Habarlar
Türkmenistanyň adaty karate boýunça ýygyndysy 4-13-nji maý aralygynda geçiriljek çagalaryň arasyndaky Dünýä kubogy ýaryşyna gatnaşmak üçin Polşanyň Pulawy şäherine ugrady. Ýurdumyzyň ýygyndysy tälimçi Diýar Hojaewiň ýolbaşçylygynda 20 ýaş türgenden ybarat.
Ýaryşda şeýle hem halkara derejeli emin Eýmur Mädeminow Türkmenistana wekilçilik ederler.
Bu ýyl adaty karate boýunça Dünýä kubogyna 35 ýurtdan müňden gowrak türgen gatnaşar.
Türkmenistanly agyr atletikaçy Didarbek Jumabaýew Peruwyň paýtagty Limada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy. Ol ýaryşda 81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.
Didarbek Jumabaýew agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 305 kg (birbada 137 kg + itekläp168 kg) netije görkezdi.
Şu agramda ukrainaly türgen Sergeý Kotelewskiý 314 kg (142 + 172) netije bilen, altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän latwiýaly agyr atletikaçy Maksim Wasilonoks 297 kg (136 kg + 161 kg) netije görkezdi.
Türkmenistanly agyr atletikaçy Kakamyrat Annamyradow Limada (Peru) ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy.
73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden K.Annamyradow agyrlygy götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 290 kg netije (birbada 130 kg + itekläp160 kg) görkezdi.
Şu agramda müsürli pälwan Metwally Hüseýin Abdelrahman 306 kg (141 kg + 165 kg) netije bilen, altyn medala mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän gazagystanly agyr atletikaçy Ýernur Myrzahmet 286 kg (131 kg + 155 kg) netije görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar. Döwlet Baştutany şu gün bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa Hökümet agzalary bilen birlikde, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle-de Balkan welaýatynyň häkimi hem gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Mejlisde ilki bilen milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa halkara maslahatyň çäklerinde guraljak Parlamentara foruma taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.
Soňra wise-premýerler we Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde bu halkara maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde alnyp barylýan degişli işler barada hasabatlary berdiler.
Hökümetiň giňişleýin göçme mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi, maslahatyň geçýän döwründe tertip-düzgüniň, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow halkara maslahata görülýän taýýarlyk hem-de welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň häkimine halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen welaýatda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şeýle-de Balkanabat halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutany BMG bilen bilelikde geçiriljek bu halkara ähmiýetli maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri: «Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär» diýmek bilen, bu gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň 100-e golaý ikitaraplaýyn resminamalar bilen berkidilendigini belledi.
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara foruma Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny bellediler. Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň, şeýle hem german ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işiniň we German-türkmen forumynyň orny aýratyn nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri himiýa senagatyny, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş, dokma pudagyny ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de bu ugurlarda iş alyp barýan «BASF», «MAN», «Deutsche Bahn» we «ThyssenKrupp» ýaly german kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ýola goýmagy teklip etdi. Gahryman Arkadag şeýle hem «Siemens», «Knauf» kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny belledi.
Söhbetdeşlikde «ýaşyl ykdysadyýet», energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, suw serişdelerini dolandyrmak we innowasion tehnologiýalar özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hökmünde bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda senagatlaşdyrmagyň güýçli depginde alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de gaz pudagynda hökmany suratda «Siemensiň» turbinalarynyň ulanylýandygyny aýratyn belledi.
Gahryman Arkadag Merkezi Aziýa sebitinde ýeke-täk kaliý mineral dökünini öndürýän Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň işini özleşdirmekde belli german «Thyssen Schachtbau GmbH» we «Schachtbau Nordhausen GmbH» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga, himiýa senagatynda bolsa «BASF» kompaniýasynyň tejribesini ulanmaga Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Türkmen türgeni Oguljan Ruslanowa 70 kilograma çenli agram derejesinde dzýudo boýunça 2025-nji ýylda Berlinde geçirilen Ýewropa kubogynda bürünç medal aldy. Bäsleşige 16 ýurtdan 39 türgen gatnaşdy.
