AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Portugaliýa penaltileriň netijesinde Fransiýadan asgyn geldi

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynda 2-nji çärýek finalçy Fransiýanyň ýygyndysy boldy. Fransiýanyň ýygyndysy çärýek finalda Portugaliýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Hamburgda geçirilen oýnuň esasy wagtynda-da, goşmaça 30 minutda-da hasap açylmady. Mbappe, Ronaldo ýaly ýyldyz oýunçylara derwezeçileri – Diogo Koşta bilen Menýany geçmek başartmady.

Ahyrynda ýeňijini penalti urgulary kesgitlmeli boldy. Fransuzlaryň 5 futbolçysy bu urgulary birkemsiz ýerine ýetirdi. Portugallardan Žoao Feliksiň urgusy sütünde yzyna gaýtdy. Netijede, 5-3 hasabynda (portugallaryň iň soňky urguny urmagynyň hajaty galmady) ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýygyndysy 2-nji ýarym finalçy boldy. Fransiýanyň ýygyndysy soňky 5 uly ýaryşda 4-nji gezek ýarym finalda oýnar. Olaryň ýarym finaldaky garşydaşy Ispaniýanyň ýygyndysy bolup, duşuşyk 9-njy iýulda Mýunhendäki Allianz Arenada oýnalar.

Portugaliýanyň ýygyndysy Slowakiýadan soň Fransiýa bilen hem esasy we goşmaça wagtlarda golsuz deňme-deň oýnady. Ýöne bu gezek penaltilerde asgyn geldi. Toparyň ýyldyzy Kriştianu Ronaldu karýerasy boýunça ilkinji gezek bir uly ýaryşy gol geçirmezden tamamlady. Oňa uly ýaryşlarda 9 oýundan bäri tapawutlanmak başardanok. Ronaldu Ýewropa çempionatlarynda 30 duşuşykda oýnan ilkinji futbolçy boldy.

06.07.2024
Türkmen türgenleriniň gatnaşmagynda geçýän «Ýüpek ýoly 2024» ralli-reýdine badalga berildi

5-nji iýulda Tomsk oblastynda (Russiýa) türkmen ekipažlarynyň hem gatnaşmagynda geçýän «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi başlandy.

Oňa dünýäniň 13 ýurdundan 106 ekipaž gatnaşýar.

Ekipažlar 5243 kilometrlik menzili külterlemeli bolup, şonuň 1992-si ýokary tizlikde geçilýän bölekdir. Şu ýyl bu ýaryş Tomsk, Nowosibirsk, Kemerowo oblastlary, Altaý sebiti, Altaý Respublikasy hem-de Mongoliýanyň sebitleri boýunça uzar.

Öňde boljak ralliniň «Ýüpek ýoly» ady bilen geçýän ýaryşlaryň möhüm bölegine öwrüljekdigini bellemelidiris. Çünki şu ýyl 2009-njy ýylda badalga alan ajaýyp taslama 15 ýyl dolýar. Şol döwrüň dowamynda ralli-reýdine gatnaşyjylar bütin Ýewraziýany diýen ýaly — Sankt-Peterburgdan Hytaýyň gadymy Sianýa sebitine çenli uzaýan çarkandakly menzilleriň tehniki synagyndan geçdiler.  

Ýaryşlaryň başlanmazynyň öňüsyrasynda «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň Tomskdaky «Garmoniýa» sport toplumynyň çäginde ýerleşýän hyzmat parkynda ýaryşa gatnaşyjylaryň tehniki barlaglary guraldy.

06.07.2024
Ýewropa çempionatynda çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygy: Ispaniýa – Germaniýa, Portugaliýa – Fransiýa

Şu gije tamamlanyp barýan futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynda ýarym finalçylaryň ilkinji ikisi belli bolar. 21:00-da we 00:00-da başlanjak duşuşyklara angliýaly eminler eminlik ederler.

Ispaniýa ýer eýelerini ýeňmek başardanok
Günüň ilkinji duşuşygy 21:00-da Ispaniýa bilen Germaniýanyň arasyndaky oýun bolar. Ştutgart şäherindäki «MHPArenada» oýnaljak oýunda angliýaly Antoni Teýlor jürlewük çalar. Iki topar mundan öň 26 gezek özara duşuşdylar. Şolarda Germaniýa 9, Ispaniýa 8 gezek ýeňiş gazanyp, 8 oýun hem deňlikde tamamlandy (30-31 gol). Ýewropa çempionatynda bolsa iki topar mundan ozal 3 gezek duşuşdylar. 1984-nji ýylda toparçalarda Ispaniýa 1-0, 1988-nji ýylda ýene-de toparçalarda Germaniýa 2-0 ýeňipdi. Iki topar 2008-nji ýylyň finalynda-da duşuşyp, ispanlar ýyldyz oýunçysy Fernando Torresiň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, 44 ýyldan soň 2-nji çempionlygyny gazanypdy.

