Habarlar

Aşgabat şäherinde 1-8-nji aprel aralygynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli "Sport – parahatçylygyň ilçisi" atly ýokary okuw mekdepleriniň woleýbol ýaryşy geçirildi.
Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň "Nebitçi" woleýbol topary çykyş eden ähli duşuşyklarynda 3-0 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Olar yzygiderli "Binagär", "Oguz han" we "Ýüpek ýoly" toparlaryny ýeňip, finala çykdylar.
Final oýnunda "Nebitçi"-niň woleýbolçylary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň "Talyp sport" toparyny 3-0 hasap bilen ýeňip, ýaryşyň çempiony bolmagy başardylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde geçirilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) we Olimpiýa raýdaşlygynyň (OR) Sebitleýin forumyna gatnaşdy.
Çäre Bahreýn döwletinde 2025-nji ýylyň üçünji Aziýa ýaşlar oýunlaryny, 2026-njy ýylda Er-Riýad şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny, 2026-njy ýylda Aiçi we Nagoýa ýapon şäherlerinde geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Günbatar we Merkezi Aziýanyň 22-den gowrak döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň (MOK) wekillerini ýygnady.
Mundan başga-da, gatnaşyjylar Halkara olimpiýa komitetiniň maksatnamalaryny hem-de 2028-nji ýylda Los-Anjelesde
geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryna türgenleriň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Açylyş dabarasynda Täjigistanyň sport ministri Zulfikor Gulahmadzoda çykyş edip, bu forumyň netijeleriniň täze üstünlikler we Olimpiýa hereketiniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk esas döretjekdigine ynam bildirdi.
Forumyň çäklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sporty ösdürmek hem-de bu ägirt uly halkara çäresine gatnaşyjy-wekiliýetleriň arasynda dostlugy pugtalandyrmak maksady bilen “Dostlukly ylgamak” çäresi (“Fun Run”) geçirildi.
Forumyň birinji tapgyry Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Thimphu şäherinde (Butan) geçirildi.

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarym finalynyň myhmançylykda geçiren ilkinji oýnunda Kuweýtiň «Al-Arabi» futbol klubyndan ýeňlişe sezewar boldy.
El-Kuweýtde geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda meýdança eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň düzüminde gollary Kristofer Jon (72-nji minutda) we Salman Al Awali (90+4) geçirdiler.
Jogap duşuşygy 16-njy aprelde Arkadagda geçiriler.
Mälim bolşy ýaly, ýarym finala barýan ýolda türkmen kluby Hindistanyň «Ist-Bengal» toparyny 3:1 umumy hasaby bilen ýeňip, çärýek finaly ynamly geçmegi başarypdy. «Al-Arabi» kluby bolsa çärýek finalda iki duşuşygyň jemine görä Omanyň «Al-Sib» toparyny 3:2 umumy hasaby bilen ýeňip, ýarym finala çykypdy.

«Arkadag» futbol kluby 9-njy aprelde El-Kuweýtde Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFK-nyň) Çagyryş ligasynyň ýarym final oýnunyň birinji duşuşygyny ýerli «Al-Arabi» kluby bilen geçirer.
Bu toparlar eýýäm şu ýylky Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda duşuşypdylar. 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda El-Kuweýtde geçirilen oýun 3:2 hasaby bilen meýdança eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlanypdy.
Ýarym finala çenli ýolunda türkmen kluby çärýek final oýunlaryny ynamly geçip, Hindistanyň «Ist-Bengal» toparyny jemi 3:1 hasaby bilen ýeňdi. Kalkuttada geçen birinji duşuşykda Wladimir Baýramowyň tälim berýän türgenleri 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazanypdylar, Arkadag şäherindäki öz meýdançasynda geçirilen jogap duşuşygynda bolsa bu kluby 2:1 hasaby bilen ýeňipdiler.
«Al-Arabi» iki duşuşygyň jeminde Omanyň «Al-Sib» klubyny 3:2 hasaby bilen ýeňip, ýarym finala çykdy.
Gündogar zolagyndaky beýleki ýarym final duşuşygy 10-njy aprelde Kambojanyň «Prea Han Riç Swaý Rieng« we Indoneziýanyň «Madura Ýunaýted» toparlarynyň arasynda geçiriler.
Çagyryş Ligasynyň ýarym final jogap duşuşyklary 16-njy aprelde Türkmenistanda we 17-nji aprelde Indoneziýada geçiriler. Aziýanyň ähmiýeti boýunça üçünji klublar ýaryşynyň final oýny 2025-nji ýylyň 10-njy maýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

