AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Düýe çapyşyklary Bahreýnde geçiriljek Aziýanyň ýaşlar oýunlarynyň sport maksatnamasynyň bölegi bolar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2025-nji ýylyň 22-31-nji oktýabr aralygynda geçiriljek Aziýanyň III ýaşlar oýunlarynyň sport görnüşlerini we ýaş talaplaryny yglan etdi.

Sport edarasynyň Baş direktory Huseýn Al Musallam 45 sany milli olimpiýa komitetleriniň prezidentlerine we baş sekretarlaryna ýollan hatynda çözgütleriň Bahreýniň Aziýanyň ýaşlar oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti bilen bilelikde kabul edilendigi barada habar berdi.

Ýaryşlara Aziýanyň dürli ýurtlaryndan 14-17 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşar. Oýunlaryň maksatnamasyna sportuň 24 görnüşi girizildi. Olaryň arasynda: ýeňil atletika, badminton, basketbol 3x3, atçylyk sporty, kibersport, futzal, golf, gandbol, dzýudo, jiu-jitsu, garyşyk söweş sungatlary, weloşosse, ýüzmek, stoluň üstündäki tennis, taekwondo, triatlon, sport göreşi, agyr atletika, kabaddi, woleýbol we tekbol.

Geçen aýda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi World Camelids Sports-y resmi ýagdaýda Aziýada düýe çapyşyklarynyň ýolbaşçy edarasy diýip ykrar edeninden soň, düýe çapyşyklary ýaryşlara goşuldy.

Aziýanyň III ýaşlar oýunlary ýaşlar üçin möhüm waka bolup, olara halkara arenada özüniň sport gazananlaryny görkezmek üçin mümkinçilik berer.

07.03.2025
«Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ¼ finalynyň deslapky oýnunda «Ist Bengaldan» üstün çykdy

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň deslapky oýnunda myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» klubuny ýeňlişe sezewar etdi.

Çarşenbe güni Kalkutta şäherinde geçirilen oýun 1:0 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk gol 10-njy minutda Ýazgylyç Gurbanow tarapyndan derwezä gönükdirildi.

Bu iki toparyň arasyndaky jogap oýny 12-nji martda «Arkadag» toparynyň meýdançasynda geçiriler.

07.03.2025
Türkmen tennisçileri Billi Jin King Kubogynyň ýetginjekleriň arasyndaky saýlama ýaryşyny ýeňiş bilen başladylar

Türkmenistanyň tennis boýunça zenanlar ýygyndysy 16 ýaşa çenli Billi Jin King Kubogy ugrundaky halkara ýetginjekler saýlama ýaryşynda Wýetnamyň ýygyndysyndan 3:0 hasaby bilen üstün çykyp, ýaryşy ýeňiş gazanmak bilen başlady – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Ýaryş Malaýziýada 14 ýurduň ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilýär, olar dört toparça bölünip bäsleşýärler. Türkmenistanyň ýygyndysy Şri-Lankanyň hem-de Wýetnamyň toparlary bilen bilelikde «B» toparçada çykyş edýär. Milli ýygyndymyzda üç ýaş türgen çykyş edýär: Ilima Guseýnowa, Aýnur Möwlamowa we Jennet Çaryýewa.

Toparçada gazanylan netijelere esaslanyp, iň oňat iki ýurduň ýygyndysy ýaryşyň pleý-off ýaryşyna çykar. Türkmen tennisçileri üçin açylyşdaky ýeňiş ýaryşyň indiki tapgyryna çykmak üçin göreşiň ajaýyp başlangyjy boldy.

Billi Jin King Kubogynyň zenanlar tennisindäki iň uly halkara topar ýaryşydygyny bellemelidiris. 2020-nji ýyla çenli bu ýaryş Federasiýa Kubogy diýlip atlandyrylypdy we soňra Amerikanyň meşhur tennisçisi Billi Jin Kingiň hormatyna üýtgedilipdi.

