Habarlar
Türkmenistanly türgen Dawranbek Hasanbaýew Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.
Yklym birinjiliginde 102 kilograma çenli agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden Dawranbek Hasanbaýew silterläp götermekde 182 kilogramy eýgerip, ähli garşydaşlaryndan ýokary netije görkezdi we kiçi altyn medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde 195 kilogram agyrlygy galdyrdy.
Netijede iki görnüşiň jemi boýunça 377 kilogram görkeziji bilen uly bürünç medalyň eýesi boldy. Bu agram derejede birinji orny umumylykda 410 (180+230) kilogram netije görkezen hytaýly Liu Huanhua, ikinji orny bolsa jemi 386 (165+221) kilogram görkeziji bilen gazagystanly Artýom Antropow eýeledi.
Ýeri gelende bellesek, Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty şu ýyl Hytaýda geçirilýär. 9-njy maýda başlanan ýaryş şu gün — 15-nji maýda tamamlanar.
2025-nji ýylyň 11–12-nji maýy aralygynda Kuweýtde Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (OCA) 45-nji Baş Assambleýasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Baş Assambleýanyň işine Halkara Olimpiýa komitetiniň häzirki Prezidenti Tomas Bah, täze saýlanan Prezidenti Kirsti Kowentri, Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary, Milli Olimpiýa komitetleriniň Assosiýasiýasynyň ýolbaşçylary, Aziýa federasiýalarynyň prezidentleri, şeýle hem Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Akmämmedow we Aziýanyň 45 döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri gatnaşdy – diýip, Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň saýtynda habar berilýär.
Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti Timoti Fok we Baş direktory Huseýn Al Mussallam çykyşlarynda Aziýada Olimpiýa hereketiniň ösüşine aýratyn üns berdiler. Olar guramanyň sport derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlary taýýarlamak, gender deňligini we dolandyryş durnuklylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajyp ähmiýetini bellediler.
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa «Arkadag» futbol klubuny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji çempionlyk ady bilen gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» neşiri AFK-nyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
Türkmen kluby final duşuşygynda Kambojanyň häzirki çempiony «Swaýrieng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Pnompeniň stadionynda 51 600 janköýeriň tomaşa etmeginde geçdi.
Ýeňijileriň düzüminde gollary Mekan Saparow (59-njy minut) we Altymyrat Annadurdyýew (112-nji minut) geçirdi. Meýdança eýeleriniň tarapyndan Saret Kria (82-nji minut) tapawutlanmagy başardy.
«Aziýa futbol maşgalasynyň adyndan Türkmenistanyň «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynda gazanan taryhy ýeňşi bilen gutlaýaryn. Türkmenistanyň we Kambojanyň futbol federasiýalary öz klublaryna yklym sahnasynda ösmek üçin depginli gurşaw döredendikleri aýratyn öwgä mynasypdyr» — diýip, AFK-nyň metbugat gullugy şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifanyň sözlerini getirýär.
Türkmenistanyň häzirki iki gezek çempiony «Arkadag» kluby, köp hünärmenleriň birnäçe braziliýaly legionerleriň çykyş edýän Kambojanyň komandasyna artykmaçlyk berendiklerine garamazdan, bu üstünlige ýetmegiň hötdesinden geldi. Munuň üstesine-de, oýun «Swaýriengiň» öz stadionynda geçdi.
AFK-nyň prezidenti şeýle-de bu ýaryşa gatnaşan 18 kluba we federasiýalara AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ilkinji ýaryşyny üstünlikli geçirmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi we merkezleşdirilen toparçalaýyn tapgyryň guramaçylarynyň işini belläp geçdi.
«Bu täze taryhy sahypa ähli gatnaşyjylaryň goldawy bolmasa ýazylmazdy. Men toparçalaýyn tapgyrlary guraýjylara we AFK-nyň Çagyryş ligasynyň birinji möwsümini geçirmäge goşant goşan sahna arkasynda işlänleriň hemmesine minnetdarlygymy bildirýärin» - diýip, Aziýa futbol konfederasiýasynyň baştutany nygtady.
