AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

«Arkadag» Türkmenistanyň futbol çempionatyndaky oýunda «Nebitçini» az hasap bilen ýeňdi

«Arkadagyň» futbolçylary Ýokary liganyň klublarynyň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda Balkanabadyň «Nebitçi» toparyny myhmançylykda 1:0 hasaby bilen ýeňdiler.

Ýeke-täk goly oýnuň 77-nji minutynda Didar Durdyýew geçirdi.

«Arkadag» üç duşuşykda 9 utuk toplap, Türkmenistanyň çempionatynyň ýaryş tertibinde 4-nji orna geçdi. «Nebitçi» bolsa ýedi duşuşykda 8 utuk toplamak bilen, bäşinji ýerde barýar.

21.04.2025
«Arkadag» Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Şwaý Rieng» kluby bilen duşuşar

Türkmenistanyň «Arkadag» klubynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyndaky bäsdeşi Kambojanyň ady bir şäheriniň «Şwaý Rieng» kluby bolar, bu şäher ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýär – diýip, Türkmenportalyň habarçysy habar berýär.

Penşenbe güni agşam ýaryşyň ikinji ýarym final oýnunda Kambojanyň topary Indoneziýanyň «Madura Ýunaýted» kluby bilen deňme-deň oýnady (3:3), emma öz meýdançasynda 3:0 hasaby bilen ýeňendigi sebäpli, «Şwaý Rieng» kluby finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» çarşenbe güni Çagyryş ligasynyň 1/2 final jogap duşuşygynda öz meýdançasynda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.

Ýaryşyň finaly 10-njy maýda «Şwaý Rieng» stadionynda geçiriler, oýun Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar.

18.04.2025
Türkmen küştçi gyzlary rapid boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medallary gazandylar

Anna Çaryýewa we Jahan Rejepowa 13-15-nji aprelde Gresiýanyň Rodos şäherinde geçirilen çalt küşt oýnamak boýunça çagalaryň we ýaşlaryň dünýä çempionatynda Türkmenistana iki bürünç medal getirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

8 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Anna Çaryýewa mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplap, diňe Gazagystanyň çempiony Alişa Bissaliýewadan we Hindistanyň kümüş medal gazanan küştçüsi Anwi Diipakdan ýeňlipdir.

16 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde çykyş eden Jahan Rejepowa hem 8 utuk toplady. Ol ikinji tapgyrda ýaryşyň geljekki çempiony Gazagystanyň küştçüsi Elnaz Kaliakhmeti ýeňip, bäş tapgyryň netijeleri boýunça öňdebaryjy boldy. Altynjy we ýedinji tapgyrlarda ýeňlişe sezewar bolsa-da, Jahan özüni ele alyp, baýrak gazananlaryň üçlügine girmegi başardy.

Beýleki türkmen küştçüleri hem mynasyp netijeleri görkezdiler. 18 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Leýla Şöhradowa bäşinji orny eýeläp, bürünç medaldan diňe goşmaça görkezijiler boýunça yza galdy. 12 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Nurana Söýünowa ýaryşy ýedinji orny eýelemek bilen tamamlady.

48 ýurtdan 433 türgeniň arasynda iň kiçi küştçi bolan - 6 ýaşly Hangeldi Myradowyň çykyşy aýratyn ünsüňi çekýär. 8 ýaşa çenli oglanlaryň derejesinde ol mümkin bolan 11 utukdan 6,5 utuk toplap, 48 gatnaşyjynyň arasynda 12-nji orny eýeledi.

16-njy aprelde Rodosda has çalt küşt oýnamak boýunça – blis ýaryşy başlandy. Bu ýerde türkmen küştçüleriniň öz netijelerini gaýtalamak ýa-da gowulandyrmak üçin diýseň oňat mümkinçilikleri bar.

18.04.2025
«Arkadag» kluby «Al-Arabiden» üstün çykyp, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym final tapgyrynda Kuweýtiň «Al-Arabi» komandasyny ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçirilip, 3:0 hasaby bilen meýdança eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Şanazar Tirkişow iki gol geçirdi (7 we 90+4 minutlarda), garşydaşlarynyň derwezesine ýene bir goly Altymyrat Annadurdyýew (58) geçirdi.

