AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Türkmenistanyň türgenleri Saratow oblastynda geçiriljek “Turiada” goşulşarlar

20-nji maýda Saratow oblastynyň Hwalynsk şäherinde 12-nji “Turiada” sport-syýahatçylyk lageri açylar. Çärä gatnaşjak daşary ýurtly wekiliýetleriň arasynda Türkmenistan hem bar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň Priwoložsk federal okrugyndaky ygtyýarlandyrylan wekili Igor Komarowyň metbugat gullugynda habar berdiler. 

Adaty “Turiada” “Hwalynskiý” dag-lyža kurortynyň çäginde geçirilýär hem-de dürli ýurtlardan we Russiýanyň sebitlerinden 800-e golaý gatnaşyjyny ýygnaýar. Gatnaşyjylaryň esasy düzümini sebit ýaryşlarynyň ýeňijileri, syýahatçylyk ugrundaky ýokary okuw mekdepleriň talyplary, tälimçiler, ekspertler we meýletinçiler düzýär.
 
Şu ýyl “Turiada” Priwoložsk federal okrugynyň 14 toparyndan başga-da, Türkmenistanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Mongoliýanyň halkara toparlary geler. 

Dört günüň dowamynda gatnaşyjylara tigir, suw we pyýada aralyklarda sport syýahatçylygy boýunça ýaryşlar garaşýar. Sebitara syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça taslama bäsleşigine aýratyn üns beriler. Ýeňijiler bu ugry durmuşa geçirmek üçin 400 müň rubl möçberinde pul baýragyny alar. 

Maksatnama intellektual marafony, “Kalplaryň sazy” atly awtorlyk aýdym bäsleşigini, sport-syýahatçylyk estafetasyny hem-de ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlary öz içine alýar. Ähli gatnaşyjylar däp bolşy ýaly, çadyr şäherjiginde ýerleşdirerler. 

“Turiadanyň” dabaraly ýapylşy 23-nji maýda geçiriler. Oňa Russiýanyň Prezidentiniň Priwoložsk federal okrugyndaky ygtyýarlandyrylan wekili Igor Komarow gatnaşar. Lager “Dostluk kubogy” atly topar estafetasy bilen tamamlanar. Oňa garyşyk halkara toparlar, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar.

08.05.2025
Azerbaýjanda geçirilen Ýewropanyň Kubogy ýaryşynda türkmen dzýudoçy gyzy bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçy gyzy Oguljan Ruslanowa Azerbaýjanda 12 ýurtdan 354 türgeniň gatnaşmagynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa Kubogy (Quba Millennium Team Cadet European Cup 2025) ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 8 ýurtdan 18 türgeniň gatnaşmagynda gyzlaryň arasynda ýeňiş gazanmak bilen, şeýle üstünlige ýetmegi başardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Birinji duşuşykda Oguljan Azerbaýjanyň türgeni Rena Ahmedowany ýeňdi, ikinji duşuşykda bolsa russiýaly Sofia Ýarmantowiçden üstün çykdy.Finala çykmak ugrunda O.Ruslanowa çekeleşikli tutluşykda Nini Dzaganiýadan (Gruziýa) ýekeje «yuko» bilen utuldy, 3-nji ýer ugrundaky göreşde bolsa russiýaly Alina Çekmarýowadan üstün çykyp, bürünç medal gazandy. Ruslanowa bilen bilelikde Gruziýanyň wekili Maýa Gwaladze münberiň üçünji basgançagyna çykdy. Gruziýaly Nini Dzaganiýa kümüş medala mynasyp boldy. 70 kilograma çenli agram derejesinde Lýusi Rulýe (Fransiýa) ýaryşyň ýeňijisi boldy.Bu 16 ýaşly dzýudoçynyň halkara ýaryşlarynda eýýäm ikinji medaly.

Geçen hepde Oguljan Germaniýada ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025» ýaryşynda bürünç medal gazanypdy.