«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýeňiş gazanmagy indiki möwsümde Türkmenistanyň üç toparynyň Aziýanyň klublaryň arasyndaky ýaryşlaryna gatnaşmagyna şert döretdi.
«Arkadag» AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyryna göni ýollanma eýe çykdy.
«Ahal» bolsa AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky ýoluny saýlama tapgyryndan başlar. Türkmen topary ýeňen halatynda, turniniň toparçalaýyn tapgyrynda oýnamaga hukuk gazanar. Ýeňlen ýagdaýynda bolsa ýoluny AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.
Şeýle-de «Altyn Asyr» topary indiki möwsümde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.
Ýeri gelende ýatlatsak, «Arkadag» AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň «Swaýriýeng» klubuny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen toparynyň düzüminde 59-njy minutda Mekan Saparow we 112-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew tapawutlandy.
Ýaryşyň jemleri boýunça «Arkadagyň» iki oýunçysy şahsy baýraklara hem mynasyp boldy. Has takygy, finalda ýeňiş goluny uran Altymyrat Annadurdyýew 5 gol bilen turniriň «Iň netijeli oýunçysy» bolan bolsa, Şanazar Tirkişow turniriň «Iň gowy oýunçysy» hökmünde ykrar edildi.
Arkadag şäheriniň häkimliginiň «Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi.
Resminama «Arkadag» futbol toparynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga uly goşant goşýandygy, Türkmenistanyň ýokary ligasynda üstünlikli çykyş edýändigi, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynda ýeňiş gazanyp, halkara ýaryşyň kubogyna mynasyp bolandygy nazara alnyp kabul edildi.
Balkan welaýatynyň Balkan atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ilkinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda bolup, onda bedewler 1400 metr aralykda güýç synanyşdylar. Çapyşykda Begli Şanyýazowyň hojalygyna degişli Şasenem diýen dor at bu aralygy 1 minut 45 sekuntda geçip, öňdeligi eýeledi.
Üçýaşar bedewleriň arasynda geçirilen ikinji çapyşyk hem 1400 metr aralygy öz içine aldy. Çapyşykda 1 minut 45 sekunt netije görkezen Garaýel diýen gara at pellehana birinji gelmegi başardy.
Üçünji ýaryş dört we ulyýaşar atlaryň arasynda geçirilip, oňa atlaryň bäşisi gatnaşdy. Gyzykly geçen çapyşykda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Göwenek atly al aty öňdeligi eýelemegi başardy. Bu çapyşykda Göwenek 1400 metr aralygy 1 minut 51 sekuntda geçdi.
Dört we ulyýaşar bedewleriň arasynda geçirilen dördünji çapyşyk 1800 metr aralygy öz içine aldy. Çapyşykda Begli Şanyýazowyň Mähriban diýen aty pellehana 2 minut 14 sekuntda geldi.
Bäşinji çapyşykda Seýitguly Tülegenowyň Döwletli atly dor aty bellenilen aralygy 2 minut 15 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.
Şanazar Tirkişow we Altymyrat Annadurdyýew türkmen kluby "Arkadagyň" AFK-nyň Çagyryş Ligasynyň finalynda ýeňşiniň esasy şahsyýetleri boldular. Kamboja kluby "Swariýen" bilen 2:1 hasaby bilen tamamlanan dartgynly duşuşykda oýunçylar ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler.
Altymyrat Annadurdyýew goşmaça wagtyň 112-nji minutynda wajyp goly urdy, bu bolsa topara ýaryşda ýeňiş getirdi. Bu hüjümçi üçin bäşinji goly bolup, oňa AFK-nyň Çagyryş Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçy adyny almaga mümkinçilik berdi.
Şanazar Tirkişow bolsa final oýnunyň iň netijeli oýunçysy diýlip ykrar edildi. Onuň meýdançadaky hereketleri türkmen klubynyň netijlerine düýpli täsir etdi.