06.03.2025
ÝÇL-iň 1/8 finalynyň deslapky oýunlary: «Real» «Atletikony» ýeňdi, «Arsenal» PSW-ni derbi-dagyn etdi

Ýewropa çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň deslapky oýnunda «Real» «Atletikony» kabul edip, 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. «Realyň» düzüminde Rodrigo (4-nji minut) hem-de Braim Dias tapawutlandy. Myhmanlaryň goluna Hulian Alwares awtorlyk etdi.

Günüň başga bir oýnunda Angliýanyň «Arsenaly» myhmançylykda Niderlandlaryň PSW toparyny 7:1 hasabynda derbi-dagyn etdi. «Arsenalyň» düzüminde Ýurriýen Timber (18), Itan Nwaneri (21), Mikel Merino (31), Martin Edegor (47, 73), Leandro Trossard (48) we Rikardo Kalafýori (85) dagy gol urmagy başardylar. Ýer eýeleriniň 43-nji minutda penaltiden urlan ýeke-täk goly Noa Lang tarapyndan derwezä gönükdirildi.

ÝÇL-iň 1/8 finalynyň 4-nji martda geçirilen deslapky oýunlarynyň netijeleri:

«Brýugge» – «Aston Willa» – 1:3;
«Borussiýa» Dortmund – «Lill» – 1:1;
«PSW» – «Arsenal» – 1:7;
«Real Madrid» – «Atletiko» Madrid — 2:1.

Bu jübütleriň arasyndaky jogap oýunlary 12-nji martda geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Ýewropa çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi Madridiň «Real» toparydyr. «Real» ÝÇL-iň geçen möwsüminiň finalynda Dortmundyň «Borussiýasyny» 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

06.03.2025
Pahtakor AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Al-Hilaly ýeňdi

Özbegistanyň Pahtakor kluby AFK-nyň saýlama Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň ilkinji oýnunda Saud Arabystanynyň Al-Hilal klubyndan üstün çykdy.

Daşkentde geçirilen duşuşyk meýdança eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasaby bilen tamamlandy. 29-njy minutda Flamarion ýeke-täk pökgini tora girizmegi başardy.

Iki duşuşykdan ybarat bolan jogap oýnuny 11-nji martda geçirmek meýilleşdirilýär. Germaniýanyň «Transfermarkt» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, Al-Hilalyň bazar bahasy 178,5 million ýewro, Pahtakor klubyňky bolsa 12,05 million ýewro barabar.

06.03.2025
Türkmenistanyň futbol boýunça 2025-nji ýylyň çempionaty Babarapdaky oýun bilen badalga alýar

4-nji martda Türkmenistanyň futbol boýunça 2025-nji ýylyň çempionaty başlandy. 

1-nji tapgyryň çäklerinde 3 duşuşyk geçiriler: «Ahal» - «Nebitçi», «Altyn Asyr» - «Aşgabat» we «Şagadam» - «Merw». «Arkadag» we «Köpetdag» toparlarynyň arasyndaky oýun yza süýşürildi.

1-nji tapgyryň oýunlarynyň tertibi:

«Ahal» – «Nebitçi»

4-nji mart. Babarap geňeşligi. 15:00

• Baş emin: A.Begnazarow (Mary)
• Kömekçi eminler: M.Şanazarow (Mary), Ş.Ýusupow (Mary)
• Ätiýaçlykdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat)
• Oýnuň inspektory: M.Owezdurdyýew (Mary)

«Altyn Asyr» – «Aşgabat»

5-nji mart. Büzmeýin etraby. 15:00

• Baş emin: Naryman Garajaýew (Aşgabat)
• Kömekçi eminler: M.Allaberdiýew (Aşgabat), H.Amanmamedow (Balkanabat)
• Ätiýaçlykdaky emin: E.Ýazmyradow (Aşgabat)
• Oýnuň inspektory: A.Sapaýew (Daşoguz)

«Şagadam» – «Merw»

5-nji mart. Balkanabat. 15:00

• Baş emin: B.Atdyýew (Arkadag)
• Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz), A.Weliýew (Änew)
• Ätiýaçlykdaky emin: P.Pälwanow (Daşoguz)
• Oýnuň inspektory: B.Atajanow (Daşoguz)

05.03.2025
Gyrgyzystanyň kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Titowyň geçýändigini mälim etdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mihail Titow Gyrgyzystanyň «Uzgen» kluby bilen şertnama baglaşdy – diýip, komandanyň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň «Altyn Asyr», «Arkadag» we «Nebitçi» klublarynda oýnan 27 ýaşly türgen futbol ýoluny Gyrgyzystanyň premýer-ligasynda dowam etdirer. Titowyň «Uzgen» bilen şertnamasy bir ýyla baglaşyldy.