Uly ýaryşlara seredenimizde, Ispaniýanyň ýygyndysyna şu wagta çenli ýer eýelerini ýeňmek başartmady. Ýewropa çempionatlarynda 1980-nji, 1984-nji, 1988-nji, 1996-njy we 2004-nji ýyllarda ýer eýelerinden ýa asgyn geldi ýa-da deňme-deň oýnady. Şol sanda Dünýä Kubogynda-da 1934-nji, 1950-nji, 2002-nji we 2018-nji ýyllarda hem ýer eýelerinden utuldy.

Fransiýa finalda ýeňlipdi
Günüň ikinji duşuşygy Portugaliýa bilen Fransiýanyň arasyndaky oýun ýarygijede, 00:00-da başlap, Hamburg şäherindäki «Volksparkstadionda» geçiriljek duşuşyga angliýaly Maýkl Oliwer eminlik eder. Iki topar bu oýna çenli Fransiýa bilen Portugaliýa 28 gezek duşuşdylar. Şolarda fransuzlaryň ýeňşi juda köp bolup, olar 19 gezek garşydaşyndan üstün çykdy. Portugallarda bu görkeziji 6-a deňdir. 3 oýnuň esasy wagty deňlikde gutaryp, şol 28 duşuşykda fransuzlar 53, portugallar 31 gol geçirdi.  

Iki ýygyndy Ýewropa çempionatynyň çäginde-de edil Ispaniýa bilen Germaniýa ýaly 4-nji gezek duşuşarlar. Mundan öňki 3 oýunda – 2000-nji ýylda ýarym finalda Fransiýa goşmaça wagtda Zidanyň Altyn goly bilen 2-1 ýeňipdi. 2016-njy ýylda finalda duşuşan toparlaryň şol oýnunda Portugaliýa Fransiýany Parižiň etegindäki «Stad de Frans» stadionynda goşmaça wagtda Ederiň goly bilen ýeňip, ilkinji çempionlygyny baýram edipdi. Olar 2020-nji ýylda-da duşuşdylar. Toparçadaky şol duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanyp, Portugaliýanyň gollaryny Ronaldu, Fransiýanyň gollaryny bolsa Benzema öz adyna ýazdyrypdy.

05.07.2024
Türkmen küştçileri Gruziýada geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky FIDE-niň Dünýä kubogynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň küşt boýunça çagalar ýygyndy topary 22-nji iýun — 3-nji iýul aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen 8, 10 hem-de 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen FIDE-niň Dünýä kubogynda çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasy habar berdi.

Dünýäniň iň güýçli küştilerinden 48-si ýaryşyň alty derejesiniň ählisine gatnaşdy, olar halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) wekillerinden aýratyn çakylyk aldylar. Türkmenistanyň wekilleriniň hem ilkinji gezek «gibrid» formatda geçirilen bu abraýly ýaryşa alty derejede çykyş etmek üçin çakylyk alandyklaryny bellemelidiris.

Gatnaşyjylar 24 adamdan ybarat iki topara bölündiler we ilki şweýsar usulyndan ýedi partiýa oýnadylar. Soňra bolsa küştiler beýleki bir toparda öňdäki orunlary eýelän garşydaşlary bilen oýnadylar we nokaut ulgamy boýunça 24 jübütde iň güýçlini kesgitlediler.

Türkmen küştçilerinden iň gowy netijäni görkezmek 10 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda bäsleşen Aýýa Baýramowa (Lebap) miýesser etdi. Ol öz toparynda 8-nji orny eýeledi. Soňra iki oýnuň netijeleri boýunça pleý-off tapgyryndaky garşydaşyny — singapurly Sim En Rui ýeňdi. Netijede ildeşimiz 15-nji ýeri eýeledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndysyna öz derejelerinde ýurdumyzyň çempionlary bolan küştçüleriň birnäçesi gatnaşdy: Aýlar Hemraýewa (8 ýaşa çenli), Nebahat Muradowa (12 ýaşa çenli), Çaryhekim Çaryýew (8 ýaşa çenli), Omarbek Ismaýylow (10 ýaşa çenli) we Rauf Ýusupow (12 ýaşa çenli).

