AŞGABAT ŞÄHER HÄKIMLIGINIŇ
OLIMPIÝA ŞÄHERJIGINI
DOLANDYRYŞ MÜDIRLIGI

Habarlar

Türkiýe hem-de Portugaliýa çempionata ýeňiş bilen başlady

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynyň 5-nji gününde 2 duşuşyk geçirilip, 1-nji aýlawyň oýunlary tamamlandy.  

«F» toparçada günüň ilkinji oýnunda Türkiýe bilen çempionata ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýnuň 25-nji minutynda türkiýeli goragçy Merih Demiral ajaýyp urgy bilen toparyny öňe çykardy. Bu goldan 2 minut soň Kenan Ýyldyzyň goly ofsaýt sebäpli hasaba alynmady. Duşuşygyň 32-nji minutynda Gruziýanyň ýygyndysynyň ýyldyz hüjümçisi Žorž Mikautadze hasaby deňledi. Oýnuň 1-nji ýarymy şol hasap bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 65-nji minutynda «Real Madrid» toparynyň türkiýeli ýaş ýyldyzy Arda Güler örän owadan gol bilen toparyny öňe saýlady. Şondan soň gruzinler hasaby deňlemek üçin jan aýaman göreşdiler. Oýnuň 90+7-nji minutynda bolsa derwezeçiniň öňe gitmeginden ýerlikli peýdalanan türk ýygyndysy Kerem Aktürkoglunyň boş derwezä gönükdiren goly bilen 3-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Şol gün 50 ýaşyny dolduran toparyň tälimçisi Winçenzo Montella duşuşykdan soň bu ýeňşiň özi üçin iň gowy doglan gün sowgady bolandygyny belläp, futbolçylaryny gazanylan ilkinji 3 utuk bilen gutlady.

Pepeniň hem-de Ronaldunyň täze rekordlary
Günüň 2-nji duşuşygynda Portugaliýa bilen Çehiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Portugaliýanyň ýygyndysynda esasy düzümde meýdança çykan Pepe bilen Kriştianu Ronaldu taryhy rekord goýdy. Pepe 41 ýaş 113 gün bilen Ýewropa çempionatynda çykyş eden iň ýaşuly futbolçynyň rekordynyň täze eýesi boldy. Ronaldu bolsa 6-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş eden ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy golsuz tamamlanyp, 2-nji ýarymda, has takygy, 62-nji minutda Lukaş Prowodyň goly bilen çehler öňe geçdi. Ýöne portugallaryň jogaby gijikmedi. Oýnuň 69-njy minutynda Robin Hranaçyň awtogoly bilen hasap deňlendi. 87-nji minutda Ronaldonyň süsen topy sütünden yzyna gaýtdy. Şol pursatda topy derwezä girizen Žotanyň goly ofsaýt sebäpli bellige alynmady. Duşuşygyň 90-njy minutynda oýna giren Fransişko Konseýsao 2 minutdan soň topy derwezä girip, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

20.06.2024
«Boston Seltiks» — NBA-nyň 18-nji gezek çempiony

Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da 2023/2024-nji ýyllaryň möwsüminiň çempiony belli boldy. Final oýunlarynyň 5-nji duşuşygynda «Boston Seltiks» öz meýdançasynda «Dallas Maweriks» toparyny 106:88 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. «TD Garden Arena»-da oýnalan duşuşykda «Boston Seltiks» toparynda Jeýson Tatum 31 utuk, 11 asist, Jeýlon Brawn 21 utuk, 8 ribaund görkezijiler bilen çykyş etdi. Şeýlelikde, umumy hasapda 4:1 öňe saýlanan «Boston Seltiks» 16 ýyldan soň NBA-nyň çempionlygyny gazandy. Bu olaryň 18-nji çempionlygy bolup, «Boston Seltiks» topary «Los Anjeles Leýkersden» öňe geçdi we NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan topary bolmagy başardy. «Boston Seltiks» mundan ozal, 1957-nji, 1960-njy, 1961-nji, 1962-nji, 1963-nji, 1964-nji, 1965-nji, 1966-njy, 1968-nji, 1969-njy, 1974-nji, 1976-njy, 1981-nji, 1984-nji, 1986-njy hem-de 2008-nji ýylda NBA-nyň çempiony bolupdy.

