Habarlar

Türkmenistanyň Küşt federasiýasy täzelik girizmek bilen Gran Pri ýaryşlarynyň täze tapgyryny esaslandyrdy — ol oýunlary hakyky wagt düzgüninde onlaýn ýaýlyma bermegi ýola goýdy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu tapgyr Türkmenistanyň we paýtagtyň bäş sebitinde geçiriljek nusgawy formatdaky alty ýaryşdan ybarat bolar. Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde badalga alan ilkinji tapgyr 127 gatnaşyjyny – açyk derejede 83 adam, aýallar derejesinde hem 44 aýal-gyzy özünde jemledi.
Tutuş tapgyryň netijelerine görä, paýtagtymyzda pleý-off ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşjak her dereje boýunça 16 sany iň oňat oýunçy kesgitlener. Ýeňiş gazanan küştçiler halkara ýaryşlary üçin milli ýygyndymyzyň esasyny düzjek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Ýokary ligasyna gönümel ýollanma alarlar.
Ýaryşyň esasy aýratynlygy, Türkmenistanyň küşt taryhynda ilkinji onlaýn ýaýlym berilmegi boldy. Küşt mallarynda we tagtalarynda ýörite sensorlaryň bolmagy bilen, küşt tagtasyndaky her bir hereket dessine sanlylaşdyrylýar we DGT LiveChess programmasy arkaly onlaýn platformalara iberilýär.
Tomaşaçylar her bir göçümi, oýunçylaryň wagtyny yzarlap, Lichess platformasyndaky oýunlary hakyky wagtda seljerip bilýärler.
Häzirki wagtda açyk derejede 7 tagta we aýal-gyzlar derejesinde 3 tagta onlaýn ýaýlyma berilýär. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bir wagtda onlaýn ýaýlyma bermek üçin tagtalaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Taslama üçin tehniki goldaw Gollandiýanyň DGT kompaniýasy we Türkmenistanyň «Imdat Elektronika» IT kompaniýasy tarapyndan berilýär.
Guramaçylaryň pikiriçe, bu girizilen tehniki täzelik — küşt ýaryşynyň tomaşaçylaryň giň köpçüligi üçin ajaýyp sport görnüşine öwrülmeginde gazanyljak möhüm ädimdir.

Beýik Britaniýada ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçýän kabaddi boýunça Paddy Power Dünýä kubogy badalga aldy. Bu barada Insidethegames.biz onlaýn-neşiri habar berýär.
Ýaryşa bütin dünýäniñ toparlary gatnaşýar: dört toparça bölünen 16 erkek we 8 aýal ýygyndylary. Erkekleriñ arasynda Hindistanyñ, Pakistanyñ we Germaniýanyñ toparlary, aýallaryñ arasynda bolsa - Hindistan we Angliýa öñdebaryjy hasaplanylýar.
Ýaryş 23-nji marta çenli dowam edip, Birmingem, Kowentri, Uolsoll we Wulwerhempton ýaly şäherlerde geçiriler. Ýaryşy onlaýn-platformalarda hem görüp bolar.
Ýaryş diñe bir kabbadiniñ ösüşini açyp görkezmän, eýsem sportda inklýuziwliligiñ we köpdürliligiñ alamatydyr.
"Paddy Power kabaddi boýunça Dünýä kubogynyñ ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçirilmegi bu sport görnüşiniñ global derejede ösüşiniñ nyşanydyr. Kabaddi bütin dünýäde meşhurlyk gazanýar we ýakynda onuñ Olimpiýa oýunlarynyñ bir bölegi boljagyna ynanýarys" - diýip, Halkara kabaddi federasiýasynyñ prezidenti Aşok Das belledi.
Birnäçe müñ ýyl mundan ozal Hindistanda dörän kabaddi özünde taktiki ussatlygy, tizligi we güýji jemleýän sport görnüşidir. Ýedi adamdan ybarat iki topar baýdagy eýelemek üçin meýdançada ýaryşýar.

«Ahal» Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 3-nji tapgyrynda «Köpetdagy» ýeňlişe sezewar etdi.
Gökdepe etrabynda geçirilen oýun 4:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky gollar Daýanç Meredowyň (23-nji minut), Gurban Annaýewiň (35), Süleýman Kadyrowyň (76, awtogol) hem-de Ýakupmuhammet Gowşudowyň (90+3) adyna ýazyldy.
«Ahal» häzirki wagtda 2 oýunda toplanan 6 utuk bilen turnir tablisasynyň ikinji basgançagyny eýeläp dur. Heniz utuk gazanmadyk «Köpetdag» bolsa iň soňky ýerde barýar.
Tapgyryň beýleki oýunlarynyň ikisinde hem golsuz deňlik hasaba alyndy. Has takygy, «Nebitçi» öz öýünde «Şagadam» bilen, «Merw» bolsa myhmançylykda «Aşgabat» bilen utuk paýlaşdy.