Bu ýaryşa 37 ýurtdan 288 küştçi gatnaşdy. Medal gazananlaryň arasynda ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň wekilleri bar.

Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň ýaşlar, ýetginjekler we çagalar milli ýygyndylarynyň agzalaryndan 30-a golaýy 20 ýaşa çenli küştçileriň arasyndaky dünýä çempionaty (Hindistan), 8 — 18 ýaş aralygyndaky Aziýa çempionaty (Gazagystan) we nobatdaky Dünýä kubogy ýaly iri ýaryşlaryň üçüsine gatnaşdy.

05.07.2024
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň klublary üçin tomusky transfer möwsümi açyldy

Ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň klublarynyň hem-de şol klublaryň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşýan toparlar üçin tomusky transfer möwsümi açyldy.

Transfer möwsümi 2024-nji ýylyň 28-nji iýulyna çenli dowam edýär.

Tomusky transfer möwsüminiň 1-nji iýulda başlanandygyny ýatladýarys.

05.07.2024
Ýetginjekler toparlarynyň arasynda guralan Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi kesgitlendi

GOÝÇÝSM (Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi) topary 2008-2009-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy. 

Paýtagtymyza wekilçilik edýän topar aýgytlaýjy duşuşykda «Altyn täç» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda «Lebap» topary «Balkany» (4:1) ýeňlişe sezewar etdi.

Final duşuşygynyň yzysüre geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda bäsleşigiň dowamynda öňe saýlanan oýunçylaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, GOÝÇÝSM-iň oýunçysy Eziz Myratlyýew «Iň ökde futbolça» gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi. «Lebap» toparynyň derwezeçisi Yzzat Erkinow «Iň ökde derwezeçi»,  «Altyn täç» toparyndan Kakamyrat Babaýew «Iň ökde goragçy», «Balkan» toparynyň oýunçysy Amanmuhammet Rejepow «Iň ökde ýarymgoragçy», GOÝÇÝSM toparynyň hüjümçisi Weýisgeldi Orazdurdyýew «Iň ökde hüjümçi» diýlip yglan edildi. Iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda garşydaşlarynyň derwezesinden 9 top geçiren Orazmyrat Garajanow («Lebap») öňdeligi eýeledi. «Lebap» toparynyň tälimçisi Timur Husainow «Iň ökde tälimçä» gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen birinjilikde paýtagtymyza hem-de welaýatlara wekilçilik eden toparlarynyň 8-si gatnaşdy. 

04.07.2024
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň bijeleriniň çekiljek güni belli boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 11-nji iýulda milli çempionatyň Ýokary ligasynyň klublarynyň ýolbaşçylary we baş tälimçileri bilen ýygnak geçirer. Bu ýygnagyň çäginde Türkmenistanyň kubogy 2024-iň ilkinji tapgyrlary üçin bije çekişligi hem guramak meýilleşdirilýär. Bu barada «Janköýer» habar berdi.

Federasiýadan Ýokary liga wekilçilik edýän klublara gelip gowşan hatda görkezilişi ýaly, şol günki ýygnakda milli çempionatynyň birinji ýarymynyň netijeleri jemlenilip, öňde duran aýlawlar, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň geçiriljek senesi barada pikir alşylar. Şeýle hem klublaryň wekillerinden agzalan ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin öz tekliplerini hödürlemek haýyş edildi.

Milli çempionatyň Ýokary ligasynda we bu liga wekilçilik edýän klublaryň ýaşlar düzümleriniň arasyndaky birinjilikde «Arkadag» toparynyň öňde barýandygyny ýatladýarys. Çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň senenamasy düzülende, Kubok we Naýbaşy kubok ýaryşlary bilen bilelikde, türkmen toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-däki we Çagyryş ligasyndaky duşuşyklary hem göz öňünde tutular.

04.07.2024
Türkmen samboçylary Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 21 medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Makao şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) geçirilen Aziýanyň we okaniýanyň sambo boýunça bilelikdäki çempionatynda 21 medal gazandylar. Halkara ýaryşy dünýä döwletleriniň 20-siniň wekilleri gatnaşdy.