Toparyň ýyldyz oýunçysy Jeýlen Brawn final duşuşyklarynyň iň ökde oýunçysy saýlanyp, ol Bill Rassel adyndaky MVP baýragy bilen sylaglandy.

19.06.2024
Belgiýanyň garaşylmadyk ýeňlişi, Fransiýanyň ýeke-täk golly ýeňşi

Germaniýada dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynda «E» toparçada garaşylmadyk netijeler hasaba alyndy. Has takygy, Ukrainanyň Rumyniýadan uly hasap bilen, şol sanda Belgiýanyň Slowakiýadan utulmagyna garaşylanokdy.

Günüň 1-nji duşuşygynda Mýunhende Rumyniýa bilen Ukraina duşuşdy. Duşuşyga ukrainler hüjümler bilen başlanam bolsa, ýeňiş gazanan rumynlar boldy. Oýnuň 29-njy minutynda Nikolae Stançu owadan urgy bilen topy derwezä gönükdirip, hasaby açdy. 2-nji ýarymda-da ilkinji 15 minut tamamlanmanka, hasap 3-0-a ýetdi. 53-nji minutda Razwan Marin, 57-nji minutda bolsa Denis Draguş tapawutlandy. Şunlukda, uly hasap bilen ýeňiş gazanan rumynlar çempionata ynamly başladylar.

Toparçanyň 2-nji duşuşygynda Belgiýanyň hem-de Slowakiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Duşuşygyň ýeňijisini ýeke-täk gol kesgitledi. Şol goly-da 7-nji minutda slowakiýaly hüjümçi Iwan Şrans derwezeden geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hüjüm baryny eden Belgiýanyň düzüminde ýyldyz hüjümçi Romelu Lukakunyň 56-njy we 86-njy minutlarda geçiren 2 goly VAR-yň görkezmesi boýunça hasaba alynmady. Ol başga-da örän amatly pursatlarda topy derwezeden geçirip bilmedi. Şeýlelikde, Belgiýanyň ýygyndysy Slowakiýanyň ýygyndysyndan 1-0 hasabynda asgyn gelip, bu oýun çempionatyň ilkinji garaşylmadyk netijesi boldy.

Günüň soňky duşuşygynda «D» toparçada  Fransiýanyň ýygyndysy bilen Awstriýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda Fransiýanyň ýygyndysy ýeke-täk gol bilen ýeňşini baýram etdi. Şol goly bolsa 38-nji minutda Maksimilian Wöber ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden geçirdi. Duşuşykda Kilian Mbappe şikes aldy. Oýundan soň onuň operasiýa bolandygy habar berildi.

19.06.2024
Türkmen futbolçylary mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Dünýäniň kubogynda Braziliýanyň hem-de Meksikanyň ýygyndylaryny ýeňdiler

Türkmenistanyň sport hereketiniň taryhynda täze sahypa açylýar. Biziň ýygyndy toparymyz ilkinji gezek 2007-2008-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasyndaky futbol boýunça Dünýä kubogyna gatnaşdy. Ýaryş Hytaýyň Dalýan şäherinde geçdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berdi.

Ýaryşa dünýäniň 33 ýurdundan 56 topar gatnaşdy. Braziliýanyň, Meksikanyň, Germaniýanyň hem-de Ugandanyň ýygyndylary Türkmenistanyň ýygyndysy bilen bir toparçada bäsleşdiler.

Baýramdurdy Meredow bilen Eziz Annamuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysy Braziliýanyň (3:0) hem-de Meksikanyň (2:0) toparlaryny ýeňlişe sezewar etdi.

Gynansak-da, iki ýeňiş nobatdaky aýlawa geçmek üçin ýeterlik bolmady. Çekeleşikli göreşde türkmen ýetginjekleri Germaniýanyň hem-de Ugandanyň ýygyndylaryndan asgyn geldiler.