16 ýaşly türgenimiz Swenja Keding (Germaniýa), Leni Welter (Lýuksemburg), Alesýa Winçelowika (Latwiýa) we Lara Katharina Malçak (Germaniýa) türgenlere garşy göreşde yzly-yzyna 4 ýeňiş gazandy.
Ýarym finalda Ruslanowa Aleksandr Geoffroýdan (Fransiýa) garşy söweşde utuldy, ýöne üçünji orun üçin WiktoriýaÝurçikowa (Çehiýa) garşy bolan söweşinde ýeňiş gazandy.
Bu agram derejesinde altyn medaly Jorji Grassi (Italiýa), kümüş medaly Aleksandr Geoffroý (Fransiýa) aldy.
Türkmenistanyň ýaşlar basketbol ýygyndysy (U17) Özbegistanyň Namangan şäherinde tamamlanan GOLDEN VALLEY CUP 2025 halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. Üçünji ýer üçin geçirilen aýgytly duşuşykda türkmen türgenleri Gazagystanyň ýygyndysyny 60:57 hasaby bilen ýeňdiler.
Bäsleşige Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan 10 topar gatnaşdy. Toparçalaýyn tapgyrda Türkmenistanyň wekilleri Täjigistanyň ýygyndysyny (74:31), Gyrgyzystanyň ýygyndysyny (43:17) we Gazagystanyň ýygyndysyny (45:44) ýeňdiler, diňe bäsleşigiň eýelerinden - Özbegistanyň toparyndan (77:99) ýeňildiler.
Ýaryşyň pley-off tapgyrynda türkmen basketbolçylary çärýek final duşuşygynda Gyrgyzystanyň «Nookat» toparyny 72:56 hasaby bilen ýeňip, ynam bilen indiki tapgyra geçdiler. Ýarym final duşuşygynda türkmenistanlylar «Bişkek» toparyndan (54:67) ýeňildiler, emma bürünç medal ugrunda geçirilen duşuşykda Gazagystanyň ýygyndysyny ýene-de ýeňmegi (60:57) başardylar.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň aprel aýynyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň nobatdan daşary saýlaw Maslahaty geçirilip, onda Ruslan Taňryberdiyew guramanyň 2025-2028-nji ýyllar üçin başlygy wezipesine saýlandy.
Kiokușinkaý karate boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyndan on türgen 10-11-nji maýda Ermenistanyň Gümri şäherinde geçiriljek halkara ýaryşyna gatnaşar. Bu barada Türkmenportala ýurdumyzyň Kiokușinkaý karate boýunça milli federasiýasynyň wekilleri habar berdiler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Meýlis Paşagulyýew, Daýanç Gylyçdurdyýew, Daýanç Hojamyradow, Süleýman Sähedow, Myrat Ekeýew, Lala Abdullaýewa, Myrat Altymuhammedow, Şyhnazar Şirzadow, Döwletýar Allowow we Aýymjan Sultanowa dagy girýär. Toparyň ýolbaşçysy hökmünde tälimçi Atamyrat Hudaýberdiýew bellendi, Türkmenistanyň emin toparyny bolsa bu ýaryşda Tirkiş Körow we Täçli Saparow wekilçilik ederler.
Ermenistanda guralýan ýaryş türkmen karateçileriniň 28-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Ýaponiýanyň Maebasi șäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görjek möhüm tapgyry bolar. Federasiýanyň wekilleriniň sözlerine görä, türgenleriň öňde durýan dünýä çempionatyndaky esasy maksady – üstünlik gazanmak we her bir agram derejesinde iň gowy netijeleri görkezmekdir.
Türkmenistanyň ýygyndysy hokkeý boýunça üçünji diwizionyň «A» toparynda geçirilýän Dünýä çempionatynyň soňky tapgyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny owertaýmynda (goşmaça wagtda) üstün çykdy (6:5 OT). Stambuldaky duşuşygyň esasy wagty 5:5 hasaby bilen tamamlandy, owertaýmda Kerwen Baýlyýewiň garşydaşynyň derwezesine salan şaýbasy türkmen toparyna ýeňiş getirdi.