9-njy aprelde El-Kuweýtde geçirilen birinji duşuşykda Wladimir Baýramowyň futbolçylary 0:2 hasaby bilen ýeňlipdiler.

Iki duşuşygyň jemine görä «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy.

Ýaryşyň final oýny 10-njy maýda geçiriler, «Arkadagyň» garşydaşy 17-nji aprelde «Prea Han Riç Swaý Rieng» (Kamboja) we «Madura Ýunaýted» (Indoneziýa) klublarynyň duşuşygynda belli bolar.

17.04.2025
Nýu-Ýorkda 2025 ýylyñ BMG-niñ Dostluk oýunlary geçirilýär

Birleşen Milletler Guramasynyñ Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda 2025 ýylyñ BMG-niñ Dostluk oýunlaryna badalga berildi.

Bu waka 2025-nji ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmeginiñ çäklerinde BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 78/325 belgili "BMG-niñ Dostluk oýunlary" atly kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyñ BMG-niñ ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan geçirilýän giñ gerimli sport çäresiniñ başyny başlatdy.
Oýunlar Nýu-Ýorkdaky diplomatik wekilhanalaryñ wekillerini, BMG-niñ sekretariatynyñ we ýöriteleşdirilen edaralarynyñ işgärlerini birleşdirdi. Şu ýyl Oýunlar dünýäniñ 110 ýurdundan 800-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady.

Eýýäm Oýunlaryñ birinji gününde futbol ýaryşynyñ topar duşuşyklarynda gatnaşyjylar ýokary topar ruhuny hem-de sagdyn çekeleşmäni görkezdiler.

9-njy aprelde ýoga, küşt we ylgamak boýunça ýaryşlar geçirildi. BMG-niñ ştab-kwartirasynyñ Demirgazyk meýdançasynda dürli ýurtlaryñ we edaralaryñ wekilleri akyl-paýhas we fiziki ugurlarda bäsleşip, Oýunlaryñ esasy maksadyy bolan parahatçylygy we ynanyşmagy ýatlatdylar.
13-nji aprelde tomaşaçylar badminton boýunça yaryşa tomaşa etdiler.
Oýunlar maý aýynyñ ortalaryna çenli dowam edip, öñde basketbol, tennis, woleýbol we stoluñ üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar garaşýar. Oýunlar Ýapylyş dabarasy we ýeñijileriñ sylaglanmagy bilen tamamlanar.

BMG-niñ Dostluk oýunlary baradaky makalalar  Oýunlaryñ resmi saýtynda elýeterlidir.

16.04.2025
Türkmen samboçylary Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynyň birinji gününde 6 medal gazandylar

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Daşkentde badalga alan Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynyň ilkinji gününde üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri ýygyndymyzyň baýraklarynyň umumy gaznasyna iki kümüş we dört bürünç medaly goşmagy başardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Abraýly yklym ýaryşlary sebitiň 23 ýurdundan 600-den gowrak türgeni ýygnady. Bäsleşik ýetginjeklerden başlap weteranlara çenli ähli ýaş toparlaryny gurşap alýar. Gatnaşyjylar erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport we söweş sambosy, şeýle-de SVI-1 (doly kör) we SVI-2 (pes görýän) toparlarda gözi görmeýän türgenleriň arasyndaky sambo ugurlarynda bäsleşýärler.

Türkmen toparynda kümüş medallary sport sambosynda Muhammetmyrat Bäbekow (58 kg çenli agram derejesi) we söweş sambosynda Bezirgen Begenjow (98 kg çenli) gazandylar.

Finala tarap ýolda Bäbekow mongolýaly samboçy Munhbat Genenedaram bilen çärýek finalynda (2:1) we ýarym finalda gyrgyzystanly Kimal Obolbekow bilen (2:1) bilen duşuşyp, olary ynamly ýeňmegi başardy. Ahyrky duşuşykda türkmen türgeni ýaryşy kabul edýän ýurduň pälwany özbegistanly Ilhom Parmonowdan 3:5 hasaby bilen ýeňildi.