Şu toparçada çykyş eden Ugandanyň ýygyndysynyň finala çenli ýetendigini bellemek gerek. Bu ýygyndy finalda 11 metrlik urgularyň esasynda arzyly Kubogy eýelemegi başaran Hytaýyň toparyndan ýeňildi.

19.06.2024
«Arkadag» hem-de «Altyn Asyr» futbol klublary 2024/2025-nji ýyllaryň möwsüminde AFK-nyň ýaryşlarynda çykyş eder

Türkmenistanly futbol muşdaklary 2024-nji ýylyň güýzünde ýurdumyzyň toparlarynyň 2024/2025-nji ýyllaryň futbol möwsümi boýunça Aziýanyň klublarynyň arasyndaky ýaryşlarda etjek çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar.

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň saýtynda çap edilen maglumatlar Türkmenistanyň AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşmaga ýollanmalaryň birini alandygyny tassyklaýar. Bu ýaryşa «Altyn Asyr» gatnaşar. Ýollanmalaryň ýene biri bolsa AFK-nyň Çagyryş Ligasyna gatnaşmak üçin «Arkadag» futbol klubuna gelip gowuşdy.

Şeýlelikde, türkmen klublarynyň ikisi nobatdaky möwsümde Aziýanyň klublarynyň abraýly ýaryşlarynda Watanymyza wekilçilik eder.

Aziýada nobatdaky futbol möwsüminiň başlanmagy bilen klublaryň ýaryşlaryna täze düzgün giriziler. Ozal iki derejedäki ýaryş guralan bolsa, indi şeýle ýaryşlaryň üçüsi geçiriler. Mahlasy, ýaryşlar Ýewropanyň ulgamyna (Çempionlar Ligasy, Ýewropanyň Ligasy we Konferensiýanyň Ligasy) meňzeş tertipde alnyp barlar.

Aziýanyň täze ýaryşlary:

  • AFC Elite Champions League — (24 klub);
  • AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 — (32 klub);
  • AFK-nyň Çagyryş ligasy (AFC Challenge League) — (20 klub).

Ýaryşlaryň toparçalardaky tapgyrlarynyň bijeleriniň awgustyň ahyrynda çekilmegine garaşylýar. Şol bijeler klublary yklymyň ýokary derejedäki ýaryşlarynyň toparçalaryna böler.

18.06.2024
Soňky çempion Italiýa çempionatyň taryhyndaky iň çalt goly geçirtse-de, ýeňiş gazanmagy başardy

Ýokary depginde dowam edýän 17-nji Ýewropa çempionatynda soňky çempion Italiýanyň ýygyndysy Albaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Dortmunddaky duşuşygyň eýýäm 23-nji sekundynda albanlar öňe saýlandy. Bu taryhy goly Nedim Bayramı dewezeden geçirdi. Şunlukda, Baýraminiň geçiren bu topy Ýewropa çempionatynyň taryhyndaky iň çalt gol hökmünde hasaba alyndy. Bu ugurda ozalky rekord Russiýaly Kiriçenko degişli bolup, ol 2004-nji ýyldaky çempionatynda 65-nji sekuntda tapawutlanypdyr.

Italýanlaryň öz çempionatlarynda çykyş edýän Baýraminiň bu goluna jogaby gijikmedi. 11-nji minutda Allesandro Bastoni hasaby deňledi. 5 minutdanam, has takygy, 16-njy minutda onuň klubdaşy Nikölo Barella Italiýany öňe saýlady. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda-da hasap üýtgemegi. Şeýlelikde, soňky çempion Italiýa hem beýleki faworitler ýaly çempionata kembek bilen bolsa-da, ýeňişli başlady.

18.06.2024
Angliýanyň ýygyndysyna 3 utuk üçin ýeke-täk gol ýeterlik boldy

Ýewropa çempionatynda «C» toparçanyň 2-nji duşuşygynda çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden Angliýanyň ýygyndysy bilen Serbiýanyň ýygyndysy duşuşdy. Duşuşykda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Şol goly bolsa 13-nji minutda Jud Bellingam geçirdi. Şunlukda, Angliýanyň ýygyndysy 1-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, çempionata 3 utuk bilen başlady.