Mundan öň Türkmenistanyň başga bir wekili — milli ýygyndymyzyň öňki futbolçysy Maksim Belyh «Uzgeniň» tälimçiler toparyna goşulypdy, ol futbolçylary fiziki taýdan taýýarlamak işi bilen meşgullanar.

«Uzgen» takmynan 70 müň ilaty bolan bu ýurduň ady bir şäheridigini bellemek gerek. Topara ýaş hünärmen Nadyrbek Mamadaliýew ýolbaşçylyk edýär.

Ýetip gelýän 2025-nji ýylyň futbol möwsüminde Gyrgyzystanyň çempionatyna 14 klub gatnaşar, olaryň dördüsi — «Aziýagol» (Bişkek ş.), «Bars» (Karakol ş.), «Bişkek siti» (Bişkek ş.) we «Uzgen» (Uzgen ş.) şu möwsümde täze goşulan toparlardyr.

05.03.2025
«Ahal» kluby «Nebitçiden» üstün çykmak bilen, Türkmenistanyň futbol çempionatyny ýeňiş bilen başlady

«Ahal» Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynda «Nebitçi» klubyndan üstün çykdy.

Duşuşyk Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginde geçirildi we ol 2:0 hasaby bilen tamamlandy.

Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde gollary Magtymberdi Berenow (38-nji minutda) we Gurban Annaýew (73) tora girizdi.

Geçen möwsümde «Ahal» Ýokary ligada ikinji orny eýeledi.

05.03.2025
Türkmen futbolyndaky transferler: çempionatyň başlanmagynyň öň ýanyndaky geçişler

4-nji martda Ýokary liganyň klublarynyň arasynda Türkmenistanyň 33-nji futbol çempionatyna badalga berler. 2025-nji ýylyň möwsüminiň başlanmagynyň öň ýanynda klublar täze oýunçylar bilen öz toparlaryny güýçlendirýärler, şonuň üçin hem fewral aýynyň 1-den 28-ne çenli futbolçylaryň bir klubdan beýleki kluba geçmek üçin transfer, ýagny geçiş penjiresi açyldy. 

«Arkadag»

Geçenler:

• Ahmet Ataýew (goragçy, «Altyn Asyr»),
• Anton Maksimow (derwezeçi, «Merw»),
• Ýazgylyç Gurbanow (ýarym goragçy, «Ahal»),
• Döwletmyrat Annaýew (tälimçi),
• Ahmet Allaberdiýew (tälimçi).

Gidenler:

• Nazar Towakelow (ýarym goragçy, «Ahal»),
• Begmyrat Baýew (ýarym goragçy, «Ahal»,
• Kakageldi Berdiýew (derwezeçi, «Ahal», kärende),
• Ilýa Tamurkin (ýarym goragçy, «Şagadam»),
• Gurbanmyrat Garaýew (derwezeçi, «Şagadam»).

«Ahal»

Geçenler:

• Nazar Towakelow (ýarym goragçy, «Arkadag»),
• Begmyrat Baýew (ýarym goragçy, «Arkadag»),
• Kakageldi Berdiýew (derwezeçi, «Arkadag», kärende),
• Döwran Berdiýew (goragçy, «Nebitçi»).

Gidenler:

• Ýazgylyç Gurbanow (ýarym goragçy, «Arkadag»),
• Ruslan Priýew (goragçy, «Şagadam», kärende),
• Ýagşysähet Döwletgeldiýew (hüjümçi, «Şagadam», kärende),
• Azizbek Begjanow (ýarym goragçy, «Şagadam»),
• Döwletýar Berdiýew (derwezeçi, «Aşgabat»),
• Toýly Batyrow (goragçy, «Nebitçi»).