«Waşington Kepitalzyň» russiýaly hüjümçisi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň dowamly çempionatlaryndaky 895-nji şaýbasyny geçirip, bu kanadaly rowaýaty hokkeýçi Ueýn Gretskiniň rekordyny täzeledi.
Täze rekord ýekşenbe güni «Nýu-Ýork Aýlenders» bilen oýunda hasaba alyndy. Şol oýunda Oweçkin bir gezek tapawutlanmagy başardy.
«Beýik» (The Great One) lakamy bilen tanalýan Ueýn Gretski özüniň MHL-däki soňky, 894-nji şaýbasyny 1999-njy ýylda geçiripdi. Şondan bäri 26 ýyllap onuň «ebedi» diýlip häsiýetlendirilen rekordyny täzelemek hiç kime başartmady.
5-nji aprelde Aleksandr Oweçkin MHL-iň dowamly çempionatlaryndaky 894-nji şaýbasyny derwezä ýollap, Ueýn Gretskiniň rekordyny gaýtalapdy. Indi bolsa bu rekord russiýaly hokkeýçä degişli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji aprelde ýurtda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde — Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi ýazýar.
Bellenilişi ýaly, welosipedli ýörişe Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň hem-de umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, welosport boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Ir bilen hemmeler uly ruhubelentlikde Prezident Serdar Berdimuhamedowy mübäreklediler. Sungat ussatlary Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň hatarynyň öňüni çekdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi Saglyk ýolunyň ýanyndan Aşgabadyň giň şaýollary boýunça uzaýan ugur bilen sazlaşykly hereket edip başladylar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe ýurtda ekologik abadançylygy mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmek maksady bilen toplumlaýyn we uzak möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işleriň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa paýtagty mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň ekologik abadançylygyny üpjün etmek, bagy-bossanlyga büremek, şäheriň ýaşaýjylarynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň hatary Aşgabadyň ajaýyp ýollary — Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça hereketini dowam etdi.
Ýörişiň geçýän ýolunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp kompozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Ýörişiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde hemmelere görelde bolup, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport taýýarlygyny görkezdi.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş şäheriň merkezi böleginde — Ruhyýet köşgüniň ýanynda tamamlandy. Döwlet Baştutany bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýüzlenip, halk köpçüligini, aýratyn-da, ýaşlary mundan beýläk-de bedenterbiýe, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti sporty ösdürmegiň beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň agzalary ýurtda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglaryny beýan etdiler.

4-nji aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Özbegistandan, Türkiýe Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Rumyniýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Ermenistan Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzdan ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, alymlar, tälimçiler işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, sport ugurly ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleri hem-de talyp ýaşlary, şeýle hem, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri maslahatda sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.
Şeýle-de halkara maslahatyň çäklerinde sanly ulgam arkaly Russiýa Federasiýasynyň Uýgunlaşma hokkeý federasiýasynyň wekili Anton Politow tarapyndan «Inklýuziw hokkeý» atly görkezme sapagy geçirildi. Soňra görkezme sapagy «Sport – hemmeler üçin» atly tema bilen dowam edip, sorag-jogap görnüşinde pikir alyşmalar, interaktiw duşuşyklar we okuw sapaklary bilen utgaşdy.
«Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara maslahatyň we okuw sapagynyň çäklerinde sport ulgamynyň ösüşini, gazanylan üstünlikleri hem-de sportuň dürli ugurlaryndaky innowasion çemeleşmeleri, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň hem-de ylmy gurnaklaryň alyp barýan işlerini görkezýän ýörite sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu sergi sanly ulgam arkaly halkara maslahatyň daşary ýurtly gatnaşyjylarynyň hem ünsüni özüne çekdi.
Bulardan başga-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Milli talyplar sport federasiýasynyň bilelikde guramagynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly köpçülikleýin sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen bu çäreler barada TBM habar berýär.

