AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Täze ýyl bilen gutlady

Täze, 2024-nji ýylyň bosagasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi. "Türkmenistan" gazetiniň täze ýyldaky ilkinji sanynda çap edilen gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

Eziz watandaşlar!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bolan 2023-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene az salymdan biz täze — 2024-nji ýyly garşylarys.

2024-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça luw ýyly. Geçip barýan ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu şäher halkara sylaglaryň 20-den gowragyna mynasyp boldy.

Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş, sport desgalaryny bina etdik. Medeniýet we sungat edaralaryny, seýilgähleri, önümçilik binalaryny, başga-da köp sanly desgalary ulanmaga berdik. Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalary durmuşa geçirdik. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryna göçüp, toý tutdular. Bularyň hemmesi ata Watanymyzyň ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini aýdyň görkezýän tutumly işlerdir.

Garaşsyz ýurdumyzyň durmuşynda uly, taryhy işler rowaçlandy. 2023-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

26-njy martda bolsa Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi.

Oba hojalyk pudagynda-da düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen daýhanlarymyz bugdaýyň hem pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler. Geljekde hem daýhanlarymyzy ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak meselesine serederis. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkideris.

Ýurdumyzyň nebitgaz, ulag-aragatnaşyk we söwda-telekeçilik pudaklarynda hem köp işler amala aşyrylýar. Bu pudaklar berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.

Hormatly watandaşlar!

Garaşsyz ýurdumyzda berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak geljekde-de döwletimiziň üns merkezinde bolar. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň iň uly maksadymyzdyr.

Ylym-bilim bagtyýar geljegimiziň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, beden taýdan sagdyn, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris. Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek ugrunda uly işleri alyp barýarys. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy. Biz geljekde hem halkara sport düzümleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ederis, sportuň dürli görnüşlerini ösdüreris.

Bu ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Gözel Diýarymyzda dostlukly ýurtlaryň birnäçesinden wekilleriň gatnaşmagynda ýaşlar forumlary üstünlikli geçirildi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat we sergi ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka boldy. Bu çäreleriň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlary sylagladyk. Şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň zähmetine mynasyp baha berdik. Ösüp gelýän nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga mundan beýläk-de uly ähmiýet bereris.

Daşary syýasatda Bitarap Watanymyzyň dünýädäki ornuny has-da berkideris. Ýer ýüzüniň döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrarys.

Biz tebigata aýawly garamaga, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns berýäris. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň 28-nji maslahatynda-da öz garaýyşlarymyzy öňe sürdük. Şunuň bilen baglylykda, geljekde hem ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşarys.

Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäklerinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni», şeýle hem Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň ýaňy-ýakynda geçirilen 49-njy plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny», «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň halkara giňişlikde uly goldaw tapýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Hormatly watandaşlar!

Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bilen ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlygynyň netijesinde, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna, onuň doglan gününiň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda bu gurama bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Eziz watandaşlar!

Milli medeniýetimizi ösdürmek, mirasymyzy gorap saklamak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Tamamlanyp barýan ýylda halkara derejede dürli medeni çäreler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirildi. Aşgabatda guralan Medeniýet hepdeligi medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Geljek ýyl Medeniýet hepdeligini Arkadag şäherinde ýokary derejede geçireris.

2024-nji ýyl beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak şanly senelere beslener. Biz halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, taryhy-medeni mirasynyň goralyp saklanmagyna, ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine we wagyz edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatymyzy mundan beýläk-de dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýene-de 10 göterim köpelderis.

Ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alýan täze ýylymyz il-ýurt bähbitli rowaçlyklaryň ýyly bolar.

Mähriban Watanymyza buýsanjymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2024-nji ýyla «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip at berdik. Gahryman Arkadagymyzyň öz şygrynda belleýşi ýaly, biziň her birimiz üçin akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy pähim-paýhas ummanydyr.

Biz täze ýylda-da eziz Watanymyzy bagtyýarlygyň we rowaçlygyň mekanyna öwürmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekeris.

Gadyrly watandaşlar!

Ýene az salymdan täze — 2024-nji ýyly garşy alarys. Şu pursatda men siziň ähliňize täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin. Maşgala ojaklaryňyza agzybirlik, rysgal-bereket, döwletlilik ýar bolsun, bagtyýar günler dowamat-dowam bolsun!

Eziz watandaşlar!

Täze — 2024-nji ýylyňyz gutly bolsun!

01.01.2024
Türkmenistanly Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşynyň bürünç medalyna eýe çykdy

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokyo Grand Slam-2023» «Uly tuwulga» ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.

Iki günläp dowam eden bu ýaryş 84 döwletden türgenleriň 506 sanysyny bir ýere jemledi. Ýaryşda türgenler erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 7, jemi 14 medallar toplumy üçin güýç synanyşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda 5 sany Olimpiýa oýunlarynyň häzirki çempionynyň, 8 sany dünýäniň häzirki çempionynyň bolmagy onuň ýokary derejesinden habar berýär.

24 ýaşly Hekim Agamämmedow 66 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberinden orun aldy. Bu agram derejesinde 35 ýurtdan 48 türgen medallar üçin göreşdi.

Hekim bürünç medala çenli geçilen ýolda bäş tutluşykda ýeňiş gazanmagy başardy. Ol birinji aýlawda amerikaly Ari Berlineri, ikinji aýlawda azerbaýjanly Ýaşar Najafowy, üçünji aýlawda moldowaly Radu Izworeanuny ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym finala çykmak üçin geçirilen tutluşykda bolsa Hekim fransiýaly Daýki Bubdan asgyn gelip, goşmaça oýunlar arkaly bürünç medal üçin göreşmäge mejbur boldy.

Hekim Agamämmedow soňky iki tutluşygynda, ilki, braziliýaly Willian Limany, soňra bolsa mongoliýaly Erhembaýar Battogtohy ýeňip, hormat münberinden orun aldy.