«Altyn Asyr»

Geçenler:

• Süleýman Muhadow (hüjümçi, «Alaý», (Gyrgyzystan),
• Aly Haýdarow (ýarym goragçy, «Merw»),
• Begli Nurmyradow (derwezeçi, «Aşgabat», kärendeden gaýdyp geldi).

Gidenler:

• Ahmet Ataýew (goragçy, «Arkadag»),
• Döwletmuhammet Jallatow (derwezeçi, «Merw»),
• Batyr Babaýew (derwezeçi, «Nebitçi»).

«Aşgabat»

Geçenler:

• Şatlyk Gurbanow (hüjümçi, «Şagadam»),
• Döwletýar Berdiýew (derwezeçi, «Ahal»),
• Pirmyrat Soltanow (ýarym goragçy, «Şagadam»).

Gidenler:

• Begli Nurmyradow (derwezeçi, «Altyn Asyr», kärendäniň tamamlanmagy).

«Köpetdag»

Geçenler:

• Berdi Hotdyýew (baş tälimçi),
• Gahrymanberdi Çoňkaýew (tälimçi),
• Şamuhammet Jumaýew (ýarym goragçy, «Şagadam»),
• Myrat Dadaýew (ýarym goragçy, «Şagadam»).

Gidenler:

• Myrat Amantaganow (goragçy, «Nebitçi»),
• Süleýman Mirzoýew (hüjümçi, «Şagadam»),
• Nyýazmyrat Kulýazow (hüjümçi, «Şagadam»).

«Merw»

Geçenler:

• Döwletmuhammet Jallatow (derwezeçi, «Altyn Asyr»),
• Maksat Çagbaliýew (goragçy, «Nebitçi»).

Gidenler:

• Aly Haýdarow (ýarym goragçy, «Altyn Asyr»),
• Anton Maksimow (derwezeçi, «Arkadag»),
• Şazada Bäşimow (goragçy, «Şagadam»).

«Nebitçi»

Geçenler:

• Aleksandr Klimenko (baş tälimçi),
• Batyr Babaýew (derwezeçi, «Altyn Asyr»),
• Toýly Batyrow (goragçy, «Ahal»),
• Hydyr Ýakubow (ýarym goragçy, «Şagadam»),
• Begmyrat Arbatow (goragçy, «Şagadam»),
• Myrat Amantaganow (goragçy, «Köpetdag»).

Gidenler:

• Döwran Berdiýew (goragçy, «Ahal»),
• Maksat Çagbaliýew (goragçy, «Merw»),
• Aşyr Jumadurdyýew (goragçy, «Şagadam»).

«Şagadam»

Geçenler:

• Ilýa Tamurkin (ýarym goragçy, «Arkadag»),
• Gurbanmyrat Garaýew (derwezeçi, «Arkadag»),
• Aşyr Jumadurdyýew (goragçy, «Nebitçi»),
• Şazada Bäşimow (goragçy, «Merw»),
• Ruslan Priýew (goragçy, «Ahal», kärende),
• Ýagşysähet Döwletgeldiýew (hüjümçi, «Ahal», arenda),
• Azizbek Begjanow (ýarym goragçy, «Ahal»),
• Süleýman Mirzoýew (hüjümçi, «Köpetdag»),
• Nyýazmyrat Kulýazow (hüjümçi, «Köpetdag»).

Gidenler:

• Şatlyk Gurbanow (hüjümçi, «Aşhabad»),
• Pirmyrat Soltanow (ýarym goragçy, «Aşhabad»),
• Şamuhammet Jumaýew (ýarym goragçy, «Köpetdag»),
• Myrat Dadaýew (ýarym goragçy, «Köpetdag»),
• Hydyr Ýakubow (ýarym goragçy, «Nebitçi»,
• Begmyrat Arbatow (goragçy, «Nebitçi»).