18.06.2024
Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynda çykyş edýän klublaryň bäşisi Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň 2024/2025 möwsümlerinde geçiriljek kuboklarynda çykyş etmäge mümkinçilik berýän AFK-nyň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli geçdiler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

AFK-nyň ikinji derejeli bäsleşigi bolan “Çempionlar ligasy – 2” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny “Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary üstünlikli geçdiler. “Arkadag”, “Aşgabat” “Nebitçi” toparlary bolsa AFK-nyň “Çagyryş Kubogy” bäsleşiginiň ygtyýarlandyrmasyny üstünlikli tabşyrdylar.

“Klub ygtyýarlandyrmasy” – halkara ýaryşyna gatnaşýan klublara gerek bolan ygtyýarlandyrma öz içinde günsaýyn täzelenýän futbol düzgünlerini kadalaşdyrmak üçin hökmany bolup durýar. Häzirki wagtda bu görkezijiler klublaryň bäş ugur boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmak bilen bagly bolup durýar: sport, infrastruktura, iş-üpjünçiligi, ýuridiki, ykdysady.

Klublaryň ygtyýarlandyrma boýunça strategik ugurlary şulardan ybarat:

  • Futbolda hil taýdan, hemme ugur boýunça netijeli ösüş gazanmak;
  • Klublara ösüş hem-de dolandyryş babatynda mümkinçilikleri döretmek;
  • Janköýerleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işleriniň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek üçin klublaryň sport infrastrukturasyny ýokarlandyrmak;
  • Geçirilýän ýaryşlaryň durnuklylygyny hem-de dogry alnyp barylmagyny goramak.

AFK-nyň resmi saýtynda çap edilen ygtyýarlandyrma laýyklykda, ýurdumyza wekilçilik edýän klublaryň ikisi AFK-nyň kubok bäsleşiklerinde çykyş etmäge mümkinçilik aldy. Şonuň bilen bagly, paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginde, Arkadag şäheriniň adybir “Arkadag” topary bolsa “Çagyryş Kubogy” bäsleşiginde çykyş etmek üçin gerek bolan talapnamalary ýolladylar.

17.06.2024
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler

Türkmensitanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy şu günler Gruziýada geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen Olimpiýa oýunlary ― 2024-e taýýarlyk görýärler. Bu işde tälimçiler toparyna 52 ýaşly hytaýly hünärmen Lin Şufen hem ýardam berýär.

Lin Şufen 199-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir. Ol 1996-njy ýylda Atlanta şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşdy. Tälimçi türkmen ýygyndysy bilen geçen ýylyň güýzünden bäri işleşip gelýär. Onuň ýolbaşçylygynda türkmen agyr atletikaçylary geçen ýylyň dekabr aýynda Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II ýaryşynda, şu ýylyň fewralynda Daşkentde geçirilen Aziýanyň çempionatynda we aprelde Phuket şäherinde geçirilen Dünýä kubogynda medalla mynasyp boldular.

Baş tälimçi Mansur Rejebowyň we tejribeli hytaýly hünärmen Lin Şufeniň ýolbaşçylygyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna sekiz türgen ― birinji derejeli türgen Asal Kerimbaýewa, sport ussatlary Anamjan Rüstemowa, Seýitjan Mirzaýew, Bunýad Raşidow, Bektimur Reýimow, Gagysyz Töräýew, Şahzadbek Mätýakubow we Döwranbek Hasanbaýew dagylar gatnaşýar. Olar türgenleşiklerini Bakuriani dag şypahanasynyň binýadynda alyp barýarlar.

17.06.2024
AÇL ― 2: «Altyn asyryň» saýlama tapgyrdaky garşydaşy belli boldy

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2023-iň kümüş medalynyň eýesi ― Aşgabadyň «Altyn asyry» öňde duran möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama tapgyryndan ýaryşyp başlar. Bu tapgyrda «Altyn asyryň» garşydaşy Hindistanyň «Ist-Bengal» topary bolar.