Kuweýtiň «Al-Arabi» kluby Günbatar zolakda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Omanyň «Al-Sib» topary bilen deňme-deň oýnady. Penşenbe güni gije Omanda geçirilen bu oýun 2:2 hasabynda tamamlandy, ýöne ilkinji oýunda ýeňiş (1:0) gazanmagynyň netijesinde Kuweýtiň kluby indi ýarym finalda «Arkadag bilen duşuşyp, ýaryşdaky göreşini dowam etdirer.
Ozal «Arkadag» bilen «Al-Arabi» kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçasynda eýýäm duşuşypdy, bu oýunda türkmen topary 2:3 hasaby bilen ýeňilipdi.
Ýarym final oýunlary 9-njy we 16-njy aprelde geçiriler. «Arkadag» ilkinji oýnuny myhmançylykda geçirer, Arkadag şäherindäki öz meýdançasynda bolsa jogap duşuşygyny kabul eder.
«Arkadag» taryhynda ilkinji gezek Aziýada üçünji möhüm klub ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy. Çärýek finalda Türkmenistanyň topary Hindistanyň «Ist Bengal» klubyndan üstün çykdy, ol Kalkuttada 1:0 hasaby bilen, öz meýdançasyndaky jogap oýunda bolsa - 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Türkiýäniň Manawgat şäherinde geçirilen abraýly ITF Master's World Team Championship dünýä çempionaty ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Milli ýygyndymyz 30+ ýaş derejesinde çykyş etmek bilen, dünýäniň iň güýçli 12 toparynyň bäsleşýän ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu ýaryşda Türkmenistana ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogynyň bürünç medalyna eýe bolan Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň kubogynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ozalky birinji raketkalary Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy wekilçilik etdiler. Ýygyndynyň kapitany Mirali Gasanow bolup, ol ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisidir we Türkmenistanda PRO Level derejesiniň şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçidir.
Toparçadaky tapgyrda türkmen ýygyndysy Beýik Britaniýanyň toparyndan 0:3 hasaby bilen utuldy, emma çärýek finala çykmak üçin aýgytlaýjy oýunda Kanadanyň toparyndan möhüm ýeňiş gazanmagy başardy.
Ýekelikdäki ilkinji oýunda Aleksandr Ärnepesow Jabril Kablini 7:5, 6:3 hasaby bilen ýeňdi, ýöne ikinji oýunda kanadaly Nikolas Winsent Ýuriý Rogusskiden üstün çykdy - 7:6, 6:2. Çärýek finala çykmagyň ýollanmasynyň ykbaly jübüt duşuşykda çözüldi, onda Ärnepesow bilen Rogusskiýniň jübüti Kabli bilen Winsentden ýeňiş gazandy – 6:4, 7:6 (4).
Dünýäniň ilkinji sekiz ýygyndysynyň ýaryşynyň tapgyryna çykmak, esasanam bu toparyň şu ýaryşda ilkinji çykyşydygyny göz öňünde tutup, munuň türkmen tennisçileri üçin taryhy üstünlik bolandygy bellenmäge mynasypdyr.
Çärýek finalda türkmen tennisçileri Hindistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ýarym finala çykmak üçin galan oýunlar Argentina bilen Şwesiýanyň, Germaniýa bilen Türkiýäniň, ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

«Arkadag» kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda «Ist Bengaly» 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň ýarym finalyna çykmagy başardy.
Arkadag şäherinde geçirilen oýunda türkmen toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew özüni görkezdi. Ol ätiýaçdan oýna goşulyp, 2 gezek hindi toparynyň derwezesinden top geçirdi. Myhman toparyň düzüminde Messi familiýaly oýunçy tapawutlandy.
Şeýlelikde, bu ýeňiş deslapky duşuşykda hem 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan türkmen toparyna yklym derejeli ýaryşyň ýarym finalynda çykyş etmäge hukuk gazandyrdy. «Arkadag» toparynyň ýarym finaldaky garşydaşy «Al Sib» (Oman) — «Al-Arabi» (Kuweýt» jübütiniň ýeňijisi bolar. Bu iki toparyň arasyndaky jogap oýny şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 23:00-da başlanar. Deslapky oýun 1:0 hasabynda «Al-Arabiniň» ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Türkmenistanyň «Arkadag» kluby bilen Hindistanyň «Ist Bengal» klubynyň arasyndaky AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýnuna Liwandan eminler topary bellendi. Baş emin — Şeýh Ahmad Alaeddin.
Eminler toparynyň düzümine şeýle hem: eminiň kömekçileri Samer Badr we Ali Berri, ätiýaçlyk emini Muat Owfi Eman (Palestina) we oýnuň komissary Dawlatmand Islomow (Täjigistan) girdi.
Duşuşyk 12-nji martda «Arkadagyň» stadionynda geçiriler we ol ýerli wagt bilen 15:30-da başlanar. Ýer eýeleri meýdança ak lybasda çykar, «Ist Bengal» klubynyň futbolçylary gyzyl lybasda oýnar. Bir hepde mundan ozal Kalkuttada geçirilen birinji oýunda Arkadag 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdy.
Oýnuň öňüsyrasynda iki toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda metbugat maslahaty geçirildi.