“Arkadag” futbol topary, AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky çykyşyny ýeňiş bilen tamamlady we finalda Kambojanyň “Preah Khan Reach Svay Rieng” futbol toparyndan goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Mekan Saparowyň we Altymyrat Annadurdyýewiň gollary türkmen toparyna abraýly kubogy getirdi.
Finala çenli Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky “Arkadag” futbol topary “Maziya Sport”, “Abdyş-Ata” we “Al-Arabi” toparlarynyndan üstün çykyp, toparçada ynamly ýeňiş gazandy. Pleý-offda Hindistanyň “Ist Bengal” we ýarym finalda Kuweýtiň “Al Arabi” futbol toparynyndan ýeňiş gazandy. “Arkadagyň” garşydaşy “Preah Khan Reach Svay Rieng” finaldan oýnundan öň “Şan Ýunaýted” we “Madura Ýunaýted” toparlaryndan üstün çykdy.
“Arkadag” toparynyň bu ýeňşi, ýurduň ýolbaşçylyklalarynyň ünsi we goldawy netijesinde milli sportuň ösýändigini görkezip, türkmen futbolynyň taryhynda möhüm tapgyra öwrüldi.
Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy (TFF) «D» derejeli tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin okuw-maslahatyna ýazylyşygy açdy – diýip, TFF-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Okuw-maslahata ýazylmak üçin resminamalaryň toplumy PDF görnüşinde federasiýanyň elektron salgysyna 20-nji maýa çenli tabşyrylmalydyr. Okuw 24-25-nji maýda Aşgabatda geçiriler.
Arzalara garalandan soň, TFF-niň tälimçiler bilimi bölümi tarapyndan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçiriler.
Türkmenistanyň milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň hokkeý boýunça dünýä çempionatynda III Diwizionyň A toparynda çykyşyny dowam etdirer. Bu toparyň gatnaşyjylarynyň düzümi has pes diwizionlardaky dünýä ýaryşlary tamamlanandan soňra belli boldy.
Türkmen ýygyndy toparynyň garşydaşlary ozalky çempionatlardaky tanyş toparlar bolar. Olar Türkiýäniň, GAR-yň, Bosniýa we Gersegowinanyň, şeýle hem toparyň täze gatnaşyjylary – III Diwizionyň B toparyndan ýokary galan Meksikanyň ýygyndy topary hem-de II Diwizionyň B toparyndan çykan Taýlandyň toparydyr.
Entek ýaryşyň geçiriljek ýeri mälim edilmedi, emma taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Üçünji diwizion derejesinde durnukly çykyş edýän türkmen topary öz orunlaryny gowulandyrmaga hem-de topar boýunça ýokary galmaga çalyşar.
Şol bir wagtyň özünde 2024-nji ýylda ilkinji gezek çykyş edip başlan hem-de IV Diwizionda ýeňiş gazanan Özbegistanyň ýygyndy topary indiki möwsümde III Diwizionyň B toparynda oýnar. Onuň garşydaşlary KHDR-iň, Gonkongyň, Mongoliýanyň, Filippinleriň, şeýle hem III Diwizionyň A toparyndan aşak düşen Lýuksemburgyň ýygyndy toparlary bolar. Özbegistan resmi arzanyň tabşyrylan ýagdaýynda, bu topardaky mümkin bolan ýaryşyň eýeleriniň biri hökmünde garalýar.
III Diwizionyň A toparynda ýeňiji bolan Gyrgyzystanyň ýygyndy topary indiki möwsümde II Diwizionyň B toparyna geçer. Onuň garşydaşlary Bolgariýanyň, Taýwanyň, Islandiýanyň we Täze Zelandiýanyň ýygyndylary boldy. Toparyň jemleýji düzümi II Diwizionyň A toparyndaky ýaryşlar tamamlanandan soň belli bolar.
Dünýä çempionatynyň iň ýokary derejesinde Gazagystanyň ýygyndy topary çykyş eder. 9-njy maýda başlajak ýokarky diwizionda onuň topar boýunça garşydaşlary ABŞ, Çehiýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Daniýa, Norwegiýa we Wengriýa bolar. Iň gowy dört topar pleý-off oýunlaryna çykar, ýeňilenler bolsa saýlama diwizionyndan çykar.