Bu agram derejesinde ikinji bürünç medal degişli agramda dünýä reýtinginiň lideri moldowaly Denis Wiýera, kümüş medal mongoliýaly Bashu Ýondonperenleýne, altyn medal bolsa ýer eýesi Hifumi Abe nesip etdi.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda Hekim Agamämmedowa bürünç medaly Mongoliýanyň Dzýudo assosiasiýasynyň prezidenti Battulga Haltmaagiýn gowşurdy we türkmen türgeniniň hormatyna «Tokyo Metropolitan Gymnasium» köşgünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy ýokary galdyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Hekim Agamämmedow ýeňijilere we baýrakly orny eýelänlere dzýudo boýunça dünýä çempionatyna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin reýting utugyny berýän «Uly tuwulga» ýaryşlarynda hormat münberinden orun alan ilkinji türkmenistanly türgen boldy. Bu ugurda türkmen türgenleriniň arasyndaky ozalky iň gowy netije Gülbadam Babamyradowa degişli bolup, ol 2014-nji ýylda Baku şäherinde geçirilen «uly tuwulga» turnirinde ilkinji bäşlige girmegi başarypdy.

05.12.2023
Türkmenistanly ýetginjekler çalt oýnalýan küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular

Türkmenistanly türgenler Kolombo şäherinde (Şri-Lanka) geçirilýän çalt oýnalýan küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky (20 ýaşa çenli) Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular.Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

7 tapgyrda geçirilen ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, her gatnaşyjynyň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen tutuş döwe 15 minut wagt berilýärdi. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň habar bermegine görä, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Hallynyýazow kümüş medal gazandy. Ol 7 oýunda 5,5 utuk toplady. Hindistanly halkara derejeli ussat G.Harşawardhan hem şonça utuk gazandy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesine görä, birinji orny eýeledi.

Ýene bir türkmen türgeni — Aşgabadyň 117-nji mekdebiniň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň soňky tapgyrdan öň 5 utugy bardy, ol jemleýji tapgyrda Şri-Lankadan halkara derejeli ussat Da Silwany utsa, altyn medaly eýeläp biljekdi. Ýöne garşydaşynyň tejribesi köpräk bolansoň, türkmen küştçüsine ýeňiş gazanmak başartmady. Şeýlelikde, Amanmuhammet 40 türgeniň arasynda bäşinji orny eýeledi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy Läle Şöhradowa hem ýaryşyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda 36 küştçi baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi, türkmen türgeni bolsa şolaryň arasynda mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk gazandy. Läle soňky tapgyrda gara mallar bilen oýnap, ýaryşyň çempiony, Gazagystana wekilçilik eden, zenanlaryň arasynda halkara derejeli ussat, Läle bilen duşuşmazdan ozal 100 göterim netije gazanan Zeýnep Soltanbekden üstün çykyp, bürünç medaly eýeledi. 6 utuk toplan Şri-Lankaly Gunawardana Dewindýa Oşini ikinji orna mynasyp boldy.

Indi nusgawy küşt boýunça 9 tapgyrda medallar toplumy ugrunda ýaryş geçiriler. Ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionaty 6-njy dekabrda blis ýaryşy bilen jemlener.

05.12.2023
Mediaforumda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemi jemlendi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 28-nji noýabrda tamamlanan Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA), göreşiň bu görnüşi boýunça Afrika bileleşiginiň (AKU) we Ýewropa konfederasiýasynyň (EKC), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Kuraş federasiýasynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman mediaforumy açyk diýip yglan edip, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen ýygnananlary gutlady. Bellenilişi ýaly, çempionatda 4 yklymyň 45 ýurdundan 181 türgen 15 medal toplumy ugrunda bäsleşdi. 2023-nji ýylyň dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde geçirilen IKA-nyň kongresine bolsa Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, şeýle hem Günorta we Demirgazyk Amerikadan 53 ýurduň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Assosiasiýanyň prezidenti çempionatyň uly üstünliklere beslenendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa geljekki hyzmatdaşlyk hem-de netijeli gatnaşyklar üçin täze meýdança öwrülen bu ägirt uly çäräniň üstünlikli geçirilmegine goşan goşantlary üçin aýratyn hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň dowamynda ähli gulluklar iň ýokary derejede işledi. Türkmenistanda sportuň ösdürilmegine, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz milli hem-de halkara derejeli birnäçe iri sport taslamalarynyň başyny başlap, sporty milli ýörelgeleriň birine, diplomatiýanyň işjeň guralyna öwürdiler. Şonuň netijesinde, ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Oňa 62 döwletden, şol sanda Okeaniýa ýurtlaryndan iň ezber türgenleriň 5 müňden gowragy gatnaşdy. 2018-nji ýylda bolsa gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli guraldy. Indi bolsa ak mermerli paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Bu ýaryş Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň güwäsi boldy. Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda iki günläp dowam eden ýaryş Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen türgenleri 15 agram derejesinde çykyş edip, jemi 15 medal gazandylar. Şolaryň 5-si altyn, 6-sy kümüş we 4-si bürünç medallardyr. Bu görkezijiler bilen türkmen pälwanlary medallaryň umumy sany boýunça beýleki toparlardan ep-esli öňe saýlandylar. Gazanylan altyn medallaryň sany boýunça diňe toparlaýyn bäsleşikde 7 altyn, 1 kümüş we bürünç medaly bolan Özbegistanyň milli ýygyndy toparyndan yza galdylar. Öňdebaryjy üçlügi Gazagystanyň milli ýygyndy topary tamamlap, gazak kuraşçylary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan jemi 45 ýurtdan 16 ýurduň türgenleri hormat münberine çykdylar.

“Türkmenistanyň has uly netijelere-de ýetjekdigine ynanýaryn. Türkmenistan — sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürýän ýurt. Bu ýerde köp sanly sport toplumlaryny görmek bolýar. Adamlaryň sport bilen meşgullanmaklary we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri üçin hemme şertler döredilen. Bu bolsa örän ajaýyp” diýip, Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary Reza Nassiri mediaforumda eden çykyşynda belledi.