07.05.2025
Türkmen agyr atletikaçysy Anamjan Rustamowa dünýä çempionatynyň altyn medalyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň wekili Anamjan Rustamowa Peruda geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda horman münberiniň iň ýokarky basgançagyny eýelemegi başardy.

Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda 87 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, umumylykda 249 kilogram (silterläp götermekde 108 kg, itekläp götermekde 141 kg) netije bilen altyn medala mynasyp boldy. Kümüş medaly 244 kilogram (109 + 135) netije bilen meksikaly Wanessa Lizarraga, üçünji ýeri bolsa umumylykda jemi 242 kilogramy (108 + 134) eýgeren russiýaly Mariýa Gruzdowa eýeledi.

07.05.2025
Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli marafon ýaryşy geçirildi

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Sport — parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi» atly sport marafony geçirildi. Çärä gatnaşyjylar 3600 metr aralyga ylgamakda ezberligini, çydamlylygyny görkezdiler.

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde guran bu çäresi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň başlangyjy bilen geçirildi. Oňa 550-den gowrak adam işjeň gatnaşdy.

Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan «Arkadag» binasyna eltýän Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda marafona badalga berilmegi mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Marafon ýaryşynyň netijesi boýunça talyp gyzlaryň arasynda 14 minut 33,8 sekunt wagt bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby E.Esedowa ýeňiş gazandy. Talyp oglanlaryň arasynda 9 minut 22 sekunt wagt bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby P.Babanyýazow ýeňiji boldy.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň arasynda, degişlilikde, W.Baýowa hem-de S.Saparow birinji bolup gelmegi başardylar. Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçysy A.Seýdullaýewa bilen 74-nji orta mekdebiň okuwçysy O.Orazmyradow bolsa mekdep okuwçylarynyň arasynda pellehanadan birinji bolup geçip, ýeňiş gazandylar.

Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

06.05.2025
Aşgabat küşt boýunça ýaşlaryň arasynda geçiriljek halkara ýaryşyny kabul eder

Aşgabatda şu ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda küşt boýunça ýaşlaryň arasynda halkara ýaryşy geçiriler. Ýaryş türkmen paýtagtynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň binýadynda guraljakdygy barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýaryşa 8, 10 we 12 ýaşa çenli ýaş derejeleri boýunça oglanlar we gyzlar gatnaşarlar. Ýaryşlar Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» derejesine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Häzirki wagtda ýaş türkmen küştçüleri öňde duran halkara ýaryşyna işjeň taýýarlyk görýärler.

Ozal Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşlaryň arasynda Günbatar Aziýanyň küşt çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy bäş medal gazanypdy.

06.05.2025
Türkmen küştçüleri Günbatar Aziýanyň çempionatynda bäş medal gazandylar

20 — 29-njy aprel aralygynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde 8, 10, 12, 14, 16 we18 ýaşa çenli çagalaryň hem ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistandan 17 türgenden ybarat bolan ýygyndy topar gatnaşdy.

«Türkmen sporty» gazetinde berilýän habara görä, Günbatar Aziýa çempionatynda 12 döwletden bolan 200-e golaý küştçi özara bäsleşdi.

Blis boýunça Türkmenistanyň iň bir tejribeli küştçüleriniň biri bolan Leýla Şöhradowa (2029 reýting) 18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda altyn medal gazandy. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew (1732 reýting) bürünç medala eýe çykdy.

Nusgawy, rapid, blis görnüşlerinden 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri Maksat Awlýakulyýew (1739 reýting), Myrat Merdanow (1803 reýting), Didar Hupbyýew (1613 reýting) bürünç medallara mynasyp boldular.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary Günbatar Aziýa çempionatynyň bir altyn, dört bürünç medalyny eýeledi.

06.05.2025
Türkmenistanly türgen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly türgen Yslam Akmyradow Perunyň paýtagty Lima şäherinde geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy.