Iki toparyň arasyndaky saýlama duşuşygy 14-nji awgust güni Hindistanyň Kalkutta şäherindäki «Selt-Leýk» stadionynda geçiriler. Duşuşykda ýeňiş gazanan topar ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna goşulsa, utulan topar AFK-nyň Çagyryş ligasynda ýoluny dowam etdirer.

1920-nji ýylda Kalkutta şäherinde esaslandyrylan «Ist-Bengal» Hindistanyň iň gadymy klublarynyň biridir. Topar häzirki wagtda Hindistanyň çempionatynyň iň ýokarky dwiziony bolan Superligada çykyş edýär.

17.06.2024
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi musulman dünýäsiniň mukaddes baýramlarynyň biri bolan mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň hem-de ruhy päkligiň dabaralanmasyny alamatlandyrýan bu baýram Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gülläp ösýän eziz Watanymyza, mähriban halkymyza bereket getirsin, bagtyýar durmuşymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrsyn!

Türkmen halky müňýyllyklardan bäri tämiz we aýdyň ýörelgelere eýerip gelýän, dünýä, ýaşaýyş, ynsan, dostluk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, döwletlilik baradaky garaýyşlaryny, ynançdyr adatlaryny, däp-dessurlaryny kämil derejä ýetiren halklaryň biridir. Ynsanyýetiň iň gözel, iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemlän merdana pederlerimiziň adamkärçilik, açykgöwünlilik, birek-birege hormat-sarpa goýmak ýaly ýörelgeleriň kämilleşmeginde, aýratyn-da, Gurban baýramynyň ruhy-ahlak taýdan bitewülige we tämizlige, belent ynsanperwerlige çagyrýan mukaddes baýramlaryň birine öwrülmeginde uly hyzmatlary bardyr. Garaşsyz ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki mertebesiniň gün-günden beýgelýän, şan-şöhratynyň has-da artýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddes baýram ýokary jebislikde, agzybirlikde garşy alynýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem gurbanlyk döwlet derejesinde üç günüň dowamynda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň baýramçylyk meýdançalarynda, medeni-dynç alyş merkezlerinde, ähli şäherlerimizdir obalarymyzda baý öwüşgindäki aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylyp bellenilýär. Her maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, baýramçylyk tagamlary hödürlenip, Garaşsyz Watanymyzyň abadançylygynyň, külli adamzadyň bagtyýar hem-de parahat durmuşynyň hatyrasyna ýagşy dilegler edilýär.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, biz ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdynlygy we ruhy kämilligi ugrunda yzygiderli alada edýäris. Jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine laýyklykda kämilleşmegine, halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda ösmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Watandaşlarymyzyň yslam dünýäsiniň mukaddesliklerine zyýarat etmekleri, parz ýörelgeleri berjaý etmekleri üçin ähli şertleri döredýäris. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän ýylynda hem Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň wekillerinden ybarat uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata iberdik.

Eziz watandaşlar!

Biziň özboluşly, gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarymyz Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň döremegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýän altyn hazynalardyr. Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzyň we hormatlanmagymyzyň esasydyr, bakylyk mertebämizdir. Şoňa görä-de, milli ýörelgelerimizi, müňýyllyklaryň dowamynda toplanan tejribelerimizi ileri tutup, jemgyýetimizi ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda has-da kämilleşdirýäris, il-günümize çäksiz söýgimiz, agzybirligimiz, tutanýerli zähmetimiz bilen şanly ösüşleri gazanyp, eziz Watanymyzy has-da şöhratlandyrýarys. Kabul eden maksatnamalarymyzy, özgertmelerimizi hem-de geljegi uly taslamalarymyzy üstünlikli amala aşyryp, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň ýoly bilen ynamly öňe barýarys.