12-nji martda «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda Hindistanyň «Ist Bengal» klubyny kabul eder. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda geçiriler we ol ýerli wagt bilen sagat 15:30-da başlanar.
Möhüm duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen toparynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew we hüjümçisi Didar Durdyýew oýundan öňki metbugat maslahatyny geçirdi we şol ýerde ýetip gelýän duşuşykdan garaşýan zatlary bilen paýlaşdylar.
Döwletmyrat Annaýew toparyň ýagdaýy baradaky soraga jogap berip, oýunçylaryň bu duşuşyga ýokary derejede taýýardygyny aýtdy: «Şeýle ýaryşlarda topar hemişe aňrybaş derejede taýyn bolmaly, sebäbi iň ýokary derejä taýyn däl bolan halatyňda, şeýle ýaryşlara gatnaşmagyň manysy hem ýok». Tälimçiniň pikiriçe, oýunçylara goşmaça itergi asla gerek däl: «Arkadag» ýaly klubda oýnamak eýýäm itergidir».
Öňde duran oýun üçin saýlanyp alnan taktika barada aýdylanda bolsa, türkmen klubynyň tälimçisi toparyň oýnuň dürli ssenariýlerine taýýarlanýandygyny bellemek bilen: «Häzirki zaman futbolynda oýny nähili geçirip boljakdygyny öňünden çaklamak – bu aslyýetinde laýyk gelmeýän işdir. Şonuň üçin hem biz dürli oýun ýagdaýlaryna taýýardyrys».
Hüjümçi Didar Durdyýew «Arkadagyň» (1:0) Hindistanda geçiren ilkinji ýeňişli oýnuny teswirlemek bilen, nätanyş howa şertlerinde oýnuň kyn bolandygyny boýun aldy: «Howa şertleri sebäpli bize birneme kyn boldy, ýöne hemme zat gowy boldy. Iň esasy zat, biz öňümizde goýlan wezipäni bitirip, myhmançylykdaky oýunda ýeňiş gazandyk».
Şol bir wagtyň özünde, Durdyýew toparyň öz meýdançasyndaky oýundan öň badyny gowşatmaýandygyny belläp: «Ilkinji oýunda ýeňiş gazananymyz bilen, munuň entek hiç zat çözmeýändigini bilýäris. Ikinji oýunda, eýýäm öz ýerimizde, öz meýdançamyzda bir wezipe durýar — ol hem ýeňmek».

Türkmen tennisçileri Türkiýede geçiriljek abraýly halkara ýaryşynda ilkinji gezek çykyş eder, ol ýerde biziň ildeşlerimiz dünýäniň iň ökde toparlary bilen bäsleşip biler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň ilkinji gezek gatnaşjak ITF Masters dünýä toparlaýyn çempionaty Türkiýäniň Manawgat şäherinde başlanýar. Bäsleşige 30, 35, 40 we 45+ ýaş derejelerinde bäsleşjek 126 topar gatnaşar.
Türkmenistanyň ýygyndysy 30+ derejesinde çykyş eder, bu ýerde 4 toparça bölünen 12 ýurduň ýygyndylary bäsleşer. Türkmenistanyň ýygyndysy Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň ýygyndylary bilen bilelikde «B» toparça düşdi. Toparçalarda ýeňiş gazananlar pleý-off ýaryşyna çykarlar.
Türkmenistanyň ýygyndysy geçen ýyl Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) prezidenti Dewid Haggertiniň biziň ýurdumyza eden saparynyň barşynda Dewisiň kubogynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýän bu abraýly ýaryşa gatnaşmak üçin çakylyk alypdy.
Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümine: ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogynyň bürünç medalynyň eýesi Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň kubogynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ozalky birinji raketkalary Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy girdi.
Ýygyndynyň kapitany hökmünde Mirali Gasanow bellendi – ol ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisidir we dünýäniň islendik ýurdunda ussatlyk derejesindäki oýunçylar bilen işlemek hukugyny berýän hem-de Türkmenistanda PRO Level derejesiniň şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçidir.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň tennisçileri ilkinji oýnuny Beýik Britaniýanyň ýygyndy toparyna garşy geçirer.