Söweş sambosy boýunça geçirilen tutluşyklarda türkmen türgenleriniň ikisi hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Olar 50 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edne Bägül Nuryýewa bilen 59 kilograma çenli agram derejäniň wekili Ruşana Nurjowowadyr. Erkekleriň arasynda 64 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Kerim Kerimow bilen zenanlaryň arasynda 54 kilograma çenli derejäniň wekili Zarina Abdyrahmanowa hem-de 80 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa dagylar kümüş medal gazandylar. Sambonyň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň medal gaznasynyň üstüni Alyhan Aýdogdyýew (58 kilograma çenli), Maksat Annagylyjow (79 kilograma çenli), Agasapar Muhadow (88 kilograma çenli), Bezirgen Begenjow (98 kilograma çenli) we Gülzada Joraýewa (72 kilograma çenli) dagylar bürünç medallar bilen ýetirdiler.

Sport sambosy boýunça geçirilen ýaryşlarda Kambara Umarowa (71 kilograma çenli), Agamyrat Bäşimow (88 kilograma çenli) we Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli) dagylar kümüş medal gazanan bolsalar, Babamyrat Baýramow (58 kilograma çenli), Sapar Döwletow (64 kilograma çenli), Nedir Allaberdiýew (79 kilograma çenli), Saýýara Rozyýewa (54 kilograma çenli), Medine Aýdogdyýewa (59 kilograma çenli), Zyba Orunowa (72 kilograma çenli), Saodat Işmuradowa (80 kilograma çenli) we Sabina Agajanowa (80 kilograma çenli) bürünç medal bilen dolanyp geldiler.

Şeýlelikde, toparlaýyn hasapda, milli ýygyndymyz üçünji orny eýeledi. Birinji orny 26 medal, şol sanda 15 altyn, 7 kümüş we 4 bürünç medal bilen Gazagystan, ikinji orny 19 medal (8-1-10) bilen Özbegistan eýeleýär.

Şu gezekki Aziýanyň çempionaty sambonyň yklymda has giňden ýaýraýandygyny görkezýär. Muny hindistanly, koreýaly we filippinli türgenleriň hem medallara mynasyp bolmagy hem tassyklaýar.

04.07.2024
Muhadowyň goly «Abdyş-Ata» «Nebitçini» ýeňmäge kömek etdi

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäklerinde Kant şäherinde geçirilen duşuşykda «Abdyş-Ata» «Neftçini» 4:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşyga ätiýaçlykdaky düzümden giren türkmenistanly hüjümçi Süleýman Muhadow 89-njy minutda tapawutlanyp, toparynyň dördünji goluny geçirmegi başardy.

Duşuşykda başga bir türkmenistanly futbolçy Teýmur Çaryýew bolsa esasy düzümde oýna girip, boýdan-başa meýdanda boldy.

Bu ýeňişden soň utugyny 33-e çykaran «Abdyş-Ata» ýaryş tertibindäki ýerini berkitdi.

Gyrgyz çempionatynyň 12-nji tapgyrynda Süleýman Muhadowyň duşuşygyň iň gowy oýunçysy bolandygyny ýatladýarys.

Ýakynda «Transfermartkt» Gyrgyzystanyň çempionatyndaky oýunçylaryň transfer bahalaryny täzeledi. Ine, şonda Çaryýewiň bahasy ozalkysyndan 25 müň köpelip, 275 müň ýewro ýetdi. Häzirki wagtda Muhadowa bolsa 75 müň ýewro baha kesilýär.

03.07.2024
Çärýek finalda janköýerlere biri-birinden gyzykly duşuşyklar garaşýar

Germaniýada geçirilýän 17-nji Ýewropa çempionatynda duşuşyklaryň agramly bölegi tamamlanyp, indiki 7 aýgytlaýjy duşuşyk galdy. 1/8 final duşuşyklary tamamlanyp, çärýek finala çykanlaryň ählisi belli boldy. «A» toparçadan ýer eýeleri Germaniýanyň ýygyndysy bilen bir hatarda, Şweýsariýanyň, «B» toparçadan Ispaniýanyň, «C» toparçadan Angliýanyň, «D» toparçadan Fransiýadyr Niderlandlaryň hem-de «F» toparçadan Portugaliýa bilen Türkiýäniň ýygyndylary yklym ýaryşynda iň gowy 8 toparyň arasyna atlaryny ýazdyrdylar. «E» toparçadan ýeke topara hem çärýek finala galmak miýesser etmedi.