Biz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerimize, türkmen halkynyň beýik ogly hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň: «Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz,//Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat» diýen pähimine eýerip, dünýä halklary we ýurtlary bilen dost-doganlyk ýollaryny gurýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa hem-de Amerika ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýarys. Bularyň ählisi mähriban halkymyzy, Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, Bitarap döwletimiziň dünýädäki ornuny pugtalandyrmakda täze belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Hormatly adamlar!

Sizi mukaddes Gurban baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny arzuw edýärin. Mübärek Gurban baýramy günlerinde beren gurbanlyk sadakalaryňyz, eziz Watanymyzyň bagtyýarlygy, il-günümiziň abadançylygy üçin eden doga-dilegleriňiz, iň gowy arzuw-umytlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

16.06.2024
Şweýsariýanyň hem-de Ispaniýanyň 3 golly 3 utugy

17-nji Ýewropa çempionatynyň 2-nji gününiň ilkinji 2 duşuşygynda Şweýsariýanyň hem-de Ispaniýanyň ýygyndylary garşydaşlarynyň derwezelerinden 3 gol geçirdiler.

«A» toparçada Şweýsariýanyň ýygyndysy saýlama tapgyrda üstünlikli oýun görkezen wengerleri 3-1 hasabynda ýeňip, çempionata şowly başlady. Şweýsariýalylara ýeňiş getiren gollary 12-nji minutda Kwadwo Dua, 45-nji minutda Mişel Ebişer hem-de oýna soň giren, möwsümiň agramly bölegini şikesde geçiren Bril Embolo geçirdi. Wengriýanyň ýeke-täk goluny bolsa 66-njy minutda Barnabis Warga öz adyna ýazdyrdy.

Güýçli ýygyndylaryň üçüsini özünde jemleýän «B» toparçanyň 1-nji oýnunda Ispaniýa bilen Horwatiýa duşuşdy. Berlinde geçirilen bu oýunda eýýäm 1-nji ýarymda ispanlar 3 gol geçirmegiň hötdesinden geldi. 29-njy minutda tapawutlanan Alwaro Morata çempionatyň taryhyndaky häzirlikçe iň köp gol geçiren 3-nji futbolçy boldy (8 gol). Duşuşygyň 32-nji minutynda Fabian Ruiz hasaby 2-0-a çykardy. 45+2-nji minutda-da ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda gatnaşýan Dani Karwahal geçirdi. 2-nji ýarymda horwatlaryň tagallasy ýeterlik bolmady. Oýnuň 79-njy minutynda penaltini salyp bilmedik Petkowiç derwezesinden gaýdan topy soň tora dürs gönükdirdi. Ýöne emin bu goly VAR-yň görkezmesi boýunça hasaba alynmady. 3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýanyň indiki duşuşygy Italiýa bilen bolar. Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Lamin Ýamal çempionatyň taryhynda oýnan iň ýaş futbolçy boldy (16 ýaş 338 gün).

Berlinde geçirilen bu oýunda eýýäm 1-nji ýarymda ispanlar 3 gol geçirmegiň hötdesinden geldi. 29-njy minutda tapawutlanan Alwaro Morata çempionatyň taryhyndaky häzirlikçe iň köp gol geçiren 3-nji futbolçy boldy (8 gol). Duşuşygyň 32-nji minutynda Fabian Ruiz hasaby 2-0-a çykardy. 45+2-nji minutda-da ilkinji gezek Ýewropa çempionatynda gatnaşýan Dani Karwahal geçirdi. 2-nji ýarymda horwatlaryň tagallasy ýeterlik bolmady. Oýnuň 79-njy minutynda penaltini salyp bilmedik Petkowiç derwezesinden gaýdan topy topardaky dagyň daşyndan soň tora saldy. Ýöne emin VAR-yň görkezmesi boýunça gol hasaba alynmady.3-0 hasabynda ýeňiş gazanan Ispaniýanyň indiki duşuşygy Italiýa bilen bolar. Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan Lamin Ýamal çempionatyň taryhynda oýnan in ýaş futbolçy boldy (16 ýaş 338 gün).

16.06.2024
1 ... 39 40 41 42 43 ... 55