20-nji maýda Saratow oblastynyň Hwalynsk şäherinde 12-nji “Turiada” sport-syýahatçylyk lageri açylar. Çärä gatnaşjak daşary ýurtly wekiliýetleriň arasynda Türkmenistan hem bar. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň Priwoložsk federal okrugyndaky ygtyýarlandyrylan wekili Igor Komarowyň metbugat gullugynda habar berdiler.
Adaty “Turiada” “Hwalynskiý” dag-lyža kurortynyň çäginde geçirilýär hem-de dürli ýurtlardan we Russiýanyň sebitlerinden 800-e golaý gatnaşyjyny ýygnaýar. Gatnaşyjylaryň esasy düzümini sebit ýaryşlarynyň ýeňijileri, syýahatçylyk ugrundaky ýokary okuw mekdepleriň talyplary, tälimçiler, ekspertler we meýletinçiler düzýär.
Şu ýyl “Turiada” Priwoložsk federal okrugynyň 14 toparyndan başga-da, Türkmenistanyň, Belarusyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Mongoliýanyň halkara toparlary geler.
Dört günüň dowamynda gatnaşyjylara tigir, suw we pyýada aralyklarda sport syýahatçylygy boýunça ýaryşlar garaşýar. Sebitara syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça taslama bäsleşigine aýratyn üns beriler. Ýeňijiler bu ugry durmuşa geçirmek üçin 400 müň rubl möçberinde pul baýragyny alar.
Maksatnama intellektual marafony, “Kalplaryň sazy” atly awtorlyk aýdym bäsleşigini, sport-syýahatçylyk estafetasyny hem-de ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlary öz içine alýar. Ähli gatnaşyjylar däp bolşy ýaly, çadyr şäherjiginde ýerleşdirerler.
“Turiadanyň” dabaraly ýapylşy 23-nji maýda geçiriler. Oňa Russiýanyň Prezidentiniň Priwoložsk federal okrugyndaky ygtyýarlandyrylan wekili Igor Komarow gatnaşar. Lager “Dostluk kubogy” atly topar estafetasy bilen tamamlanar. Oňa garyşyk halkara toparlar, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşar.
Türkmen dzýudoçy gyzy Oguljan Ruslanowa Azerbaýjanda 12 ýurtdan 354 türgeniň gatnaşmagynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen Ýewropa Kubogy (Quba Millennium Team Cadet European Cup 2025) ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Ol 70 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 8 ýurtdan 18 türgeniň gatnaşmagynda gyzlaryň arasynda ýeňiş gazanmak bilen, şeýle üstünlige ýetmegi başardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Birinji duşuşykda Oguljan Azerbaýjanyň türgeni Rena Ahmedowany ýeňdi, ikinji duşuşykda bolsa russiýaly Sofia Ýarmantowiçden üstün çykdy.Finala çykmak ugrunda O.Ruslanowa çekeleşikli tutluşykda Nini Dzaganiýadan (Gruziýa) ýekeje «yuko» bilen utuldy, 3-nji ýer ugrundaky göreşde bolsa russiýaly Alina Çekmarýowadan üstün çykyp, bürünç medal gazandy. Ruslanowa bilen bilelikde Gruziýanyň wekili Maýa Gwaladze münberiň üçünji basgançagyna çykdy. Gruziýaly Nini Dzaganiýa kümüş medala mynasyp boldy. 70 kilograma çenli agram derejesinde Lýusi Rulýe (Fransiýa) ýaryşyň ýeňijisi boldy.Bu 16 ýaşly dzýudoçynyň halkara ýaryşlarynda eýýäm ikinji medaly.
Geçen hepde Oguljan Germaniýada ýetginjekleriň arasynda geçirilen «Berlin Millennium Team Cadet European Cup 2025» ýaryşynda bürünç medal gazanypdy.