«Ist Bengal» klubynyň futbolçylary Türkmenistana geldi, ol AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda «Arkadag» kluby bilen oýnar. Kalkutta şäherinde geçirilen ilkinji duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Hindi toparynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, biziň ýurdumyza gelen futbolçylar duşenbe güni «Altyn Asyr» toparynyň meýdançasy bolan Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky stadionda baş tälimçi Oskar Bruzonyň ýolbaşçylygynda türgenleşik geçirdi.
«Arkadag» - «Ist Bengal» klublarynyň arasyndaky AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finalynyň jogap oýny 12-nji martda Aşgabat wagty bilen sagat 15:30-da «akylly» şäheriň stadionynda geçiriler.
Oýnuň öňüsyrasynda klublaryň wekilleri metbugat maslahatyny geçirerler.

Belarusyň kubogynyň ýarym finalynyň bije çekmekliginiň netijeleri yglan edildi.
Wepa Jumaýewiň oýnaýan «Witebsk» we Teýmur Çaryýewiň düzüminde çykyş edýän «Torpedo-BelAZ» klublary garşydaşlarynyň kim boljakdygyny bildiler.
Bije çekmekligiň netijeleri:
• «Torpedo-BelAZ» (Žodino) - «ML» (Witebsk)
• «Neman» (Grodno) – «Witebsk»
Ilkinji oýunlar aprel aýynda geçiriler, maý aýynda bolsa jogap oýunlary bolar.
Çärýek finalda «Witebsk» kluby Sluskdan (2:0 we 0:0) üstün çykdy, «Torpedo-BelAZ» bolsa «Dinamo Bresti» utup, iki oýnuň jemi boýunça (0:0 we 1:0) indiki tapgyra çykmagy başardy.

25-nji fewraldan 8-nji mart aralygynda Petrowaseda (Çernogoriýa) 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda küşt boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistandan alty küştçi gatnaşdy – halkara giňişlikde mynasyp oýun görkezen üç oglan we üç gyz.
Ýaryşa dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan 255 güýçli küştçiler gatnaşdy. Oýunlar şweýsar ulgamyna laýyklykda 11 tapgyrda iki derejede geçirildi: açyk (OPEN) we gyzlaryň arasynda. Açyk derejede 157 küştçi bäsleşdi, şol bir wagtyň özinde gyzlaryň arasynda 98 küştçi bäsleşige gatnaşdy.
Türkmenistanyň ýygyndysy üçin ýaryş netijeleri
Erkekleriň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysyna Amanmuhammet Hommadow (5,5 utuk), Wepaly Halynyýazow (5 utuk) we Serdar Baýramow (4 utuk) wekilçilik etdi. Bu derejede ýaryşyň ýeňijisi 9 utuk toplap, dünýä çempiony diýen ada eýe bolan hindi grossmeýsteri Wenkateş Pranaw (FIDE reýting – 2615) boldy.
Zenanlaryň arasynda Türkmenistana doganlar Läle we Leýla Şöhradowalar, şeýle hem Gülmira Seýilhanowa wekilçilik etdi. Läle 5 utuk, Leýla we Gülmira – hersi 4,5 utuk gazandy. Bu toparda dünýä çempiony diýen ada 16 utuk gazanan 16 ýaşly russiýaly Anna Şukman eýe boldy (FIDE reýtingi - 2365).
Gatnaşanlaryň güýçli düzümini göz öňünde tutup, alty sany türkmen küştçisiniň bäşisi FIDE öz reýtinglerini ýokarlandyrdylar. Halynyýazow iň köp utuk gazanyp, 2,157 utugyna ýene 65 utuk goşdy. Şeýle hem Baýramowy (2,007, +56) we Seýilhanowany (1,939, +51) bellemelidiris. Umuman aýdanyňda, küştçülerimiz ýaryşyň başynda takmynan özleriniň ekiş derejesinde çykyş etdiler.
Tejribe, seljerme we täze oýunlara taýýarlyk
Bu ýaryş Türkmenistanyň ýaş küştçileri üçin gymmatly tejribe boldy. Tälimçiler düzümi üçin oýnalan oýunlar we netijeler taýýarlyk işini hasam seljermek we kämilleşdirmek üçin gurala öwrüler diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda bellediler.
Türkmen küştçüleriniň öňünde täze halkara ýaryşlary bar. Eýýäm aprel aýynda Merkezi Aziýanyň Zolaklaýyn çempionatyna (Gazagystan), oglan-gyzlaryň arasynda (Gresiýa) rapid we blits boýunça dünýä çempionatyna, Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň kubogyna we beýleki abraýly ýaryşlara gatnaşmak meýilleşdirilýär. Taýýarlyk wagty çäkli bolup galýar we tälimçiler düzümi bu ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin köp işlemegi meýilleşdirýärler, diýip TKF habarynyň üstüni ýetirdi.