Mediaforumda şeýle hem Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi nygtaldy. Çempionatyň bäsleşikleri «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasy arkaly «Türkmenistan Sport», «Ýaşlyk», Täjigistan Respublikasynyň «Warziş», Özbegistan Respublikasynyň «Sport» teleýaýlymlarynda, şeýle hem ählumumy internet torunda göni ýaýlymda görkezildi.

«Мir 24», «TRT Avaz», “CCTV”, “Euronews” teleýaýlymlarynda bu ýaryşa bagyşlanan ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi. Şeýle hem bu çempionat barada Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler hem iri sport baýramçylygyny şöhlelendirmekde uly işleri alyp bardylar. Olaryň maglumatlarynda Aşgabatda geçirilen çempionatyň guramaçylygynyň ýokary derejesi beýan edilýär.

Şu gezekki çärä gatnaşyjylar Arkadag şäherine baryp gördüler we bu ýerdäki sport desgalaryny synladylar. Desgalaryň enjamlaşdyrylyş derejesi myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, paýtagtymyzda dünýä ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilendigi üçin hormatly Prezidentimize, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde ýörite sport lybaslaryny we degişli güwänamalary gowşurdy.

29.11.2023
Türkmenistanly türgenler Kuraş boýunça dünýä çempionatynda 15 medal gazandylar

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty milli sportumyzyň ajaýyp ýeňşi bilen tamamlandy. Bu ýaryş dünýäniň dört yklymynyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Günorta we Demirgazyk Amerikanyň sport wekillerini bir ýere jemledi.

Ýaryşyň iki gününiň netijeleri boýunça türkmen türgenleri erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8, jemi 15 agram derejesinde 15 medal gazandylar. Çempionatyň birinji gününde türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler. Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli) we Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) hormat münberiniň iň ýokary basgançagynda orun aldylar. Aýşirin Haýdarowa (48 kilograma çenli), Aýnur Amanowa (52 kilograma çenli) we Sanjar Abdyrahmanow (90 kilograma çenli) kümüş medala, Gülşat Annaýewa (57 kilograma çenli), Ruslan Esgerow (100 kilograma çenli), Sapa Sapaýew (100 kilogramdan ýokary) bolsa bürünç medallara eýe boldular.

Galan 7 medal toplumy ugrunda ýaryşlar şu gün — dünýä çempionatynyň jemleýji gününde geçirildi. Erkekleriň arasynda 4, zenanlaryň arasynda hem 3 agram derejesinde geçirilen ýaryşlaryň netijeleri boýunça türkmenistanly türgenler ýene-de 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Ýurdumyzyň ýygyndy toparyna üçünji altyn medaly Wepa Awlýakulyýew (60 kilograma çenli) getirdi. Ol birinji tapgyrda Mohammed Al-Garrawiden (Yrak) üstün çykdy. Çärýek finalda Anil Anili (Hindistan), ýarym finalda Muslimbek Karimowy (Täjigistan), finalda bolsa Ýernur Suleýmeni (Gazagystan) ýeňmegi başardy. Şunda gazagystanly pälwan kümüş medala, täjigistanly Muslimbek Karimow we eýranly Said Talebi Nia bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň toparynda dördünji altyn medaly dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýan Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli) eýelemegi başardy. Ol birinji tapgyrda, duşuşygyň 16-njy sekundynda Andrea Guillenden (Meksika) üstün çykdy. Soňra türgenimiz çärýek finalda Şital Şitaldan (Hindistan), ýarym finalda we finalda çekeleşikli duşuşyklarda, degişlilikde, bürünç medalyň eýesi Saba Karamaliden (Eýran) we dünýäniň wise-çempiony Filura Ergaşowadan (Özbegistan) üstün çykdy. Şu agyrlyk derejesinde bürünç medallaryň ýene biri Çia-Lin Liuwa (Hytaý Taýpeýi) gowşuryldy.

Ýurdumyzyň toparynda bäşinji altyn medala Daýanç Omirow (81 kilograma çenli) mynasyp boldy. Şeýle üstünlige barýan ýolda ol ilki Tom Belen Santanuwdan (Dominikan Respublikasy), soňra bolsa Çansik Wudan (Koreýa Respublikasy), Ramin Ahmadzadeden (Eýran), Bekadil Şaýmerdenowdan (Gazagystan) üstün çykdy we hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna baryp ýetdi. Gazagystanly pälwan Bekadil Şaýmerdenow kümüş medala, eýranly Ramin Ahmadzade we özbegistanly Umid Esanow bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň toparynda kümüş medala Şatlyk Jumanyýazow, Jahan Muhammedowa we Sabina Agajanowa mynasyp boldular. Şatlyk Jumanyýazow 73 kilograma çenli agyrlyk derejesinde kümüş medaly eýeledi. Abdilkair Maulenin (Gazagystan) altyn medala, Niko Tçikaidze (Gruziýa) we Jaedeog Kwon (Koreýa Respublikasy) bürünç medala mynasyp boldular. Jahan Muhammedowa 87 kilograma çenli agyrlyk derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy. Bu derejede Pokizahon Kamoldinowa (Özbegistan) dünýäniň çempiony bolsa, Moldir Nurlanbek (Gazagystan) we Pargati (Hindistan) bürünç medaly eýelediler.