Begenjow ýarym finalda gyrgyzystanly Bekbolsun Kerimbekowy ynam bilen ýeňip (8:0), finalda gazagystanly samboçy Raýhan Madä garşy durup bilmedi we netijede 1:4 hasaby bilen ýeňildi.

Türkmen ýygyndysynyň baýraklar gaznasyna bürünç medallary erkekleriň sport sambosyndan Sapar Döwletow (64 kg çenli) we toparyň zenan samboçylaryndan: Aziza Nazarowa (50 kg çenli), Zuleýha Hudaýberdiýewa (54 kg çenli) we Merjen Joraýewa (59 kg çenli) dagy getirdiler.

Döwletow Mohammed Albaker Algarrawydan üstün çykyp, ýaryşy ýeňiş (10:0) bilen başlady, soňra ýarym finalda geljekki çempion gazagystanly Jandos Beýsenbaewden (0:6) ýeňildi, emma bürünç medal üçin göreşde günorta koreýaly samboçy Li Seungany 2:0 hasaby bilen ýeňdi. Nazarowa, Hudaýberdiýewa we Joraýewa ýarym final tutluşyga ýetip bilmediler we öz agram derejelerinde üçünji ýeri eýelediler.

16.04.2025
«Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynda ýeňiş gazanmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň «Arkadag» futbol klubynyň tälimçiler topary we futbolçylary Kuweýtiň «Al-Arabi» klubyna garşy AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalyndaky jogap duşuşygynda, ilkinji oýnuň şowsuz bolandygyna garamazdan, ýagdaýy özgertmäge çynlakaý taýýarlyk görýärler. Öý eýelerine finala çykmak üçin üç ýa-da ondan köp gol tapawudy bilen ýeňiş gazanmak zerur bolup durýar – diýip, Turkmenportalyň habarçysy habar berýär.

«Birinji oýun biziň garaşan ýagdaýymyzda geçmedi, emma her nämede bolsa duşuşyk iki oýundan ybarat, şonuň üçin biz ertirki duşuşykda ýagdaýy özgerdip biljegimize bil baglaýarys – diýip, «Arkadagyň» baş tälimçisi Ahmet Allaberdiýew duşuşykdan öňki metbugat maslahatynda beýan etdi.

Tälimçiniň sözlerine görä, milli ýygyndymyz üçin oýunda şikes alan Resul Hojaýewden başga toparyň ähli oýunçylary şu günki gün üçin iň amatly düzümde aýgytlaýjy duşuşyga taýýarlyk görýär. Tälimçi klubda ýokary derejeli oýunçylaryň jemlenendigini we olaryň meýdança ýeke-täk maksat bilen – diňe ýeňmek maksady bilen çykjakdyklaryny belledi.

«Arkadagyň» goragçysy Guýçmyrat Annagulyýew toparyň hyjuwly ruhdadygyny tassyklady: «Biziň ýagdaýymyz gowy, hyjuwly ruhumyz ýokary. Biziň maksadymyz örän anyk – ertir diňe ýeňiş gazanmaly». Futbolçynyň pikiriçe, üstünligiň açary «jebislik we komadalaýyn oýny görkezmek» bolar.

Öňde duran duşuşykda aýratyn orny janköýerler eýelemelidir. «Duşuşyk münberdäki öz janköýerlerimiziň goldaw bermeginde geçer, biz çynlakaý goldawa garaşýarys. Janköýerlerimize topara ynanýandyklary üçin minnetdarlyk bildirýäris we olaryň ynamyny ödemäge çalşarys» — diýip, Allaberdiýew nygtady.

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/2 finalynyň jogap duşuşygy çarşenbe güni, 16-njy aprelde geçiriler. Duşuşygyň başlanýan wagty Aşgabat wagty bilen 15:30-da.

Mälim bolşy ýaly, ilkinji ýarym final duşuşygynda «Arkadag» myhmançylykda 0:2 hasaby bilen ýeňlişe sezewar bolupdy.

15.04.2025
TMESF-iň baştutany Aziýanyň kibersport federasiýasynyň müdiriýetine girdi

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasynyň (TMESF) prezidenti Mekan Eýeberdiýew Aziýanyň kibersport federasiýasynyň (AESF) müdiriýetiniň düzümine girdi, şeýle-de Merkezi Aziýanyň kibersport birleşiginiň wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada TMESF-iň saýtynda habar berilýär.