Yslam Akmyradow 96 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, silterläp götermekde 141, itekläp götermekde 175 we iki görnüşiň jemi boýunça 316 kilogram netije bilen ikinji orny eýeledi. Bu agramda birinji ýer ermenistanly Grigor Gazarýana (silterläp götermekde 145 kg, itekläp götermekde 185 kg, jemi 330 kg), üçünji orun bolsa hindistanly Parw Çaudhara (silterläp götermekde 140 kg, itekläp götermekde 175 kg, jemi 315 kg) nesip etdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalaryndan Didarbek Jumabaýewiň, Kakamyrat Annamyradowyň hem-de Ogulşat Amanowanyň bu ýaryşda medal gazanandygyny habar beripdik.

05.05.2025
Türkmen karateçileri Polşada geçirilýän Dünýä kubogy ýaryşyna ugradylar

Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy 4-13-nji maý aralygynda geçiriljek çagalaryň arasyndaky Dünýä kubogy ýaryşyna gatnaşmak üçin Polşanyň Pulawy şäherine ugrady. Ýurdumyzyň ýygyndysy tälimçi Diýar Hojaewiň ýolbaşçylygynda 20 ýaş türgenden ybarat.

Ýaryşda şeýle hem halkara derejeli emin Eýmur Mädeminow Türkmenistana wekilçilik ederler.

Bu ýyl adaty karate boýunça Dünýä kubogyna 35 ýurtdan müňden gowrak türgen gatnaşar.

05.05.2025
Peruda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Didarbek Jumabaýew kümüş medal gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Peruwyň paýtagty Limada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy. Ol ýaryşda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Didarbek Jumabaýew agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 305 kg (birbada 137 kg + itekläp168 kg) netije görkezdi.

Şu agramda ukrainaly türgen Sergeý Kotelewskiý 314 kg (142 + 172) netije bilen, altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän latwiýaly agyr atletikaçy Maksim Wasilonoks 297 kg (136 kg + 161 kg) netije görkezdi.

05.05.2025
K.Annamyradow Peruda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Kakamyrat Annamyradow Limada (Peru) ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.

73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden K.Annamyradow agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 290 kg netije (birbada 130 kg + itekläp160 kg) görkezdi.

Şu agramda müsürli pälwan Metwally Hüseýin Abdelrahman 306 kg (141 kg + 165 kg) netije bilen, altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän gazagystanly agyr atletikaçy Ýernur Myrzahmet 286 kg (131 kg + 155 kg) netije görkezdi.

05.05.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynda Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar. Döwlet Baştutany şu gün bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa Hökümet agzalary bilen birlikde, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle-de Balkan welaýatynyň häkimi hem gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisde ilki bilen milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa halkara maslahatyň çäklerinde guraljak Parlamentara foruma taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Soňra wise-premýerler we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde bu halkara maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan degişli işler barada hasabatlary berdiler.

Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi, maslahatyň geçýän döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk hem-de welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň häkimine halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen welaýatda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şeýle-de Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutany BMG bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.

02.05.2025
Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri: «Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär» diýmek bilen, bu gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň 100-e golaý ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilendigini belledi.

Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny bellediler. Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, şeýle hem german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen forumynyň orny aýratyn nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri himiýa senagatyny, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, dokma pudagyny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan «BASF», «MAN», «Deutsche Bahn» we «ThyssenKrupp» ýaly german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi. Gahryman Arkadag şeýle hem «Siemens», «Knauf» kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi.

Söhbetdeşlikde «ýaşyl ykdysadyýet», energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany suratda «Siemensiň» turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi.

Gahryman Arkadag Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk kaliý mineral dökünini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde belli german «Thyssen Schachtbau GmbH» we «Schachtbau Nordhausen GmbH» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa «BASF» kompaniýasynyň tejribesini ulanmaga Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

01.05.2025
1 2 3 4 5 6 7 ... 62