Toparymyzdaky kümüş medallaryň ýene-de biriniň eýesi Sabina Agajanowa alty ýyl mundan ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda ikinji orny eýeläpdi. Ine, indi bolsa ol 87 kilogramdan ýokary agramda kuraş boýunça dünýäniň wise-çempiony boldy. Bu ýaryşda taryhda ilkinji gezek göreşiň şu görnüşinde Audreý Arelis Puello Peres Dominikan Respublikasyna altyn medaly getirdi. Ýaryşda Samriti (Hindistan) we Fateme Barmaki Kordkolai (Eýran) bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Döwlet Hemrakulyýew (66 kilograma çenli) bürünç medal gazandy. Şu agyrlyk derejesinde ikinji bürünç medala Hairandeşi Murodzoda (Täjigistan) mynasyp boldy. Majid Wahid Barimanlu (Eýran) kümüş medaly eýelese, Çori Zoirow (Özbegistan) dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Soňky ýyllarda türkmen türgenleri kuraş boýunça uly üstünlikleri gazandylar. Hindistanda geçirilen ozalky dünýä çempionatynda ildeşlerimiz 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanypdylar. Şu gezekki ýaryşda bolsa ýurdumyzyň ýygyndy topary 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle görkeziji bilen biziň pälwanlarymyz medallaryň umumy sany boýunça (15) beýleki toparlardan ep-esli öňe geçmegi başaryp, altyn medallaryň sany babatda diňe Özbegistanyň ýygyndy toparyny öňe geçirdi. Özbegistanyň pälwanlary 7 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular. Baýrakly üçünji orny Gazagystanyň ýygyndy topary eýeledi. Bu ýurduň pälwanlary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal bilen ýaryşy tamamladylar.

Bilermenleriň pikirine görä, sportuň şu görnüşindäki ýokary görkezijiler tälimçiler Dörtguly Tejenowyň we Şirin Kubaýewanyň yhlasly zähmetiniň netijesi bolup durýar. Tälimçileriň birinjisi iki ýyl mundan ozal Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk eden bolsa, ikinjisi Lebap welaýatynda kuraş sporty boýunça özboluşly mekdebi döredip, ençeme ýyllardan bäri zenanlar ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ýeri gelende bellesek, şu gezekki dünýä çempionatynda medal gazanan 15 ildeşimiziň 14-si bu mekdepden çykan türgenlerdir.

Şirin Kubaýewa öz döwründe meşhur zenan türgenlerimiziň biridir. Ol köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny üstünlikli gorap, ençeme halkara ýaryşlaryň ýeňijisi boldy. Onuň 1997-nji ýylda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny halkara ykdysatçy hünäri boýunça tamamlandygyny bellemelidiris. Birnäçe ýylyň dowamynda Şirin Kubaýewa tälimçilik işini ykdysady ulgamyň düzümlerindäki işi bilen utgaşykly alyp bardy. 2009-njy ýylda Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde geçirilen söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda gazanan ýeňşinden soňra, ol tälimçilik işine ymykly baş goşmagy ýüregine düwýär.

“Men tälimçi bolup işlemegi halaýaryn. Sport meniň ganymda bar” diýip, Şirin Kubaýewa aýdýar. Onuň kakasy we garry atasy hem göreş bilen meşgullanyp, toýlarda pälwanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda köp baýraklary gazanypdyrlar. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisiniň aýtmagyna görä, şu gezekki dünýä çempionatynda türgenlerimiziň gazanan üstünlikleri bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň oňyn netijesidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ulgama berýän ägirt uly ünsi esasynda ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirmek we olara taýýarlyk işlerini alyp barmak üçin ähli amatly şertler döredildi.

Dünýä çempionatyny geçirmek — bu örän uly jogapkärçiligi öz üstüňe almak bolup, Türkmenistan dünýäniň ähli künjeginden köp sanly myhmanlary jemleýän iri halkara ýaryşlary kabul edýän ýurt hökmünde çykyş etmek bilen, olary uly üstünliklere besläp geçirýär. Munuň şeýledigini dürli döwletlerden paýtagtymyza gelen türgenler, olaryň tälimçileri, dünýäniň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýöriteleşdirilen neşirleriň, teleýaýlymlaryň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekilleri hem tassykladylar.

Meşhur sport ussatlarynyň, bilermenleriň hem-de wekiliýet ýolbaşçylarynyň umumy pikirine görä, Aşgabat sportuň köp sanly görnüşi boýunça dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşlary geçirmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda şeýle derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin halkara ölçeglere laýyk gelýän döwrebap şertler, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde gurlup ulanmaga berlen Olimpiýa şäherçesiniň iň häzirki zaman sport desgalary bar.

Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda iki günläp şatlyk-şowhun höküm sürdi. Bu ýerde türgenler medallar ugrunda çekeleşikli göreşleri alyp bardylar. Janköýerlere tolgundyryjy pursatlary bagyşlan ýiti bäsdeşlige, gyzgalaňly çekeleşige garamazdan, ýaryşlar hemmeleri açyklyk, ynanyşmak, dostluk gatnaşyklaryna bolan ymtylmanyň töweregine jemledi. Nobatdaky çempionat daşary döwletleriň sport federasiýalarynyň kuraş sportuny ösdürmekde gazanan tejribeleri we täze işläp taýýarlamalary bilen tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilik boldy. Toplanan bu tejribedir bilimleriň geljekde öz netijesini berjekdigi şübhesizdir.

Myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy, halkymyzyň baý medeni mirasy, gadymy däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşmaga, milli tagamlarymyzdan lezzet almaga, ak mermerli Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň gözelliklerini synlamaga mümkinçilik berýän ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Şu gezekki dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Türgenler we janköýerler Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndan çäksiz lezzet aldylar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladalary, ýakyndan goldaw bermekleri netijesinde mümkin boldy.

2023-nji ýylyň dünýä çempionaty ajaýyp sport baýramçylygy hökmünde hemmelere ýatdan çykmajak duýgulary we şatlyk paýlady. Ol köp sanly adamlaryň kuraş sportuna bolan gyzyklanmasyny artdyryp, türgenleri täze ýeňişleri gazanmaga ruhlandyrdy. Bu ýaryşyň üstünlikli geçmegi ähli türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy hem-de dünýä derejesindäki iri ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge ukyply ýurt hökmünde Türkmenistanyň abraýyny nobatdaky gezek belende galdyrdy.

28.11.2023
Kuraş – 2023: Awlýakulyýew bilen Hemrakulyýew ýarym finalda

Türkmenistanyň kuraş boýunça erkekler ýygyndysynyň agzalarynyň ikisi – 60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşýan Wepa Awlýakulyýew bilen 66 kilograma çenli agram derejäniň wekili Döwlet Hemrakulyýew dünýä çempionatynyň ýarym finalyna çykdy.