Türkmenistanyň ýygyndysy şu çempionatda ýeňşe bolan mümkinçiligini ýitiren hem bolsa, ýaryşyň soňky duşuşygy öz ähmiýetini ýitirmedi. Günorta Afrika Respublikasyna garşy üstünlikli oýnunyň netijesinde Ylýas Weliýewiň topary ýaryş tertibinde ikinji orny eýeledi. Gyrgyzystandan sezewar bolan (1:8) ýeke-täk ýeňlişi Türkmenistana ýaryşda ýeňiji bolmaga we ikinji diwiziona geçmäge päsgel berdi, netijede ol ýere Gyrgyzystanyň topary gitdi.
2025-nji ýylda Azerbaýjanda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýurtlarynyň III oýunlarynyň nyşanlary hökmünde Bebir we Leýla atly iki sany gujurly we dostlukly alajagaplaňlar saýlandy.
Nyşanlar GDA ýurtlarynyň III oýunlaryna bagyşlanan birinji metbugat maslahatynda halk köpçüligine hödürlendi.
Olar kawkaz alajagaplaňyň nusgasy boýunça döredilip, Azerbaýjanyň baý tebigatynyň, güýjüniň we myhmansöýerliginiň alamaty bolup durýar.
Gadymy döwürlerden bäri kawkaz alajagaplaňy Azerbaýjanyň ajaýyp künjeklerinde ýaşaýardy. Ol Kawkazda ýitmek howpy abanýan haýwanat dünýäsiniň 5 görnüşiniň goragyny öz içine alýan “Uly bäşlik” atly Maksatnamasyna, Azerbaýjanyň Gyzyl kitabyna hem-de Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň “Ýitimek howpy abanýan görnüşler” atly Gyzyl sanawyna girizildi.
GDA ýurtlarynyň III oýunlary sportuň 28 görnüşini öz içine alyp, 28-nji sentýabr – 8-nji oktýabr aralygynda Azerbaýjanyň Gänja, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Göýgöl, Ýewlah we Hankendi şäherlerinde geçer.
Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bu ýerde gurnan ak öýleri gadymy türkmen obasyny ýadyňa salýar. Gelin-gyzlar ajaýyp sazlaryň owazy astynda haly dokaýarlar we keçe basýarlar. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de görkezilýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda behişdi bedewleriň keşbi şekillendirilipdir.
Türkmen zergärçilik sungatynda bedewleriň şaý-sepleri aýratyn orny eýeleýär. Taryhyň dowamynda ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi bilen şahyrlaryň, ýazyjylaryň, suratkeşleriň ünsüni özüne çekipdir. Bu ýörelge häzirki zamanda hem döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýär. Şeýle-de bu ýerde tejribeli we ýaş heýkeltaraşlaryň döreden eserleri görkezilýär. Bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary, pälwanlaryň tutluşyklary dabara türkmen toýlaryna mahsus baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dürli tilsimleri, çeýeligini, ussatlygyny görkezýän pälwanlaryň göreşini synlady.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary, tans toparlary dabara gatnaşýanlary joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar.
Behişdi bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň wepaly dosty, hemrasy, döredijilik ylhamynyň çeşmesi bolup gelipdi we şeýle bolmagynda-da galýar. Halkymyzda seýisçilik däpleri nesilden-nesle geçirilip gelinýär. Bu gün ahalteke bedewleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen atlary seýislemek boýunça milli ýörelgeleri, oňyn tejribeleri Ýer ýüzüniň atşynaslarynyň ünsüni çekýär. Halkymyz ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň kämil eserini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu ajaýyp atlaryň özboluşlylygyny biziň günlerimize hem ýetirmegi başarypdyr. Bu gün ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde dabaralar guralýar. Onuň esasy bezegi bolsa at çapyşyklarydyr.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özi üçin bellenen ýere geçýär.
Ady rowaýata öwrülen bedewlere belent sarpa goýýan döwlet Baştutanymyz milli atçylyk sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Muňa ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş, iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy-da aýdyň mysaldyr. Şunuň bilen bir hatarda, atçylyk pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubunyň döredilendigini hem bellemek möhümdir. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we ösdürmek babatda tagallalara goldaw bermekden, ahalteke atlarynyň taryhyny öwrenmekden, ýaş nesillere ýetirmekden, behişdi bedewlerimizi dünýä derejesinde wagyz etmekden ybaratdyr.
