa bürünç medallardyr. Mart aýynda bolsa olar Russiýanyň Moskwa şäherinde geçirilen Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda dört medal gazandylar.
Yzygiderli gatnaşylýan halkara ýaryşlar türkmen samboçylary üçin geljek ýyl paýtagtymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna taýýarlygyň mekdebine öwrülýär.
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriň başlangyjy hökmünde Aşgabatda ýeňil atletika ýaryşy geçirildi.
Bedenterbiýe we sport komiteti we ýurduň welosiped federasiýasy tarapyndan gurnalan bu bäsleşik Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän welotrekde geçirildi.
Ýaryşa 2006-2010-njy ýyllar aralygynda dogulan 50-den gowurak türgen gatnaşdy. Ýaryşyň ýeňijilerine gymmat baha baýraklar gowşuryldy.
Ozal habar berlişi ýaly, 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary -- Tejen -- Aşgabat böleginiň ugry boýunça 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. 3-nji iýunda bolsa Aşgabatda däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar.
Bütindünýä welosiped güni, 2018-nji ýylyň aprelinde BMG Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde yglan edilendigini ýatlap geçmek makul.
Türkmen türgenleri Jakartada (Indoneziýa) geçirilen kýokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatynda iki altyn we iki kümüş medalyna gazandylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Daýanç Gylyçdurdyýew 65 kg agram derejesinde we Türkmenistanyň Milli Kýokuşinkaý karate merkeziniň tälimçi-mugallymy Ogulbagt Kurbanowa 65 kilogramdan ýokary agram derejesinde zenanlaryň arasynda altyn medallara eýe boldylar.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Ýazylowa 55 kg agram derejesinde we Daşoguz welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýymjan Sultanowa 65 kg agram derejesinde kümüş medallara eýe boldylar.
Bäsleşige 13 ýurtdan 340 türgen gatnaşdy.