Çärýek finalda Wepa hindistanly türgen Anil Anilden üstün çykdy. Döwlet Hemrakulyýew bolsa owganystanly Şuaib Mohammad Ýusufy ýaryşdan çykardy.

Şeýlelikde, şu gün eýäm türkmenistanly türgenleriň ikisi bürünç medala mynasyp bolmagy kepillendirdiler. Indi olar final duşuşygyna çykmak üçin göreşerler. Awlýakulyýew bilen Hemrakulyýewiň hem medal gazanmagy bilen türkmen ýygyndysynyň şu dnüýä çempionatyndaky medallary 10-a tegelener. Ýöne türkmenistanly türgenleriň has köp medal gazanmak mümkinçiligi bar.

28.11.2023
Türkmen türgenleri Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň maksatnamasy esasynda ýaryşlar badalga aldy.

Ak mermerli Aşgabatda dünýä derejesindäki ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berýändiginiň nyşany bolup, bu babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň barha ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Diýarymyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, beýleki degişli desgalar guruldy. Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga mümkinçilik döretdi. Hut şu ýerde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygyny artdyrmakda, Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde derejesini pugtalandyrmakda 2018-nji ýylda geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň doly hukukly agzasy hökmünde dünýäniň sport durmuşynda möhüm ähmiýetli ýaryşlary guramak bilen, Olimpiýa hereketiniň giňeldilmegine hem-de wagyz edilmegine, oňa ýaşlaryň işjeň çekilmegine uly goşant goşýar. Şu gezekki Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýäniň 4 yklymyndan — Aziýadan, Afrikadan, Ýewropadan, Günorta we Demirgazyk Amerikadan türgenleri bir ýere jemläp, köp döwletlerde uly gyzyklanma döretdi. Bularyň ählisi öz taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, milli baýramlaryň we toýlaryň aýrylmaz bölegi bolan göreşiň kuraş görnüşine yzygiderli artýan gyzyklanmanyň nyşanydyr. Urgulary, agyrdyjy tilsimleri ulanmak gadagan edilen guşakly göreşiň bu görnüşi XX asyrdan başlap tutuş dünýäde, şol sanda Türkmenistanda uly meşhurlyga eýe boldy.

Ýurdumyzda 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň döredilmegi bilen, başa-baş söweş sungatynyň bu görnüşi okgunly ösüşe eýe boldy. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy Halkara kuraş assosiasiýasynyň hem-de Aziýanyň we Okeaniýanyň Kuraş konfederasiýasynyň düzümine kabul edileninden soňra, göreşiň bu görnüşi boýunça türkmen türgenleri dünýä çempionatlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara, şol sanda Aziýa kenarýaka oýunlaryna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna, Aziýa çempionatlaryna gatnaşyp gelýärler. Dürli ýyllarda geçirilen bu ýaryşlaryň ählisinde ildeşlerimiz ýokary üstünlikleri gazanyp, Watanymyza medally dolanyp geldiler. Aşgabatda guralýan şu gezekki dünýä birinjiligine çenli türkmen türgenleri Eýranda, Türkiýede, Koreýa Respublikasynda we Hindistanda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň dördüsinde, umumylykda, 2 altyn, 7 kümüş we 12 sany bürünç medal gazanyp, hormat münberine 21 gezek çykmagy başardylar.

Häzirki dünýä çempionatynda hem türgenlerimiziň ýeňişli ýollary dowam etdirilýär. Bu ýaryşda erkekleriň arasynda 7, zenanlaryň arasynda 8 agram derejesinde medallaryň 15 toplumy ugrunda bäsleşikler geçirilýär. Şu gün erkekleriň arasynda iň ýokary üç agram, zenanlaryň arasynda hem bäş agram derejesinde ýeňijiler kesgitlenildi. Bu agram derejeleriniň hersinde-de türkmen türgenleri medallara mynasyp boldular.

Ýaryşyň birinji gününiň jemleri boýunça ildeşlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Ýurdumyzyň toparyna ilkinji altyn medaly Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli agram derejesinde) getirdi. Ol çärýek finalda hindistanly Snehal Rameş Kawareden, ýarym finalda eýranly Tahera Azarpeýwanddan, finalda bolsa Hytaý Taýpeýinden gelen Wan Tin Liden üstün çykdy. Ýaryşda Wan Tin Li kümüş medala, eýranly Tahera Azarpeýwand we Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagy astynda çykyş eden russiýaly Wladlena Gusewa bürünç medala mynasyp boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda ikinji altyn medaly Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli) gazandy. Dört ýyl mundan ozal bu türgen Hindistanyň Puna şäherinde geçirilen ýaryşda Aziýanyň çempiony boldy. Ine, bu gezek hem ol ýarym çärýek finalda hindistanly Sina Sinadan, ýarym finalda wýetnamly Li Hýun Tuon Widen, finalda bolsa eýranly Donýa Agaýdan üstün çykyp, dünýä çempiony boldy. Bu agram derejesinde eýranly türgen kümüş medala, Li Hýun Tuon Wi (Wýetnam) kümüş medala we Azhar Salykowa (Gazagystan) bürünç medala mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň toparynda kümüş medallara 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň wise-çempiony we 2019-njy ýylyň dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Aýşirin Haýdarowa, 2019-njy ýylyň dünýä çempiony we Huançžouda (Hytaý) geçen XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Aýnur Amanowa hem-de Sanjar Abdyrahmanow mynasyp boldy. Aýşirin Haýdarowa kümüş medaly 48 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde özbegistanly Ulbusin Hakimowa ýeňiji bolsa, indoneziýaly Sawira Dia Fitri Rizkianti we türkiýeli Begumnaz Dogruýol bürünç medala mynasyp boldular.