...Alypbaryjy baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan edýär.
Ussat atşynaslar we seýisler ahalteke bedewi ýaly ajaýyp tohum atyny döredip, tohum arassalygyny saklamak bilen, olary has-da kämilleşdirýärler. Ata-babalarymyzyň seýisçilik ýörelgeleri gadymdan gelýän özboluşly atşynaslyk däplerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagynda döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmek, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hünärmenleriň öňünde möhüm wezipeleri goýdy. Munuň özi ýüzýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, häzirki günde halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewlere aýawly çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
...Baýramçylyk mynasybetli geçirilen şu günki at çapyşygy türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlardan erjelligi, dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi, atlara bolan söýgini we üşügi talap edýär. Şu gün dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi hem-de olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.
Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1400 metr aralyga geçirildi. Onda pellehana birinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Babadaş atly mele aty gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary R.Agamyradow.
Ikinji çapyşykda hem aralyk 1400 metr boldy. Bu çapyşykda bedewler nebitgaz toplumynyň baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Goar II atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary O.Amangeldiýew.
Üçünji çapyşykda bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda çapyksuwar D.Azadowyň erk etmeginde “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Ýagmyrly atly dor aty ýeňiş gazandy.
Dördünji çapyşykda bedewler Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baýragyny almak ugrunda 1600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Gazanar atly al aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow.
Bäşinji çapyşyk gurluşyk we senagat toplumynyň baýragyny almak ugrunda geçirildi. 1600 metr aralyga ýaryşan bedewleriň arasynda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Şägirt II atly dor aty geldi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew.
Altynjy çapyşykda dört we ulyýaşar atlar oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda 1800 metr aralyga bäsleşdiler. Onda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Tokaý hojalygy” döwlet kärhanasynyň Gudratlydag atly mele aty pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.
Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy hem-de göçme kubogy ugrunda 1800 metr aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen atly akýal mele aty ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.
Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň şöhratly geçmişimizi, häzirki döwrümiziň ägirt uly özgerişlerini wasp edýän aýdym-sazlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Hemişe bolşy ýaly, şu gezekki at çapyşyklary hem örän gyzykly boldy. Bäsdeşlik ruhy, joşgunlylyk, ahalteke bedewleriniň ýyndamlygy, gözelligi ýaryşlara aýratyn öwüşgin çaýýar.
Soňra baýramçylyk at çapyşyklarynyň, şeýle-de şu hepdede geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginde Polat atly bedew diňe ýyndamlygyň däl, eýsem, çydamlylygyň hem iň gowy nusgasyny görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Seýidow. Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen, çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we şan-şöhrata eýe boldular.
Päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşikde Altynhan atly bedew birinji orny eýeledi. Onuň çapyksuwary Y.Çopanow.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyndan soňra, şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara gymmat bahaly sowgatlar, uly möçberli pul baýraklary, diplomlar gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we uly möçberli pul baýragy gowşuryldy.
Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny kabul edip, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek babatda yzygiderli tagallalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini dowam etdirmekde mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly sowgat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Ozal habar berşimiz ýaly, Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçirildi.
Ýaryşda türkmen türgenleri iki görnüşiniň jemleri boýunça 12 altyn, 10 kümüş we 6 bürünç — jemi 28 medal gazandylar. Bu barada TDH habar berdi.
Halkara ýaryşyň birinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary türkmen milli göreşi boýunça jemi 14 medal gazandy.
Ýaryşyň ikinji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary alyş göreşi boýunça hem jemi 14 medal gazandy. Ýaryşa Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň 13-sinden türgenler gatnaşdylar.
Soňky ýyllarda guşakly alyş göreşi hem, türkmen milli göreşi ýaly, bütin dünýäde işjeň ösdürilýär. 2002-nji ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Bişkek şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Alyş federasiýasynyň düzümine (WAF) häzirki wagtda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň milli federasiýalarynyň 36-sy girýär.
Aşgabatda geçirilen halkara ýaryş 2024-nji ýylyň maýynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.