Onlaýn görnüşde geçirilen saýlawlar AESF-iň Birinji saýlaw Baş assambleýasynyň barşynda boldy. Çärelere Aziýa ýurtlarynyň milli kibersport federasiýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (OCA) baş direktorynyň orunbasary Winod Tiwari gatnaşdy.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň fewral aýynda sebitiň ýurtlarynyň sanly sporty ösdürmek boýunça tagallalaryny utgaşdyrmak maksady bilen, resmi taýdan Merkezi Aziýanyň kibersport birleşigi döredildi. Bu guramada geçirilen saýlawlaryň netijesinde TMESF-iň Baş sekretary Nazar Udeumyradow Birleşigiň Baş sekretary wezipesine bellendi.

TMESF-de aýtmaklaryna görä, bu bellenmeler Türkmenistanyň halkara kibersport jemgyýetiniň eýeleýän ornunyň pugtalandyrylýandygyny we sebitde, şeýle hem tutuş Aziýa derejesinde hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we sport başlangyçlaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny görkezýär.

15.04.2025
«Ahal» Türkmenistanyň çempionatynda «Merwden» üstün çykyp, öňdebaryjylygyny pugtalandyrdy

«Ahal» futbol kluby Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşygynda «Merwi» ynamly ýeňmegi başardy. Duşuşyk Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçirilip, ol 3:0 hasaby bilen tamamlandy.

«Merwiň» derwezesine gollary Daýanç Meredow (50-nji minutda), Ybraýym Amangeldiýew (58) we Nazar Towakelow (66) dagy geçirdiler.

«Ahal» şu möwsümde dördünji ýeňşini gazandy we 12 utuk toplap, Ýokary liganyň ýaryş tertibiniň birinji ornunda ornaşdy. Ikinji ýerde barýan «Altyn Asyr» iki utuk yza galýar.

«Merw» bolsa yzly-yzyna üçünji gezek ýeňilmek bilen, 4 utugy bilen ýaryş tertibinde ýedinji orunda galýar.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Aşgabadyň «Altyn Asyr» topary «Şagadam» bilen 1:1 hasaby bilen deňme-deň oýnady, «Nebitçi» bilen «Köpetdagyň» duşuşygynda bolsa hasap (0:0) açylmady.

Indiki tapgyrda 19-njy aprelde «Altyn Asyr» myhmançylykda «Merw» bilen duşuşar, «Şagadam» topary öz meýdançasynda «Köpetdagy» kabul eder, «Ahal» bolsa myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşar.

14.04.2025
Türkmenistanyň zenan küştçüleri Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda ilkinji altylygyň hataryna girdiler

Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysynyň wekilleri Jahan Rejepowa we Bägül Ezizowa 1-10-nji aprelde Almatyda geçirilen Aziýanyň zolaklaýyn çempionatynda (zolak 3.4) degişlilikde 4-nji we 6-njy orunlary eýelediler.

Aýratyn-da 14 ýaşly Jahan Rejepowa tapawutlandy, ol FIDE-niň zenan ussady (WFM) diýen adyna mynasyp boldy we zenan halkara ussadynyň (WIM) birinji kadasynyň talaplaryny ýerine ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýaryş 2025-nji ýylyň FIDE-niň Dünýä kubogy ugrunda resmі saýlama tapgyry bolup, oňa Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan we Owganystandan 131 ussat küştçi, şol sanda 87 erkek we 44 zenan küştçi gatnaşdy.

Aziýanyň küşt federasiýasynyň wise-prezidenti we Gazagystanyň küşt federasiýasynyň birinji wise-prezidenti Darmen Sadwakasowyň ýapylyş dabarasyndaky çykyşynda türkmen gyzlarynyň, aýratyn-da 14 ýaşly Jahan Rejepowanyň ýokary halkara derejede özüni güýçli tarapdan görkezmek bilen, kämillige ýeten oýun derejesiniň bardygyny belläp geçdi.