Aýnur Amanowa ikinji orna 52 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde özbegistanly Hilola Ortikboýewa dünýä çempiony boldy. Bürünç medallara bolsa Nada Aşraf (Müsür) we Ýu-Suan Çuan (Hytaý Taýpeýi) mynasyp boldular. Sanjar Abdyrahmanow kümüş medala 90 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medaly Erkin Kozokow (Özbegistan), bürünç medallary bolsa Masud Gawibazu (Eýran) we Žamalbek Asylbek Uulu (Gyrgyz Respublikasy) gazandylar.

Türkmenistanyň toparynda bürünç medallara Gülşat Annaýewa, Ruslan Esgerow we Sapa Sapaýew mynasyp boldular. Gülşat Annaýewa bürünç medaly 57 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde bürünç medala Rauza Nurmahammetowa-da (Gazagystan) mynasyp boldy. Ýaryşda kümüş medala Pardis Eýdiwandi, altyn medala bolsa Nguen Thi Biç Ngok (Wýetnam) mynasyp boldular. Ruslan Esgerow 100 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem bu agram derejesinde bürünç medala Firdawsu Nasimow (Täjigistan), kümüş medala Hamed Raşidi (Eýran), altyn medala bolsa Jamşid Mamatrahimow (Özbegistan) mynasyp boldular. 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde birinji orny Muhsin Hisomiddinow (Özbegistan), ikinji orny Abdulfazl Torabi (Eýran), üçünji orny bolsa Sapa Sapaýew (Türkmenistan) we Hurşed Majidow (Täjigistan) eýelediler.

28-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda dört we zenanlaryň arasynda üç medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.

27.11.2023
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy.

Agşamara guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy ozal, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynyň düzümine girýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda boldy.

TDH-nyň habar bermegine görä, Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk we baýramçylyk ýagdaýy emele gelen 5 müň orunlyk tomaşa zalyna köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda sport toplumynyň meýdançasyna dünýä çempionatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary getirildi. Olar meýdançada hatara düzüldi. Soňra çempionatyň resmi açylyş dabarasy badalga aldy.Dabarada, ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany Gutlagynda dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Kuraş boýunça dünýä çempionaty açyk diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň belent owazynyň astynda Türkmenistanyň ýaşyl Tugy ýokary galdyryldy.

Açylyş dabarasynda soňra Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) prezidenti Haýdar Farmana çykyş etdi. Ol ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.

Bu ýaryşy geçirmek üçin türkmen tarapynyň iň amatly şertleri döredendigini, şol sanda ajaýyp sport desgalaryny ýaryşlara taýýarlandygyny nygtap, jenap Haýdar Farman sportuň kuraş görnüşini ösdürmäge goşan ägirt uly goşantlary we goldawlary üçin IKA-nyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirdi.

Dabaranyň resmi açylyşy tamamlanandan soňra, gatnaşyjylara gargy tüýdüginiň owazy astynda türkmen tebigaty, ýurduň milli gymmatlyklary we baýlyklary barada wideorolik görkezildi.

Soňra tomaşaçylara milli türkmen göreşine, halylaryna, milli mirasynyň gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe aýdym-sazly çykyşlar görkezildi.

Şeýlelikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlandy. Janköýerlere erkekleriň arasynda ýedi, zenanlaryň arasynda hem sekiz agram derejelerinde gyzykly tutluşyklara tomaşa etmek garaşýar.

Belläp geçsek, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. 16-njy awgustda bolsa Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) arasynda göreşiň bu görnüşi boýunça Türkmenistanda dünýä çempionatyny geçirmek hakynda ylalaşyga gol çekildi.

25.11.2023
Paýtagtymyzda Halkara kuraş assoasiasiýasynyň kongresi geçirildi

Dünýä çempionatyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işlere Halkara kuraş assoasiasiýasynyň şu gün geçirilen kongresinde hem ýokary baha berildi. Bu assosiasiýa özüne Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 milli sport federasiýasyny birleşdirýär.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde we dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Kuraş «Görogly» we «Gorkut Ata» ýaly halk eposlarynda hem agzalýar. Pälwanlar toýlarda we baýramçylyklarda özleriniň göreşijilik ussatlyklaryny görkezipdirler. 2003-nji ýylda kuraş Aziýada geçirilýän ähli yklym oýunlaryna resmi taýdan girizildi. Häzirki wagtda bu sporty beýleki iri ýaryşlaryň, şol sanda Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak meseleleri öwrenilýär.

Göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan geçirilip başlandy. Şondan 2002-nji ýyla çenli ol her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa, her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

IKA-nyň kongresinde bellenilişi ýaly, bäsleşigiň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Kuraş federasiýasy hem-de Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan jogapkärli we düýpli taýýarlyk işleri geçirilipdir. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde türgenler, bu abraýly ýaryşyň geçirilmegine gatnaşýan adamlar, şeýle hem myhmanlardyr janköýerler üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäşisinden – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden 310 meýletinçi taýýarlanyldy.

Şeýle hem myhmanlar üçin giň gerimli medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde myhmanlar ýurdumyzyň dürli muzeýlerine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Seýit Jemaleddin metjidine, ýaryşlara tomaşa etmek üçin ýörite janköýer zolaklary döredilen «Berkarar» we «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezlerine baryp görerler. «Aşgabat» kinoteatrynda kino görkezişler guralyp, myhmanlaryň ýurdumyzyň Arkadag ilkinji «akylly» şäheriniň gözellikleri bilen ýakyndan tanyşmaklary üçin gezelençler guralar.

25.11.2023
Aşgabatda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» atly mediaforum geçirildi

Şu gün paýtagtymyzdaky «Sport» myhmanhasynyň mejlisler zalynda «Kuraş boýunça dünýä çempionaty dünýä metbugatynda» ady bilen halkara mediaforumy geçirildi.

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda geçirilen media forum Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylaryny, ýurdumyzyň we dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Onuň barşynda dünýä birinjiligini geçirmäge degişli düzümleriň taýýarlygy, şeýle hem şu ýylyň möhüm ýaryşyna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň taýýarlyk derejesi barada žurnalistlere maglumatlar berildi.