04.03.2025
Jumaýewiň oýnaýan «Witebsk» kluby Belarusyň kubogy ugrundaky 1/4 finalynyň ilkinji oýnunda «Slusk» komandasyndan üstün çykdy

Geçen ýekşenbe güni Belarusyň kubogy ugrundaky 1/4 finalynyň duşuşygynda «Witebsk» kluby öz meýdançasynda «Slusk» komandasyndan üstün çykdy, oýun 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň hasabyna tamamlandy. Bu klubyň düzüminde Kuadio (31-nji minutda) we Twerew (62) tapawutlanmagy başardylar.

«Witebsk» klubynyň türkmenistanly goragçysy Wepa Jumaýew başlangyç düzümde oýna çykdy we ol tutuş oýny esasy düzümde geçirdi.

Belarusyň kubogy ugrundaky çärýek final oýnunda «Torpedo-BelAZ» kluby Brestiň «Dinamo» komandasy bilen deňme-deň oýnady (0:0). Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew şu gezek «Torpedo-BelAZ» klubynyň oýun üçin beren sanawyna goşulmady.

04.03.2025
Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça ýaşlar dünýä çempionatynda Lýuksemburgy uly hasap bilen ýeňdi

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy «B» topardaky üçünji diwizionynda 2025-nji ýylyň ýaşlar dünýä çempionatynyň ilkinji oýnunda Lýuksemburgyň komandasyny uly hasap bilen ýeňmegi başardy. Bangkokda geçirilen duşuşyk 8:2 (1:0, 3:2, 4:0) hasaby bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda geksa-trik goly (alty şaýba) Soltanhamid Wahitow tarapyndan ýerine ýetirildi, şeýle-de Şöhrat Begliýew we Iskenderhan Durdyýew hersi bir şaýba geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, hokkeý boýunça ýaşlar dünýä çempionaty 28-nji fewraldan 6-njy marta çenli Taýlandda geçirilýär. «A» toparyň üçünji diwizionyna geçmek üçin Bosniýanyň, Özbegistanyň, Taýlandyň, Günorta Afrikanyň we Lýuksemburgyň toparlary göreşýärler.

Şu gün, 1-nji martda, Meýlis Kulyýewiň tälim berýän hokkeýçileri Taýlandyň ýygyndysy bilen oýnar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunlarynyň tertibi: (Aşgabat wagty bilen)

  • 1-nji martda 18:00 Türkmenistan – Taýland
  • 3-nji martda 14:30 Türkmenistan – Özbegistan
  • 4-nji martda 14:30 Günorta Afrika – Türkmenistan
  • 6-njy martda 14:30 Bosniýa – Türkmenistan
03.03.2025
Türkmen tennisçileri Dubaidaky abraýly ATP 500 ýaryşynda çykyş edip bilerler

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy, Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) wise-prezidenti Eziz Döwletow BAE-niň Tennis federasiýasynyň baş sekretary Naser Ýusuf Al Marzuki bilen türkmen türgenleriniň indiki ýyl ATP 500 Dubai Duty Free Tennis Championship ýaryşyna gatnaşmak mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk bu abraýly ýaryşyň geçirilýän döwründe Dubaýda geçirildi – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Türkmen tennisçileriniň Dubaýda geçirilýän ýaryşa gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşmakdan daşary, federasiýalaryň ýolbaşçylary iki ýurtda tennisiň ösdürilmegi baradaky meseleleri hem gozgadylar. Hususan-da, bilelikdäki ýygnanyşyklary geçirmegiň, sport psihologlaryny taýýarlamagyň we dünýäde meşhurlygy artýan padel-tennis görnüşiniň ösüşiniň geljegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşmanyň üns merkezinde boldy.

Naser Ýusuf Al Marzuki «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynda BAE-niň toparyna görkezilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we ýaryşlaryň ýokary derejede guralandygyny aýratyn belledi.

Şu ýyl Dubai ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi meşhur grek tennisçisi Stefanos Sisipas boldy.

03.03.2025
1 ... 7 8 9 10 11 ... 62