Şu gün Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryna baýramçylyk Gutlagy bilen ýüzlendi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagda, hususan-da, şeýle diýilýär:
"Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi adamzadyň belent ynsanperwer däplerini dabaralandyrýan halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ajaýyp senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban Watanymyza, sagdyn we bagtyýar durmuşymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan beýik üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bütindünýä saglyk güni mynasybetli täsirli çäreleriň guralmagy, mekdep okuwçylarynyň, hünär bilimi edaralarynyň talyplarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda welosipedli ýörişleriň, sportuň görnüşleri boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Hormatly adamlar!
Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatlardan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyza laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys. Köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalary, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris. Şoňa görä-de, gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredildi. Şonuň bilen birlikde, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglygy goraýyş merkezlerini, ýöriteleşdirilen hassahanalary, şypahanalary gurup, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamyny döretmekde uly ösüşleri gazandyk.
Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirip, ilkinji nobatda, dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlary, hokkeý, tennis boýunça halkara ýaryşlar parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň ägirt uly sport mümkinçilikleriniň bardygyny bütin dünýä äşgär etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Bitarap ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakynda we «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesillerimizi çäksiz begendirdi. Elbetde, munuň özi bütin dünýäde parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ählumumy ösüşiň, abadançylygyň, rowaçlygyň bähbitlerine amala aşyrýan parahatçylyk söýüjilikli, Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň oňyn netijeleridir.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".

2036-njy ýylyñ XXXVI tomusky Olimpiýa oýunlarynyñ geçirilmegine birnäçe ýurt dalaş edýär. Olaryñ arasynda Hindistan, Türkiýe Respublikasy, Müsür, Indoneziýa, Polşa we Günorta Koreýa bar.
Hindistan Nýu-Delä we Agra esasy dalaşgärler hökmünde garaýar. Türkiýe Respublikasy hem öz haýyşnamasyny işjeñ öñe surüp, geçiriljek ýer hökmünde Stambuly teklip edýär. Müsür Kairiñ golaýynda ýörite olimpiýa şäherjigini gurmagy göz öñünde tutýar.
Olimpiýa oýunlarynyñ geçiriljek ýeri baradaky gutarnykly karar 2026-njy ýylda Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan kabul ediler. Munuñ özi bu möhüm sport çäresiniñ hojaýyny bolmak ugrundaky göreşe aýratyn bilesigelijilik goşýar.