Çempionata taýýarlyk görmegiň çäklerinde türkmen türgenleri daşary ýurtlarda guralan birnäçe türgenleşiklere hem-de halkara ýaryşlaryna gatnaşdylar. Olar bu iri sport bäsleşigine taýýarlygyň jemleýji tapgyryny Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda geçirdiler, ol ýerde ýaryşlara netijeli taýýarlyk görmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Asylly däbe görä, möhüm ähmiýetli ýaryşlar başlamazdan ozal, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary türgenlere üstünlikli çykyş etmegi arzuw edýärler.

Ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermek türkmen türgenleriniň öňünde goýlan möhüm wezipedir, munuň üçin ýurdumyzda, şol sanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň şahsy hemaýat bermeginde zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem mediaforumda Aşgabatda geçirilýän çempionat heniz başlamanka, onuň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döredendigi bellenildi. Bu ýaryşa bagyşlanyp, «Мир24», «TRT Avaz», «CCTV» we «EURONEWS» teleýaýlymlarynda ýörite gepleşikler we wideorolikler ýaýlyma berildi, şeýle hem Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň «Asiavision» habarlar toparynyň, Halkara habarlar merkeziniň ýaýlyma beriş kompaniýalarynda beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, Kuraş boýunça dünýä çempionaty barada makalalar Sport metbugatynyň halkara assosiasiýasynyň (AIPS) we Sport metbugatynyň Aziýa birleşiginiň (ASPU) neşirlerinde çap edildi. Olarda Aşgabatda iri sport çäresine taýýarlygyň ýokary derejesi nygtalýar.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.

25.11.2023
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň geçiriljek wagtlary belli boldy

Türkmenistanyň Kuraş göreş federasiýasynyň metbugat gullugy 23 ― 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda agram derejeleri boýunça geçiriljek ýaryşlaryň takyk wagtyny paýlaşdy.

Açylyş dabarasy haçan geçiriler?

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy 25-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde bolar.

Türkmenistanyň milli ýygyndysyna kimler wekilçilik edýär?

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy: Wepa Awliýakulyýew (60 kilograma çenli agram derejesi), Döwlet Hemrakulyýew (66 kilograma çenli), Şatlyk Jumanyýazow (73 kilograma çenli), Daýanç Omirow (81 kilograma çenli), Sanjar Abdyrahmanow (90 kilograma çenli), Ruslan Esgerow (100 kilograma çenli) we Sapa Sapaýew (100 kilogramdan ýokary).

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy: Aýşirin Haýdarowa (48 kilograma çenli), Aýnur Amanowa (52 kilograma çenli), Gülşat Annaýewa (57 kilograma çenli), Dinara Rozykulowa (63 kilograma çenli), Mariýa Lohowa (70 kilograma çenli), Sabina Kadyrowa (78 kilograma çenli), Jahan Muhammedowa (87 kilograma çenli), Sabina Agajanowa (87 kilogramdan ýokary).

Ýaryşlaryň tertibi:

27-nji noýabr:

  • Erkekler: -90 kg, -100 kg, +100 kg;
  • Zenanlar: -48 kg, -52 kg, -57kg, -63 kg, -70 kg.
  • Deslapky tapgyr – с 10:00 до 13:00.
  • Ýarymfinal – с 15:00 до 18:00.
  • Final – с 18:00 до 19:30.

28-nji noýabr:

  • Erkekler: -60 kg, -66 kg, -73 kg, -81 kg;
  • Zenanlar: -78 kg, -87 kg, +87 kg.
  • Deslapky tapgyr – с 10:00 до 13:00.
  • Ýarymfinal – с 15:00 до 18:00.
  • Final – с 18:00 до 19:30.

Ýaryşlar nirede geçirilýär?

Olimpiýa şäherjigindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda.

23.11.2023
Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

Paýtagtymyz Aşgabat ýene bir iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçiriler. Ol türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.

Türkmenistanda bu halkara ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çykyş edýän bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagyndaky çykyşynda: “Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir we sagdynlykdyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir. Sport siziň beden we ruhy sagdynlygyňyz babatda bolşy ýaly, tutuş jemgyýetimiziň sagdynlygy üçinem örän möhümdir” diýip belledi. Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, umumybilim, ýöriteleşdirilen orta-hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bedenterbiýe taýýarlygy boýunça hökmany sapaklar girizildi. Munuň özi ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin edilýän tagallalardan nyşandyr.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda sport hereketini ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ähli sebitlerde zerur enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri we beýleki degişli desgalar guruldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýöriteleşdirilen lukmançylyk we anyklaýyş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Şeýle binýatlaýyn esasda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny döretmekde uly üstünlikler gazanyldy. Muňa anyk mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda gurlan Arkadag şäherini görkezmek bolar. Bu şäherde birnäçe sport desgalary — köpugurly sport toplumy, suw sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion gurlup, ýurdumyzyň ilkinji “akylly” şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi.

Aşgabatda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça häzirki zaman toplumlaryny özünde jemleýän, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny täze derejelere çykarmaga şert döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir asylly däbiň — köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli esasda geçirilmeginiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe boldy. Ildeşlerimiz ýurdumyzda yzygiderli esasda guralýan sport çärelerine höwes bilen gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär. Munuň özi sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, milli, ählumumy derejede durnukly ösüşiň esaslary hökmünde jemgyýetde ekologik dünýägaraýşy berkarar etmekde ýurdumyzyň tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň ajaýyp bir mysalydyr. Sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm waka boldy. Dünýäniň 62 döwleti bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we agzybirligiň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijesidir.

Däp bolşy ýaly, şu ýyl hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, welosipedli ýöriş geçirildi. Ol hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda, Aşgabadyň ajaýyp ýerleriniň birine öwrülen “Welosiped” binasyndan badalga aldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi bolmak bilen, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty bilen meşgullanýan çagalaryň we ýaşlaryň sany barha artýar. Munuň şeýledigine Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň welosipedli ýörişlere gatnaşmaklary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

2018-2019-njy ýyllarda Aşgabatda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, “Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” hem-de welosipedçileriň 2019-syny birleşdirip, “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” diýen derejelere mynasyp bolan iki sany möhüm çäräniň geçirilendigini bellemek gerek.