Ýaryşyň dowamynda Rejepowa Gazagystanyň ýygyndy toparyndaky oýunçylary goşmak bilen, güýçli bäsdeşleriň garşysyna birnäçe täsirli ýeňişleri gazandy. Ol Budapeşt-2024 Olimpiadasynda kümüş medal alan küştçüler bilen geçiren oýunlarynda 2 mümkin bolan utukdan 1,5 utuk toplamak bilen, şol sanda zenan grossmeýsteri Liýa Kurmangaliýewany (FIDE reýtingi – 2249) ýeňdi we ýaryşda birinji saýlanan zenan grossmeýsteri Aluа Nurman (2347) bilen deňme-deň oýnady.

Üstünlikli çykyşynyň netijesinde Rejepowa özüniň FIDE reýtingini 137 utuk ýokarlandyrdy we ony 2150 derejä çykardy. Mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanyp, ol 4-nji orny eýeledi we ýeňiş münberinden we Dünýä kubogyna ýollamadan diňe bir ädimlikde galdy.

Türkmenistanyň beýleki wekili, halkara zenan dalaşgäri Bägül Ezizowa (1941) 6 utuk bilen 6-njy orny eýeledi.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda türkmen küştçüsi, ýakynda grossmeýster adyny alan Saparmyrat Atabaýew (2530) 6 utuk bilen 9-njy orny eýeledi. Ol soňky tapgyrda Muhammadzohid Suýarow bilen geçiren oýnunda emele gelen deňme-deň ýagdaýy saklap bilmedi.

Çempionatyň netijelerine görä, Dünýä kubogyna ýollamalary üç zenan küştçi: Afruza Hamdamowa (Özbegistan) – 7,5 utuk, Elnaz Kaliahmet (Gazagystan) – 7 utuk we Meruert Kamalidenowa (Gazagystan) – 7 utuk; şeýle-de dört erkek küştçi gazandylar: Aldiýar Ansat (Gazagystan) – 7,5 utuk, Satbek Ahmedinow (Gazagystan) – 7 utuk, Alişer Suleýmenow (Gazagystan) – 7 utuk we Muhammadzohid Suýarow (Özbegistan) – 7 utuk.

14.04.2025
"Nebitçi" topary Türkmenistanyň uniwersitetlerIniň arasynda woleýbol boýunça çempiony boldy

Aşgabat şäherinde 1-8-nji aprel aralygynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli "Sport – parahatçylygyň ilçisi" atly ýokary okuw mekdepleriniň woleýbol ýaryşy geçirildi.

Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň "Nebitçi" woleýbol topary çykyş eden ähli duşuşyklarynda 3-0 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Olar yzygiderli "Binagär", "Oguz han" we "Ýüpek ýoly" toparlaryny ýeňip, finala çykdylar.

Final oýnunda "Nebitçi"-niň woleýbolçylary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň "Talyp sport" toparyny 3-0 hasap bilen ýeňip, ýaryşyň çempiony bolmagy başardylar.

11.04.2025
Türkmenistan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň we Olimpiýa raýdaşlygynyň Forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Olimpiýa raýdaşlygynyň (OR) Sebitleýin forumyna gatnaşdy.

Çäre Bahreýn döwletinde 2025-nji ýylyň üçünji Aziýa ýaşlar oýunlaryny, 2026-njy ýylda Er-Riýad şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny, 2026-njy ýylda Aiçi we Nagoýa ýapon şäherlerinde geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Günbatar we Merkezi Aziýanyň 22-den gowrak döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň (MOK) wekillerini ýygnady.   

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Halkara olimpiýa komitetiniň maksatnamalaryny hem-de 2028-nji ýylda Los-Anjelesde
geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryna türgenleriň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. 

Açylyş dabarasynda Täjigistanyň sport ministri Zulfikor Gulahmadzoda çykyş edip, bu forumyň netijeleriniň täze üstünlikler we Olimpiýa hereketiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretjekdigine ynam bildirdi.
 
Forumyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sporty ösdürmek hem-de bu ägirt uly halkara çäresine gatnaşyjy-wekiliýetleriň arasynda dostlugy pugtalandyrmak maksady bilen “Dostlukly ylgamak” çäresi (“Fun Run”) geçirildi.
 
Forumyň birinji tapgyry Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Thimphu şäherinde (Butan) geçirildi.

10.04.2025
1 ... 5 6 7 8 9 ... 64