Çärýek finalyň duşuşyklary 5-6-njy iýulda, ýagny anna hem-de şenbe günleri oýnalar. Duşuşyklar ýene-de 21:00-da hem-de 00:00-da başlanar.

5-nji iýulda 21:00-da Ispaniýa bilen Germaniýanyň ýygyndylary Ştutgartda, 00:00-da bolsa Portugaliýa bilen Fransiýanyň ýygyndylary Gamburgda özara duşuşarlar.

6-njy iýulda 21:00-da Angliýa bilen Şweýsariýanyň ýygyndylary Dýusseldorfda, 00:00-da başlanjak duşuşykda-da Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndylary Berlinde ýarym finala çykmak üçin özara göreşerler.

Ýeňiş gazanan toparlar 9-10-njy iýuldaky ýarym finalda duşuşarlar. Final duşuşygy 14-nji iýulda Berlindäki «Olympiastadionda» oýnalar.  

03.07.2024
Niderlandlaryň ýygyndysy 7-nji çärýek finalçy boldy

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynda Niderlandlaryň ýygyndysy hem çärýek finala çykdy.

1/8 finalda Rumyniýanyň ýygyndysy bilen duşuşan Niderlandlar 3-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Niderlandlara ýeňiş getiren gollary 20-nji minutda Kodu Gakpo, 83-nji hem-de 90+3-nji minutlarda Donýell Malen derwezä girizdi. Şunlukda, Niderlandlaryň ýygyndysy 5-nji gezek çärýek finala çykdy.

2000-nji ýylda çärýek finala çykan rumynlar 2-nji sapar şeýle hukuga eýe bolup bilmediler.

03.07.2024
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysyna «Nawbahoryň» futbolçysy çagyryldy

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy topary Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde geçiriljek halkara ýaryşy 5-12-nji iýul aralygynda dowam eder. Ýakynda geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndysy “B” toparçada bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Ýaşlar ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlary Eýranyň hem-de Özbegistanyň ýaşlar ýygyndylary bolar. Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Owganystanyň ýaşlar ýygyndylary “A” toparçany düzdüler.

Halkara ýaryşynyň öňüsyrasy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren ýaşlar ýygyndymyzyň hataryna ýaşlar ligamyzda çykyş edýän toparlaryň oýunçylarynyň 23-si çakylyk aldy. Olar:

Derwezeçiler: Aşirow Seýran (“Ahal”), Dawatow Dawut (“Aşgabat”), Gulow Ysmaýyl (“Energetik”);

Oýunçylar:

Annaýew Enwer, Berdiýew Hangeldi, Sarkisýan Eduard, Papyýew Magtymguly, Nepesow Orazmyrat (hemmesi “Arkadag”),

Agajumaýew Begenç, Amangeldiýew Ibraýym, Annamyradow Yslam, Bekmyradow Beglimuhammet, Esenow Gurbanmuhammet, Gaýypnazarow Medet, Garajaýew Gurbangeldi, Gowşudow Ýakupmuhammet, Ilmyradow Maksat, Muhammedow Mekan (hemmesi “Ahal”),

Berenow Magtymberdi (“Nebitçi”),

Garaýew Gurbanguly (“Şagadam”),

Kambarow Ismail (“Altyn Asyr”),

Orazow Hajymuhammet (“Köpetdag”),

Zülfakar Ali (“Nowbahor”, Özbegistan).

Ýygyndy toparyň baş tälimçisiniň wezipesini Döwletmyrat Annaýew ýerine ýetirýär.

Bu halkara ýaryşynyň ýaşlar ýygyndy toparymyz üçin 2025-nji ýylda Hytaýda geçiriljek 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlyk hökmünde garalýar.

Ýeri gelende bellesek, geçirilen bije çekişligiň netijesinde ýygyndy toparymyz “I” toparçada Ýaponiýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Mýanmanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Saýlama tapgyrynyň duşuşyklary şu ýylyň 21-29-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.

Halkara ýaryşynyň senenamasy:

5-nji iýul:

17:30 I Türkmenistan – Özbegistan

22:00 I Owganystan – Gyrgyz Respublikasy

7-nji iýul:

17:30 I Täjigistan – Owganystan

22:00 I Eýran – Türkmenistan

9-njy iýul:

17:30 I Özbegistan – Eýran

22:00 I Gyrgyz Respublikasy – Täjigistan.

02.07.2024
1 ... 35 36 37 38 39 ... 55