2-10-njy aprel aralygynda Almaty şäherinde Aziýa zolagy 3.4 çempionaty geçiriler, ýagny ol 2025-nji ýyldaky Küşt boýunça dünýä kubogyna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşy bolar. Bäsleşige alty ýurtdan küştçiler gatnaşar: Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we ýer eýesi Gazagystan.
Bäsleşige 134 gatnaşyjy sanawa alyndy, olaryň 88-si erkekler we 46-sy zenanlar. Küştçiler zenanlaryň arasynda 5-29-njy iýul aralygynda Batumi şäherinde (Gruziýa) geçiriljek Dünýä kubogyna gatnmaşmak üçin üç sany ýollanma we 1- 26-njy noýabr aralygynda Nýu-Delide (Hindistan) geçiriljek erkekler arasyndaky Dünýä kubogyna gatnaşmak üçin dört sany ýollanma ugrunda bäsleşerler.
Mergen Kakabaýewiň we Serdar Annaberdeýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýygyndysyna 11 oýunçy gatnaşýar – 5 sanysy açyk kategoriýada we 5-si zenanlaryň arasynda.
Gatnaşyjylaryň arasynda – grossmeýster Meýlis Annaberdiýew (reýting — 2449) we zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Läle Şöhradowa (2144) şeýle hem FIDE-niň Prezidentiniň geňeşiniň golaýdaky mejlisinde grossmeýster adynyň tassyklanmagyna garaşýar halkara ussady Saparmyrat Atabaýew (1-nji apreliň reýtingi boýunça – 2530) ýaly ýurduň iň güýçli küştçileri bar.
Olardan başga-da, Wepaly Halynýazow (2224, sport ussady), Amanmuhammet Hommadow (2262, sport ussady), Şahruh Turaýew (2164, sport ussady) – hemmesi açyk kategoriýada Türkmenistanyň adyndan çykyş eder. Zenanlaryň arasynda – ussatlyga dalaşgär Leýla Şöhradowa (2023, WCM), Bägül Ezizowa (1941, WCM), Ogulsuraý Baýrambaýewa (1889, KMC) we Jahan Rejepowa (2017, 1-nji derejede) dagylar bar.
Bäsleşigiň baýragynyň gaznasy 20 000 dollara deňdir, ýagny erkekler bilen zenanlaryň arasynda deň paýlanar. Ýeňijiler hersi 3000 dollar, ikinji ýer 2500 dollar, üçünji ýer 1500 dollar, dördünji ýer 1200 dollar, bäşinji ýer 1000 dollar, altynjy orun 800 dollar, altynjy ýer 800 dollar alar.
Bu çempionat şeýle hem aýratyn häsiýete eýedir ýagny Türkmenistanyň wekili – ýurduň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulýewiň beýleki iki kärdeşi bilen bilelikde abraýly resmi ýaryşyň Şikaýat komitetiniň düzümine ilkinji gezek goşuldy: Aziýanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Hişam Al Taher (BAE) we Gazagystandan halkara derejeli emini Aleksandr Babenko. Şeýle wezipe, adatça ýokary derejeli ýaryşlarda ýüze çykyp biläýjek iň kyn jedelli ýagdaýlara obýektiw we bitarap baha bermäge ukyby bolan adamlara ynanylýar.

29-njy martda Kiýewde WWFC Ligasynyň täze möwsüminiň çäklerinde World Warriors Fighting Championship 24 (WWFC 24) garyşyk başa-baş söweş sporty boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oktagonda Türkmenistanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň we Moldowanyň MMA söweşijileri duşuşdylar — diýip, Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
83,9 kg agram derejesinde çykyş eden türkmenistanly Babageldi Halymow ukrainaly türgen Ýakow Anufriýew bilen bolan tutluşykda ýeňiş gazandy. Babageldi öz garşydaşyny birinji raundyň dowamynda agyry emelini ulanmak bilen ýeňiş gazanmagy başardy.
Ilçihananyň maglumatyna görä, B.Halymow Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Galkynyş geňeşliginden bolup, ol «Harkowyň politehniki instituty» Milli tehniki uniwersitetiniň uçurymydyr.
Birinji martda Halymow şeýle-de Kiewde geçirilen «FCFC Fight Night 7» garyşyk başa-baş söweş sporty boýunça geçirilen halkara professional ýaryşda Ýewgeniý Drobot bilen tutluşygyny wagtyndan öň ýeňiş bilen tamamlamagyň hötdesinden geldi.

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň Kubogy-2026 saýlama ýaryşynyň garşydaşlary belli boldy. Geçirilen bije çekişligiň netijesinde türkmen zenan futbolçylary Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen «C» toparçasyna düşdi.
Saýlama oýunlar ähli toparçalarda merkezleşdirilen görnüşde 2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan 5-nji iýuly aralygynda geçiriler. Saýlama ýaryşa taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kim boljagy biraz soňra kesgitleniler – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Sekiz toparçanyň ýeňijileri ýaryşyň indiki tapgyryna geçerler, olaryň hataryna final ýaryşyny kabul edýän Awstraliýanyň ýygyndysy we öňki, 2022-nji ýylda Hindistanda geçirilen Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň üç iň gowy ýygyndysy goşular – olar häzirki çempion Hytaýyň ýygyndysy, kümüş medalyň eýesi Koreýa Respublikasynyň we bürünç medalyň eýesi Ýaponiýanyň ýygyndylarydyr.
Jemleýji final ýaryşy yklymyň 12 iň güýçli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda Awstraliýanyň üç şäherinde – Sidneýde, Pertde we Gold-Kostda, ýagny 2023-nji ýylda zenanlaryň dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul eden meýdançalarda 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 21-nji martyna çenli geçiriler.