Ruhy güýji we kuwwaty artdyrýan ähmiýetli sport çäreleriniň geçirilmegi, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň muşdaklarynyň sanynyň artmagy sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üýtgewsiz ugry bolmagynda galýar. Munuň şeýledigine dürli ýaşdaky we kärdäki watandaşlarymyzyň müňlerçesiniň gatnaşmagynda köpçülikleýin sport çäreleriniň, bag ekmek dabaralarynyň yzygiderli geçirilmegi hem şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň saglygynyň berkidilmegine hem-de abadançylygynyň üpjün edilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet bermek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Işjeň dynç almak üçin zolaklaryň, sport meýdançalarynyň döredilmegi ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalaryna bildirilýän üýtgewsiz talap bolup durýar. Munuň özi ilatyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Bilim we mekdebe çenli edaralaryň gurluşygynda sport düzümleriniň göz öňünde tutulmagy üýtgewsiz şertdir. Olaryň düzümine göwnejaý enjamlaşdyrylan häzirki zaman sport zallary, futbol, basketbol, woleýbol meýdançalarydyr ýüzülýän howdanlar, tennis meýdançalary girýär.

Geçirilýän işleriň netijesinde, türkmenistanlylar irki ýaşlardan başlap, sportuň tomusky we gyşky görnüşlerini, şol sanda hokkeý oýnuny we figuralaýyn typmagy üstünlikli özleşdirýärler. Merkezi Aziýanyň howa şertleriniň aýratynlyklaryna garamazdan, sportuň gyşky görnüşleri hem ýurdumyzda uly ösüşe eýe boldy.

Bedenterbiýe we sport ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegi milli kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Atçylyk we atly sport hakynda”, “Meýletinçilik hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylda ýurdumyz 1981-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda kabul edilen Olimpiýa nyşanlaryny goramak hakynda Naýrobi ylalaşygyna goşuldy. 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnama kabul edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýalaryň netijesinde türkmen sporty hil taýdan täze derejelere çykaryldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ägirt uly sport baýramçylygyna öwrülip, türgenlerimiziň gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen taryha girdi. 2018-nji ýylda bolsa gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.

Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyz 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň ikinji gezek geçirilen ýeri boldy. Onda 6 ýurduň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýaş tennisçileri toparlaýyn birinjilik ugrunda bäsleşdiler.

Ine, bu gün Aşgabat dünýä möçberindäki ýene bir iri ýaryşy kabul etmäge taýýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda bu ýaryş bilen bagly guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasy häzirki wagtda Aziýadan 32, Afrikadan 22, Ýewropadan 33, Demirgazyk we Günorta Amerikadan 22, Okeaniýadan 9 — jemi 118 sany milli sport federasiýasyny özünde birleşdirýär.

Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999 — 2022-nji ýyllar aralygynda her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa her iki ýyldan bir gezek geçirilýär. 14-nji gezek geçirilýän şu gezekki dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanynyň iň ýokary görkezijide boljakdygy habar berilýär. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasynyň berýän soňky maglumatlaryna laýyklykda, 490-dan gowrak wekil, şol sanda 53 döwletden türgenleriň 243-si, tälimçiler, eminler we beýleki resmi adamlar Aşgabatda geçiriljek çempionata gatnaşjakdyklaryny mälim edip ýüz tutdular. Munuň özi ozal dürli ýurtlarda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň görkezijilerinden has ýokarydyr.

Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Şunda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylmagy şanly waka boldy. Mälim bolşy ýaly, bu komitet sportuň ornuny giňeltmek we ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen, 1978-nji ýylda döredildi. Ýurdumyzyň 2017 — 2021-nji ýyllar döwri üçin hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanylandygyny we onuň işine işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýäde wagyz etmekde goşýan uly goşandynyň ykrarydyr.

Sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Türgenler bolsa dost-doganlygyň we parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlyklary, ýeňşe bolan erk-islegleri bilen Olimpiýa taglymlaryny berkarar edýärler. Şoňa görä-de, ussat türgenleri, tälimçileri, beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak wezipesi “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň”, beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Milli sportumyzyň geçen ýoly yzygiderli gazanylýan ajaýyp ýeňişlerden doly bolup, täze taryhy döwrümiziň ýokary sport üstünlikleri olaryň üstüni ýetirýär. Şolaryň hatarynda 2021-nji ýylda Ýaponiýada geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda ilkinji kümüş medalyň gazanylmagyny hem görkezmek bolar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň türgenleriniň häzirki nesliniň gazanýan ýeňişleri türkmenistanlylaryň kalbynda buýsanç duýgularyny döredýär. Ýaş türgenler özlerinden öňki halypalarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Türgenlerimiz köp sanly halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we hemişe diýen ýaly dürli medallara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolup, Watanymyza üstünlikli dolanyp gelýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda: “Noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem ýokary derejede guramalydyrys. Şeýle-de geljek ýyl Fransiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gowy taýýarlyk görmelidiris. Biz türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň sport abraýyny gorap, watansöýüjiligiň hem-de ussatlygyň nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýarys” diýip belledi.

Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guraljak dünýä çempionatynda 15 medal toplumy ugrunda 7 erkek we 8 zenan agram derejesinde tutluşyklar meýilleşdirilýär.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynda ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmak ugrunda türgenlerimiziň öňünde möhüm wezipe durýar. Şeýle belent maksatlara ýetmek üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň aladalary esasynda, Diýarymyzda uly işler amala aşyryldy.

Şeýlelikde, dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir ýere jemlejek bu ýaryş türgenlerdir janköýerler üçin parahatçylygyň, dostlugyň we sportuň iri baýramçylygy bolar.

22.11.2023